Ýewropa barada öçýän umytlar

1950-1960-njy ýyllarda çagakam meniň mekdep okuw kitaplaryndan Ýewropanyň rowaýatlardaky ýaly bir täsin ýerdigi barada okandygym ýadyma düşýär.

Öz döwründe Birinji Jahan urşunda weýran edilen we böleklere bölünen Osman Imperiýasyny täze bir respublika hökmünde dikeltmäge çalşan Mustafa Kemal Atatürk Gresiýanyň armiýasyna garşy hem söweşmeli bolupdy.

Günbatara tarapdar reformalar


Emma, muňa garamazdan, birneme soňra onuň öz goşunyna daýanyp amala aşyran sosial we medeni reformalary Günbatara garşy däl-de, Günbatara tarapdar reformalar bolup çykypdy. Ýöne onuň esasy maksady - şol reformalara kanuny esas bermekdi. Şeýle çemeleşme hem täze Türkiýe döwletiniň täze elitasynyň kuwwatly bir güýje öwrülmegine ýardam edipdi.

Hut şol reformalar hem soňky segsen ýylyň dowamynda dowamly çekişmeleriň temasyna öwrülip geldi.

Orhan Pamuk
Meniň çagalyk ýyllarymdaky okuw kitaplary bize döwlet bilen diniň arasynda näme sebäbe araçägiň goýlandygyny, derwişler öýlerini ýapmaklyk ýaly çäreleriň näme sebäbe zerur bolandygyny, ýa-da, aýdaly, näme sebäbe biziň arap elipbiýini terk edip, latyn elipbiýine geçendigimizi düşündirmek ýaly maksatlar bilen düzülen kitaplardy.

Şol bir wagtyň özünde, ol kitaplar Ýewropanyň uly güýjüniň we ösüşiniň sebäpleriniň syrlaryny-da bize açyp görkezmegi maksat edinýärdi.

Meniň taryh mugallymymyň ekzamen wagty bize ýüzlenip: «Hany, Ýewropadaky täzeden döreýiş prosesiniň maksatlaryny we netijelerini düşündirip ber» diýýändigi ýadyma düşýär. Ýa-da, liseýdäki meniň klasdaşlarymyň: «Bizem arap ýurtlary ýaly uly nebit baýlygynyň üstünde oturan bolanlygymyzda, biz edil ýewropalylar ýaly baý we döwrebap bolup bilerdikmi?» diýşip, biri-birlerine türkana sorag berişleri ýadyma duşýär.

Ýöne belli bir döwürde biziň hatda iň bir tutanýerli «Günbatary ýigreniji» akyldarlarymyzy we syýasatçylarymyzy-da özüne maýyl edip bilen Ýewropa baradaky röwşen arzuwlar soňky wagtlar ýitip ugrady.

Belki, munuň sebäbi Türkiýäniň ozalky garyplygyndan aýňalyp, baý döwlete öwrülmegi bilen baglydyr. Belki-de, bu indi Türkiýäniň öz armiýasy tarapyndan dolandyrylýan daýhan jemgyetli däl-de, öz ýakasyny özi düzedip bilýän güýçli graždan jemgyýetli döwletdigi üçin şeýledir.

Ynam ýok

Ýöne, her nähili bolanlygynda-da, häzirki wagt Ýewropa tarapynda-da, Türkiýede-de bu ýurduň ýakyn geljekde Ýewropa Bileleşigine goşulyp biljekdigine çynlakaý bir ynam ýok.

Meniň pikirimçe, Türkiýe bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky ýakymsyzlyga esasy sebäp bolup gelen güýç -Türkiýäniň içindäki harby güýçleri, esasy media serişdelerini, milletçi syýasy partiýalary öz içine alýan özboluşly bir alýans. Bularyň hemmesi bilelikde Türkiýäniň Ýewropa Bileleşigine girmegi baradaky gepleşikleri başa bardyrmazlyk üçin örän üstünliki kampaniýa alyp bardylar.

Maňa we köpsanly beýleki ýazyjylara garşy jenaýat işiniň gozgalmagyna-da, käbir adamlaryň atylmagyna-da, dini missionerleriň we hristian ruhanylarynyň öldürilmegine-de hut şu gürrüňi edilýän alýans jogapkär.

Emma, şol bir wagtyň özünde, soňky wagtlar bärden Ýewropa giňişligine seredeniňde, ozaly bilen göze ilýän zat Ýewropanyň, umuman, öz içerki meseleleri bilen başagaý bolup ýörendigi.

Amerikalylar bilen deňeşdirilende, Ýewropanyň adamlarynyň «dini başgalar», «reňki başgalar» ýa «medeniýeti başgalar» bilen goňşuçylykda ýaşamak meselesinde tejribeleriniň juda azdygy göze dürtülýär.

Hemmesinden ýamany-da - immigrasiýa garşy syýasatçylaryň, syýasatlaryň we tarapgöý köne düşünjeleriň Ýewropany «Ýewropa» eden esasy gymmatlyklary indi weýran edip ýörenligidir.

Eger Ýewropa öz howpsuzlygyny goramakçy bolýan bolsa, onda, eýsem, ol öz-özüne has içginräk seretse, ýagny, belli bir döwürde tutuş dünýäniň intellektuallaryny özüne çeken öz fundamental gymmatlyklaryny ýadyna salsa has bähbitli bolmazmydy?

Orhan Pamuk türk ýazyjysy, 2006-njy ýylyň edebiýat boýunça Nobel baýragynyň eýesi. Ilki başda Britaniýanyň “The Guardian” gazetinde çap edilen bu kommentariýadaky pikirler awtoryň özüne degişli.