Mobil spekulýasiýasy

«Altyn asyryň» müşderileriniň birden köpelip başlamagy netijesinde, bu mobil operatorynyň aragatnaşygy juda ýaramazlaşdy.

Häzirki wagtda ýurduň çäginde ýeke-täk mobil hyzmatyny berýän «Altyn asyr» öýjükli kärhanasynyň filiallary adamlardan ýaňa hyň berýär. «Altyn asyryň» abonenti bolmak üçin telefon belgisini almaga isleg bildirýänleriň nobaty juda uly.

Nomer belgisini almak üçin nobata durýanlar sebäpli, ozaldan özünde bar bolan «Altyn asyr» belgisine pul salmaga kassa barýan müşderiler hem kösençlik çekýärler.

«Altyn asyr» öýjükli kärhanasynyň her filialynda polisiýanyň işgärleriniň goýlandygyna garamazdan, uzak wagtlap nomer almak üçin nobata durýan müşderileriň arasynda dawa-jenjeller, uruş-sögüşler ýüze çykýar.

Şunuň ýaly kyn ýagdaýlarda spekulýantlar hem öz bähbitlerini arap başlaýarlar. Uzak wagtlap telefon belgisine nobata durmakdan ýaltanýan kişilere spekulýantlar öz hyzmatlaryny hödürleýärler.

Häzirki wagtda spekulýantlar başy 80065 bilen başlanýan, ýagny şäherara belgisiniň üsti bilen çykylýan «Altyn asyryň» sim kartasyny 100 manatdan, şäher belgisinden göni çykyp bolýan belgileri 300 manatdan ýa-da 100 amerikan dollaryndan satýarlar. «Altyn asyryň» özünde bu sim kartalaryň bahasy 3 manat.

22-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin ýaýradan maglumatynda ýurtda mobil aragatnaşyklaryny özbaşdak ýola goýmak üçin ähli mümkinçilikleriň bardygy, munuň üçin ýerli kadrlaryň ýetikerlikdigi aýdylýar.

Emma «Altyn asyryň» müşderileriniň birden köpelip başlamagy netijesinde, bu mobil operatorynyň aragatnaşygy ýaramazlaşdy. Ulgamyň içinde jaňlaşmakda müşderiler kösençlik çekýärler. «Altyn asyryň» filiallarynda müşderilere hyzmat edýän artykmaç kassalar açylmaýar. Şu sebäpden hem nobatyň yzy üzülmeýär.

Döwlet eýeçiligindäki "TürkmenTelekom" kompaniýasynyň "Altyn Asyr" mobil aragatnaşygy kärhanasy 2004-nji ýylyň 22-nji iýunynda döredilipdi.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.