21-nji dekabrda sagat 00.00-dan başlap, Orsýetiň MTS mobil kompaniýasy Türkmenistanda öz aragatnaşyk hyzmatlaryny togtatdy.
Hepdäniň duşenbe güni, ýagny 20-nji dekabrda MTS-iň Türkmenistandaky 2 milliondan gowrak abonentleri 21-nji dekabrdan aragatnaşygyň hyzmatlarynyň wagtlaýynça togtadylýandygy baradaky SMS habarlaryny aldylar.
MTS kompaniýasynyň berýän maglumatlaryna laýyklykda, 15-nji dekabrda ýurduň aragatnaşyk ministrligi 21-nji dekabrdan amerikan kompaniýasy bolan Barash Communications Technologies, Inc. (BCTI) kompaniýasyna Türkmenistandaky aragatnaşyk hyzmatlary üçin berlen lisenziýasyny bir aýlyk togtadýandygyny habar beripdir. BCTI MTS-iň Türkmenistandaky golçur kärhanasydyr.
Türkmenistanyň mobil aragatnaşygy bazarynda MTS öňdebaryjy kompaniýadyr. Onuň ulgamy ýurduň 85 prosenti bilen örtülendir. Türkmenistanyň 14 şäherinde MTS-iň 38 ofisi we 500 sany hyzmatdaş dükanlary bar. Şu ýyl MTS-iň Türkmenistandaky abonentleriniň sanynyň 2 milliondan geçendigini «Sistema» aksioner korporasiýasynyň ýolbaşçysy Leonid Melamed prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşygynda habar beripdi.
MTS Türkmenistanda ýurduň aragatnaşyk ministrligi hem-de BCTI bilen bilelikde 2005-nji ýylyň noýabrynda üçtaraplaýyn gol çekilen şertnamanyň esasynda öz işlerini amala aşyryp gelýärdi. Bu üçtaraplaýyn şertnamanyň möhleti bolsa şu ýylyň 21-nji dekabrynda tamamlandy. Şertnama laýyklykda, MTS bir aý öňünden özüne berlen lisenziýasynyň möhletini uzaltmak barada ýurduň Aragatnaşyk ministrligine ýüz tutanda, kompaniýa ol ýerden möhletiň uzaldylmagy baradaky tassyknamany alyp bilmedi.
Ýurduň hökümeti MTS bilen bagly hereketleri babatda kommentariýa bermekden saklanýar. Türkmenistanda ýüze çykan ýagdaý bilen baglylykda, MTS-iň öz hukugyny goramak üçin elinde baryny aýamajakdygy barada aýdylýar.
Sebäp nämede?
MTS bilen bagly şeýle wakanyň ýüze çykjakdygy baradaky maglumatlar eýýäm iki aý mundan öň peýda boldy. Kompaniýanyň mobil aragatnaşyk hyzmatlarynda ilki başda ýüze çykyp başlan nogsanlyklara tehniki näsäzlyklar sebäp boldy diýlip habar berlen hem bolsa, munuň baş sebäbi MTS-iň mobil bazaryndaky esasy we ýeke-täk bäsdeşi «Altyn asyr» öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň maliýe krizisine sezewar bolmagy bilen düşündirilýär.
Döwlete degişli bolan «Altyn asyr» öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň müşderileri MTS-e garanyňda juda az. Munuň sebäbi kärhananyň mobil hyzmatynyň pesligindedir. «Altyn asyr» ulgamy ýurduň çetki etraplary üçin elýeterli däl. Aragatnaşygynyň hili bolsa juda öwerlikli däl. Şeýle kemçilikleri bolany üçin ýurduň raýatlary MTS-iň abonentleri bolanyny kem görmeýärler.
Ýurduň ähli ýerlerinde aragatnaşyk enjamlaryny goýmak üçin «Altyn asyr» kärhanasyna ummasyz pullar gerek bolýar. Müşderileriniň az bolmagy bolsa diňe bir aragatnaşyk enjamlaryny satyn almakda däl, eýsem kärhananyň işgärlerini aýlyk haklary bilen üpjün etmekde-de bökdençlik döredýär.
Häzirki wagtda işgärleriniň aýlyk haklaryny üzmek üçin «Altyn asyr» öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň ýurduň banklaryndan köp mukdarda karz alandygy barada maglumatlar mälim edilýär.
3G internet ulgamy
Ýurduň aragatnaşyk ministrliginiň MTS-iň lisenziýasyny şu ýylyň 21-nji dekabryndan bir aýlyk saklamak baradaky gelen karary «Altyn asyryň» müşderileriniň tizden-tiz artmagyna getirip başlady. MTS-iň müşderileri eýýäm üç gün bäri «Altyn asyryň» sim-kartalaryny satyn almak üçin nobata durýarlar. «Altyn asyryň» nomerlerini almaga baran adamlaryň nobaty juda uly.
MTS umytdan düşenok
Halkara metbugatlarynda öňe sürülýän başga bir çaklama görä, Türkmenistanyň hökümeti MTS kompaniýasynyň girdejisinden töleýän pulunyň has köp bölegini almak isleýän bolmagy mümkin. Häzirki wagt MTS girdejisiniň 20 prosentini Türkmenistanyň býujetine geçirýärdi.
Öz gezeginde MTS hem müşderilerini ýitirmezlik üçin elinden gelenini aýamaýar. Ol öz müşderileri üçin 21-nji dekabra çenli ähli giriş jaňlaryny mugt etdi. 21-nji dekabrdan soň telefonlary öçürilen müşderileriň ählisiniň balansyndaky pullaryň öňküligine saklanyp galjakdygyny, ulgam täzeden herekete girizilen badyna müşderä balansyndaky pulunyň üstüne 20% goşuljakdygy barada kompaniýa abonentlerine habar berýär.
