Sintetiki öýjükler barada eşidipmidiňiz? Mikroskopik robotlara näme diýersiňiz? 2010-njy ýylda ylmy fantaziýalar hakykata öwrüldi.
Eger-de ylmy fantastika ýazyjylary 2010-njy ýylda özleriniň pikirleriniň alymlar tarapyndan ogurlanandygyny aýdaýsalar, olaryň bu pikiri bilen ylalaşmazlyk mümkin bolmasa gerek.
Sintetiki öýjük
Mysal üçin, Amerikada ýerleşýän J.Creýg Wenter institutynyň alymlary tarapyndan alnyp barylýan barlag adam genomyny öwrenmek boýunça meşhurlyk gazanan biolog tarapyndan amala aşyrylýar.
Maý aýynda habar beriş serişdeleri Wenter institutynyň maglumatlaryna salgylanyp, alymlaryň genetiki usullar bilen gözegçilik edip bolýan we adam eli bilen ýasalan sintetiki öýjügi oýlap tapandyklaryny aýtdylar.
"Bu biziň planetamyzda duşup bolaýjak, öz-özüni täzeläp bilýän ilkinji bir görnüşdir. Onuň atasy kompýuter. Şeýle hem bu özüniň genetiki kodunda web sahypasana eýe bolan ilkinji görnüşdir" diýip, Wenter aýdýar.
Inženerler tarapyndan oýlanyp tapylan bu bakteriýa görkezme hökmünde ýasalandan soň kompýuter programmasyna ýazyldy. Soňra ol DNA (Dezoksiribonuklein kislotasy) segmentlerine öwrülip, içi boş öýjüge ýerleşdirildi.
Bu usul jedelleriň merkezinde duran sintetiki biologiýanyn döwrebap ulgamynda uly täzelik boldy. Häzirki wagtda birnäçe kompaniýalar ýangyç ýa-da waksina öndürmek üçin adam eli bilen ýasalan emeli organizmleri öwrenýärler.
"Mikroskopik robot"
Bu täzelikden birnäçe güň öň Britaniýanyň “Nature” atly žurnaly ABŞ-nyň dört uniwersiteniniň alymlaryndan düzülen toparyň möýe meňzeýän mikroskopik ‘roboty’ oýlap tapandyklaryny mälim etdi. Alymlar bu robotýn geljekde rak keseliniň öýjüklerini ýok edip biljekdigini we dykyn alan arteriýa damarlaryny arassalap biljekdigini aýdýarlar.
Aýaklary DNA süýmlerinden, bedeni bolsa proteinden ýasalan jandar diametriň bir metriniň dört milliardda bir bölegini ölçäp bilýär. Şeýle hem ol öýjügiň içinde himiki signallar arkaly hereket edip, öz daşyndan aýlanyp bilýär. Ozalky görnüşler diňe birnäçe ädim ädip bilýän bolsalar, bu model 50 ädime çenli ýöräp bilýär.
Eger-de sintetiki öýjükler we molekulýar robot üçin DNA-nyň üýtgedilmegine adaty bolmadyk ýagdaý hökmünde garalýan bolsa, organizmiň häsiýetini kodlaýan malekulalar barasynda öň bar bolan garaýyşlaryň düýbünden nädogry bolup çykmagy alymlar üçin has hem geň boldy.
Täsin bakteriýa
Dekabr aýynyň başynda ABŞ-nyň Milli aeronawtika we kosmos administrasiýasynyň (NASA) biologlary bakteriýanyň aýratyn bir görnüşi baradaky öz ylmy işlerini köpçülige mälim etdiler.
Kaliforniýa kölünde ýaşaýan bu bakteriýa zäherleýji ukyba eýe bolan myşýakdan emele gelýär. Bu bakteriýa zäherden diňe bir energiýa alman, hatda myşýagy özüniň DNA öndürijisine hem birikdirýär. Bu proses ýaşaýyş üçin iňňän möhüm bolan molekulanyň öň çak edilmedik ýagdaýda emele gelmegine getirýär.
