Eýran sünni söweşjeň toparynyň 11 agzasyny asyp, jezalandyrdy

Eýranyň resmileriniň berýän maglumatyna görä, şu gün sünni söweşjeň toparynyň 11 agzasy asmak jezasy arkaly öldürlipdir.

Bu topar 15-nji dekabrda Eýranda janyndan geçen adamyň özüni partlatmagynyň jogapkärçiligini öz üstüne alypdy. Şol partlamada 39 adam ölüpdi we onlarça adam ýaralanypdy.

Sistan-Baluçestan welaýat administrasiýasynyň adalat bölüminiň başlygy Ebrahim Hamidi şol 11 adamyň “Jundallah” toparynyň agzalarydygyny aýtdy.

Şeýle-de, Ebrahim Hamidi olaryň terror hüjümlerinde, polisiýa bilen çaknyşyklarda we adaty raýatlary öldürmekde elleriniň bardygyny hem mälim etdi.

“Jundallah” topary sünni söweşjeň topary Eýrandaky azlyk sünni musulmanlarynyň kemsidilmegine garşy göreşýädigini aýdýar.