Balansyndaky galan pullary yzyna almak isleýän müşderiler MTS-iň ofisine baryp, kompaniýa bilen baglaşylan şertnamany ýatyransoň, şondan soň hasabyndaky puly gaýtaryp bilerler.
MTS kompaniýasynyň Moskwadaky baş edarasynyň metbugat gullugynyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, kompaniýanyň aragatnaşyk hyzmatlarynyň dowam etdirilmegi ugrunda häzirki wagtda türkmen hökümeti bilen gepleşikler dowam etdirilýär.
Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
MTS kompaniýasynyň berýän maglumatlaryna laýyklykda, 15-nji dekabrda ýurduň aragatnaşyk ministrligi 21-nji dekabrdan amerikan kompaniýasy bolan Barash Communications Technologies, Inc. (BCTI) kompaniýasyna Türkmenistandaky aragatnaşyk hyzmatlary üçin berlen lisenziýasyny bir aýlyk togtadýandygyny habar beripdir. BCTI MTS-iň Türkmenistandaky golçur kärhanasydyr.
Türkmenistanyň mobil aragatnaşygy bazarynda MTS öňdebaryjy kompaniýadyr. Onuň ulgamy ýurduň 85 prosenti bilen örtülendir. Türkmenistanyň 14 şäherinde MTS-iň 38 ofisi we 500 sany hyzmatdaş dükanlary bar. Şu ýyl MTS-iň Türkmenistandaky abonentleriniň sanynyň 2 milliondan geçendigini «Sistema» aksioner korporasiýasynyň ýolbaşçysy Leonid Melamed prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşygynda habar beripdi.
MTS Türkmenistanda ýurduň aragatnaşyk ministrligi hem-de BCTI bilen bilelikde 2005-nji ýylyň noýabrynda üçtaraplaýyn gol çekilen şertnamanyň esasynda öz işlerini amala aşyryp gelýärdi. Bu üçtaraplaýyn şertnamanyň möhleti bolsa şu ýylyň 21-nji dekabrynda tamamlandy. Şertnama laýyklykda, MTS bir aý öňünden özüne berlen lisenziýasynyň möhletini uzaltmak barada ýurduň Aragatnaşyk ministrligine ýüz tutanda, kompaniýa ol ýerden möhletiň uzaldylmagy baradaky tassyknamany alyp bilmedi.
Ýurduň hökümeti MTS bilen bagly hereketleri babatda kommentariýa bermekden saklanýar. Türkmenistanda ýüze çykan ýagdaý bilen baglylykda, MTS-iň öz hukugyny goramak üçin elinde baryny aýamajakdygy barada aýdylýar.
Sebäp nämede?
MTS bilen bagly şeýle wakanyň ýüze çykjakdygy baradaky maglumatlar eýýäm iki aý mundan öň peýda boldy. Kompaniýanyň mobil aragatnaşyk hyzmatlarynda ilki başda ýüze çykyp başlan nogsanlyklara tehniki näsäzlyklar sebäp boldy diýlip habar berlen hem bolsa, munuň baş sebäbi MTS-iň mobil bazaryndaky esasy we ýeke-täk bäsdeşi «Altyn asyr» öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň maliýe krizisine sezewar bolmagy bilen düşündirilýär.
Döwlete degişli bolan «Altyn asyr» öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň müşderileri MTS-e garanyňda juda az. Munuň sebäbi kärhananyň mobil hyzmatynyň pesligindedir. «Altyn asyr» ulgamy ýurduň çetki etraplary üçin elýeterli däl. Aragatnaşygynyň hili bolsa juda öwerlikli däl. Şeýle kemçilikleri bolany üçin ýurduň raýatlary MTS-iň abonentleri bolanyny kem görmeýärler.
Ýurduň ähli ýerlerinde aragatnaşyk enjamlaryny goýmak üçin «Altyn asyr» kärhanasyna ummasyz pullar gerek bolýar. Müşderileriniň az bolmagy bolsa diňe bir aragatnaşyk enjamlaryny satyn almakda däl, eýsem kärhananyň işgärlerini aýlyk haklary bilen üpjün etmekde-de bökdençlik döredýär.
Häzirki wagtda işgärleriniň aýlyk haklaryny üzmek üçin «Altyn asyr» öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň ýurduň banklaryndan köp mukdarda karz alandygy barada maglumatlar mälim edilýär.
3G internet ulgamy
Döwlete degişli bolan «Altyn asyr» öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň müşderileri MTS-e garanyňda juda az.
«Altyn asyr» öýjükli aragatnaşyk kärhanasy mobil bazarynda özüniň monopolistik häsiýetini şu ýylyň mart aýynda hem görkezipdi. Ýaz paslynyň başynda «Altyn asyr» 3G internet ulgamyny müşderilerine hödürledi. Ýöne MTS kompaniýasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 3G ulgamyny müşderilere «Altyn asyrdan» has öň hödürlemäge mümkinçiligi bardy, emma ýurduň aragatnaşyk ministrligi MTS-e bu hyzmatyň lisenziýasyny şu ýylyň noýabryna çenli bermekden saklandy.Ýurduň aragatnaşyk ministrliginiň MTS-iň lisenziýasyny şu ýylyň 21-nji dekabryndan bir aýlyk saklamak baradaky gelen karary «Altyn asyryň» müşderileriniň tizden-tiz artmagyna getirip başlady. MTS-iň müşderileri eýýäm üç gün bäri «Altyn asyryň» sim-kartalaryny satyn almak üçin nobata durýarlar. «Altyn asyryň» nomerlerini almaga baran adamlaryň nobaty juda uly.