Bu açyş ençeme alymlar bilen bir hatarda Massaçusetts Tehnoligiýa Institutyndan (MIT) Sara Sigeri hem geň galdyrdy: "Bu diýseň uly açyş. Sebäbi biz şu wagta çenli ýaşaýşy emele getirýän alty sany element bardyr öýdýärdik, emma olaryň arasynda myşýak ýokdy".
Soňra Siger şeýle diýýär: “Bakteriýanyň diňe bir myşýak bilen iýmitlenmek ýa-da onuň bilen dem almak we bilelikde ýaşamak bilen çäklenmän, ony öz DNA-synyň bir bölegi hökmünde ulanmagy ylmy fakt däl-de fantastika ýaly bolup görünýär".
NASA-nyň alymlary ýaşaýşyň şeýle adaty bolmadyk şertlerde dowam etmeginiň beýleki planetalarda ýaşaýan jandarlary tapmak mümkinçiligini has hem artdyrýandygyny aýdýarlar.
Äpet Hadron Kollaýderi
Planetamyzdan başga ýerlerdäki ýaşaýşy gözleýän pursatymyzda älemiň beýleki syrlaryna hem göz ýetirmek mümkin bolarmyka? Bu bolsa Äpet Hadron Kollaýderiniň iň esasy maksady. Ol Fransiýanyň we Şweýsariýanyň serhedinde gömülen 10 millard dollarlyk ýadro çaltlandyryjysy.
Bu proýektiň üstünde işleýän alymlar fizika degişli açyşlaryň garaşylandan has çalt amala aşyrylýandygyny aýdýarlar. Şu ýyl olar ilkinji gezek maddanyň täsin ýoldaşy bolan anti-maddanyň atomlaryny synlamagy başardylar.
Şol atomlaryň sekundyň ondan iki bölegine barabar bolan wagtyň dowamynda synlanylmagy, olaryň öwrenilmegi älemiň döreýişi baradaky esasy tapmaçalaryň käbirleriniň çözülmegine kömek edip biler.
3D tehnologiýasy
Şeýle hem alymlar geljek ýyl özleriniň goşmaça ölçegleriň bardygyny subut edip biljekdiklerini çak edýärler. 3 ölçegli (3D) telewizorlaryň satuwa çykarylmagy bilen, laboratoriýa bilen dahyly bolmaýan adamlar goşmaça ölçegleri görmek üçin köp garaşmaly bolmadylar.
Britaniýanyň "Sky" telewizion kanaly Ýewropada ilkinji bolup, oktýabr aýynda özüniň 3 ölçegli kanalyny öz tomaşaçylaryna hödürledi. Mundan birnäçe gün soň "Virgin Media" öz tomaşaçylaryna 3 ölçegli filmleri hödürledi.
3 ölçegli telewizorlar gymmat bahadan satylýar, olaryň bahasy 5,000 amerikan dollaryna barabar. Emma olary köne tehnologiýalar bilen utgaşdyrmak kyn bolansoň, “Toshiba” we “Panasonic” ýaly uly elektronika kompaniýalary 3 ölçeg boýunça ylmy barlaglara diýseň uly maýa goýýarlar. Şol kompaniýalar geljek ýyllaryň dowamynda tehnologiýanyň has hem ösjekdigini öňe sürýärler.
Bu barada Wired.com atly tehnologiýa boýunça Web sahypasynyň ýazyjylaryndan Braýn Çen şeýle diýýär: "Häzirki wagtda bu kategoriýa ýaş, bahalar bolsa biraz çişirilen. Emma geljek 3-5 ýylyň dowamynda bu telewizorlaryň bahasynyň şu wagtky adaty telewizorlaryň bahasy bilen deňleşmegi mümkin. Eger şeýle bolsa, onda biz munuň alyjylara ýetirip biljek hakyky täsirini görup bileris".
