Belarus saýlawlary gohly boldy

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Belarus saýlawlary dawaly geçdi


Belarusyň prezidenti Aleksandar Lukaşenko ýekşenbe güni dawaly geçen saýlawlarda çakdanaşa ýokary görkezijiler bilen ýeňiş gazandy diýlip yglan edildi. Bu gezek Aleksandar Lukaşenko dördünji möhlete prezident saýlandy.

Şu gün Belarusyň Merkezi Saýlaw Komissiýasynyň başlygy Lidiýa Ýermoşina ses bermäge gatnaşan ilatyň 80 prosente golaýynyň Aleksandr Lukaşenko ses berendigini yglan etdi.

Ýöne bu saýlawlaryň netijesi özi bilen uly protest çykyşlaryny we özara çaknyşyklary-da getirdi. Öten agşam polisiýa we näbelli howpsuzlyk güýçleri paýtagt Minskde saýlawlaryň netijesine protest bildirip demonstrasiýa çykan müňlerçe adamlara garşy gazaply güýç ulanyp, olary dargytdylar.

Wakada howpsuzlyk güýçleri dürre taýaklar bilen adamlary ýençdiler we ýüzlerçe adamy tussag etdiler. Urlup-ýenjilen we tussag edilen adamlaryň arasynda prezidentlige dalaş eden kandidatlardan hem birnäçesi bar.

Netijeler nägilelik döredýär

Protestçiler öz çykyşlarynda prezidentlik saýlawlarynyň barşynda Aleksandr Lukaşenkonyň ýeňiji diýlip yglan edilmegi üçin häkimiýetler tarapyndan giň gerimde galplyklaryň amala aşyrylandygyny öňe sürdüler.

Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenka ses bermäge barýar, Minski, 19-njy dekabr.
Bu saýlawlaryň öňýany geçirilen birnäçe garaşsyz pikir soralyşyklar Aleksandr Lukaşenkonyň ilatyň bary-ýogy 30 prosent töweregi sesini aljakdygyny görkezipdi. Bu bolsa, onuň kanun boýunça ýeňiji diýlip yglan edilmegi üçin zerur bolan 50 prosent sesden hem azdygyny aňladýar.

Öten agşam Minsk şäheriniň merkezindäki «Oktýabr» meýdançasyna ýygnanan protestçileriň sany kem-kem köpelip, ahyrky netijede ol 20 müň töweregi adamlyk uly mähellä öwrüldi.

Başda adamlaryň demonstrasiýasy ümsüm başlan-da bolsa, birneme soňra käbir protestçileriň hökümet binasyny zabt etmek üçin eden synanyşyklarynyň netijesinde, ol garpyşykly bulagaýçylyga öwrüldi.

Hökümet binasyna hüjüm eden adamlaryň binanyň penjirelerini we gapylaryny döwdüler. Tiz wagtdan binanyň daşyny halka bilen gurşan howpsuzlyk güýçleri protestçileri dürre taýaklar bilen ýenjip we olary maşynlara salyp, alyp gidip başladylar.

Howpsuzlyk güýçleriniň ýençmekleri netijesinde prezidentlige dalaşgärlerden biri, 64 ýaşly Uladzimir Nýaklýaýew huşundan gitdi we ol dessine tiz kömek ulagynda keselhana alnyp gidildi. Uladzimir Nýaklýaýewiň aýaly Wolha birneme soňra äri huşuna gelenden soň, adaty graždan geýimindäki adamlaryň bir toparynyň ony güýç bilen keselhanadan alyp gidendiklerini aýtdy.

Minskdäki wakalarda howpsuzlyk güýçleriniň hüjümlerini wideo ýazga geçirýän käbir žurnalistlere-de hüjüm edildi.

Ýiti tankyt edildi

Häkimiýetleriň protestçilere garşy gazaply güýç ulanmagyny şu gün käbir daşary döwletleriň we guramalaryň resmileri tankytlap çykyş etdiler.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Belarus saýlawlary gohly boldy


Şu gün Ýewropa Bileleşiginiň daşary gatnaşyklar bölümi öz ýaýradan beýanatynda «ençeme oppozisiýa liderleriniň we prezidentlige kandidatlaryň urulmagyny we tussag edilmegini» berk ýazgarýandygyny nygtapdyr.

Bileleşigiň daşary gatnaşyklar bölüminiň başlygy Katerin Aşton tussaglykdaky prezidentlige kandidatlaryň haýdan-haý azatlyga goýberilmegine çagyryş etdi.

Bu wakalary tankytlap çykyş edenleriň hatarynda Ýewropa Parlamenti, Polşanyň we Litwanyň Daşary işler ministrlikleri, Birleşen Ştatlaryň Belarusdaky ilçihanasy hem bar.

Bu prezidentlik saýlawlaryndan öň Ýewropa Bileleşigi Belarusda demokratik prinsiplere esaslanýan talabalaýyk saýlawlaryň geçirilen halatynda, Belarusa 3 milliard dollar maliýe ýardamyny berjekdigini yglan edipdi.

Indi Bileleşigiň göz öňünde tutýan bu ýardamynyň ykbaly Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň Belarusdaky saýlawlar barada ýaýratjak hasabatyna bagly bolar diýlip garaşylýar.