Türkmenistanda walýuta alyş-çalşygy kynlaşdy

Türkmenistanyň walýuta bazarynyň ýagdaýy we dollar alyş-çalşygyna degişli kynçylyklar barada ýurduň milli habar serişdelerinde habar berilmedi.

Türkmenistanda walýuta alyş-çalşygynda problemalaryň bardygy habar berilýär. Täze ýylyň öňüsyrasynda ilat arasynda amerikan dollaryny satyn almaga isleg güýçlendi we walýuta alyş-çalşygyna degişli düzgünlere käbir çäklendirmeler girizildi.

Türkmenistandan gowuşýan maglumatlara görä, şu günler ýurtda elindäki dollaryny manada öwürmäge isleg bildirýänler örän az. Harytlaryň bahasynyň dollarda hasaplanýanlygy üçin walýutanyň näresmi öwrülişigi ýüze çykyp başlady.

Türkmenistanda 30-njy dekabrdan başlap, amerikan dollaryny satyn almak isleýänlere döwletiň alyş-çalyş nokatlarynda 1 müň dollar möçberinde, banklarda bolsa 10 müň dollara çenli pul çalyşmak mümkinçiliginiň döredilenligini ýerli žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýew aýdýar.

D.Ýazgulyýew uly möçberde pul çalyşýanlara esasan bäş dollarlyk ownuk pul berilýänligini belleýär: “Öňküler ýaly iri banknotly amerikan dollarlary dolanyşykda ýok. Nobatlar henizem uzyn. Müň dollardan köp çalyşýanlara uşak 5-lik amerikan dollaryny gaty köp berýärler”.

Emeli çäremi?

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň öňki ýolbaşçysy Hudaýberdi Orazowyň sözlerine görä, daşary ýurt walýutasyna talabyň artmagy ilat arasynda ýurduň milli puluna bolan ynamyň peselýänligini aňladýar.

H.Orazow manadyny satyp, dollar satyn alýanlara ownuk puluň berilmegine, umuman pul çalşygyna, islendik çäklendirmeleriň girizilmegine adamlaryň dollar satyn almak islegini gowşatmak we oňa päsgelçilik döretmek üçin çäre hökmünde garaýar.

“Türkmenistanyň maliýe pudagyna seretsek, onuň ýagdaýy gowy. Şonuň üçin adamlaryň çalyşmak isleýän pullaryny dollara öwrüp bermäge-de doly mümkinçilik bar. Ýöne hökümetiň başyndakylar bilgeşleýin adamlara dürli kynçylyklary döredýärler. Nyýazow döwründe-de şeýle-di, häzirem” diýip, H.Orazow aýdýar.

Milli walýuta bazarynyň ýagdaýy ýurduň umumy maliýe-ykdysady ýagdaýyna göni bagly bolup durýar. Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň akademigi Rejep Baýramow ýurduň walýuta kursunyň emeli ýagdaýda saklanýanlygyny belläp, munuň inflýasiýa howpuny güýçlendirýänligini aýdýar.

“Umuman alnanda, inflýasiýa hökman bolaýmaly. Öň ilkibaşda bir dollar iki manat diýip berdiler, soň bir dollar 25 müňe ýetdi, soň bir dollara 14 müň 250 manat diýdiler. Häzir ony entek saklap durlar. Bankda zapas dollar bolmaly. Şonuň hasabyna ol häzir saklanyp dur azda-kände” diýip, R.Baýramow belleýär.

“Obýektiw sebäp ýok”


H.Orazow häzir Türkmenistanyň ozalky ýyllara garanda has amatly maliýe-ykdysady şertlerine eýedigini belleýär. Ol ýurduň gaz eksportynyň möçberi soňky ýylyň dowamynda öňküsinden azalan hem bolsa, gazyň bahasynyň gymmatlamagynyň, ýurduň walýuta girdejileriniň durnukly derejede saklanmagyny üpjün edýänligini aýdýar.

Bank pudagynyň öňki işgäri H.Orazow şeýle ýagdaýda ýüze çykýan maliýe problemalaryň döremegine nädogry dolandyryşyň sebäp bolýanlygyny öňe sürýär: “Türkmenistanda, hasam şu döwürde inflýasiýa dörär ýaly obýektiw sebäp ýok. Maliýe ýagdaýy gowy. Ýöne, meniň pikirimçe, hökümetiň edýän köp işi halka, ýurda zelel berýär”.

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň öňki ýolbaşçysy H.Orazowyň pikirine görä, türkmen hökümetiniň iň uly ýalňyşy: onuň dünýä tejribesinde bar bolan düzgünleri ýöretmek, kanunlary düzüp, olary işletmek ýaly halkara düzgünlere eýermeýänligi bilen bagly.

Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň akademigi Rejep Baýramow ýurduň maliýe bazarynyň durnuksyzlygynyň sebäbini ykdysady hem-de syýasy sistemalaryň heniz hem düýpli özgermän galýanlygynda görýär.

“Döwletiň gurluşynda-da, sistemanyň dolandyrylyşynda-da hiç hili üýtgeşiklik geçenok. Şol öňki zatlar gaýtalanyp dur, ýöne ýok zady öwüp otyrlar. Dollaryň inflýasiýa tarap gitjegine hiç hili şübhe ýok, eger şu gidişine gidilse. Döwletiň gurluş strukturasyny üýtgedip, uprawleniýe sistemasyny üýtgetmeseler, halky mülkdar etmeseler, ol saklanjak däl. Hiç hili gowulanýan zat ýok” diýip, R.Baýramow aýdýar.

Türkmenistanyň walýuta bazarynyň ýagdaýy we dollar alyş-çalşygyna degişli kynçylyklar barada ýurduň milli habar serişdelerinde habar berilmedi. Bu barada yurduň resmileriniň çykyşlarynda hem agzalmady.