IPad kompýuterleri
2010-njy ýylda alyjylar kompýuter tehnologiýasy boýunça ýetilen sepgitlerden hoşal boldular. Bary-ýogy birňäçe santimetr galyňlykda bolan kompýuterler ulanyjylara syçanjyga we klawiatura derek duýgur ekranlaryň tehnologiýasyny hödürledi.
Bu kompyuterleriň bahasy 500 amerikan dollaryndan başlanýar. Olar ulanyjylara örän köp goşmaça aýratynlyklary berýärler, şeýle hem olar noutbuklara alternatiwa hökmünde ykjamlygy hödürleýärler.
Çeniň aýytmagyna görä, “Apple” kompaniýasynyň planşet kompýuteri bolan IPad şeýle önümlere ymtylýanlar üçin ýörite standartlary belledi we täze rekord goýmagy başardy.
"Meniň pikirimçe, 2010-njy ýyl planşet kompýuteriň ýyly boldy. “Apple” kompaniýasynyň ilkinji IPad kompýuterini ulanyjylara hödürlemegi hakykatdan hem üstünlikdir, bu alyjylara gowy täsir etdi. Kompaniýa 2010-njy ýylyň birinji çärýeginde 4 million IPad satmagy başardy, bu hakykatdanam öran uly mukdar” diýip, Çen aýdýar.
Soňra ol şeýle diýýär: “Apple kompaniýasy özüniň IPhone önümini satuwa çykarandan soň, ol ýylyň birinji çärýeginde 1 million IPhone satmagy başardy. Muny IPad önüminiň satuwy bilen deňeşdirsek, onda IPad kompýuteriniň çykmagyny alyjylar diýseň hoşallyk bilen garşy aldylar".
Beýleki täzelikler
IPad arkaly internetde Web sahypalaryny we ýylyň täzeliklerini görmek bolýar. Şeýle täzelikleriň arasynda deňiz jandarlarynyň arasynda geçirilen ýazuw netijesinde anyklanan tolkunlaryň astynda ýaşaýan jandarlaryň ýagdaýyny görmek mümkin.
Şeýle hem siz 3,7 milliard ýylyň dowamynda sagadyň takyklygyny 1 sekunt hem üýtgetmän saklap biljek orän duýgur sagatlaryň oýlanyp tapylandygy barada okap bilersiňiz. Bu gözkeziji häzirki adaty sagatlaryň halkara takyklyk standartyndan 40 esse ýokarydyr.
Mundan başga-da, siz 2010-njy ýylyň saglyk pudagyna degişli iň täsin wakalaryny, şol sanda AIDS (SPID) wirusynyň ýaýramagyna garşy göreşde esasy öňegidişlik diýlip hasaplanyp bilinjek açyşlar barada okap bilersiňiz.
Düzümine tenofowir (TDF) atly derman goşulan ýatgy geliniň Günorta Afrikada synagdan geçirilmegi AIDS infeksiýasyny 40 essä golaý azaldyp boljakdygyny görkezdi, bu hem täzelik.
Şu ýyl ylymda we tehnologiýada bolşy ýaly, saglygy saklaýyşdaky täze oýlap tapyşlar hem esasy täzelikleriň arasynda boldy. Mysal üçin, köplenç kelle agyra garşy ulanylýan aspiriniň rak keseliniň ençeme görnüşleriniň öňüni almaga ukyplydygy mälim boldy.
Beýik Britaniýada geçirilen barlaglar her gün az mukdarda içilen aspiriniň içegede we aşgazanda döreýän rak keselleri we bu keseliň beýleki görnüşleri sebäpli ýüze çykýan ölümleriň sanyny azaltmagyň mümkindigini görkezdi.
Şeýle açyşlar myşýak bilen bilelikde ýaşap bilýan bakteriýa ýaly ýaşaýşy adaty bilşimizden başgaça kesgitlemese-de, olaryň hem ýaşaýyş üçin ähmiýeti diýseň uly.