Çary Aşyr 100 ýaşady

Aşgabadyň merkezinde, türkmen ýazyjy- şahyrlaryna bagyşlanyp açylan seýilgähde Çary Aşyrowyň heýkeli goýulmady.

“Ganly saka”, “Garry serdar”, “Yzçy”, “Ekizler” we başga-da proza we poeziýa žanrynda ençeme eser döreden Türkmenistanyň halk ýazyjysy Çary Aşyrow gezip ýören bolsa 10-njy dekabrda 100 ýaşyny toýlardy. Halypa ýazyjy 2003-nji ýylda 93 ýaşap ýogaldy.

Çary aga klassyk ýazyjysy diýsek öte geçdigimiz bolmaz. Ol türkmen kärdeşleriniň arasynda iň uzak ýaşan we iň köp iri eser döreden ýazyjydyr. Çary Aşyrow poeziýa dünýäsinde-de ýokary ussatlyga ýeten şahyrdyr.

Çary aganyň “Ganly saka” poemasy ilkinji gezek 1948-nji ýylda çap edilýär. Bu poemada türkmenleriň tire-taýpalarynyň arasynda suw üstünde barýan konfliktler örän çeper suratlandyrylýar.

Çary aganyň poeziýasy barada gürrüň edilende, onuň Beýik watançylyk urşy ýyllarynda döreden “Ermeni gyzy” atly goşgusyny agzap geçmezlik mümkin däl. Sebäbi bu goşgudaky waka onuň özi liriki gahryman bolup gatnaşýar.

“Ýadymda däl aýdan sözlerniň bary,
Şulary ýat tutdum şol günden bäri:
“Adym Nina – diýdi, - özüm ermeni”,
Şol gyz halas etdi ölümden meni.
Nirde sen, eý Nina, ermeni gyzy,
Gezsem taparmykam bütin Soýuzy?!”


Çary Aşyr 1910-njy ýylyň 10-njy dekabrynda Aşgabadyň etegindäki Köşi obasynda dogulýar. Çary heniz dört ýaşyndaka onuň kakasy tire-taýapa dawalary sebäpli wepat bolýar. Bu wakany ýazyjy “Arçynyň gülküsi” atly hekaýasynda beýan edýär.

Çary Aşyrowyň doganoglany, ýazyjy Aman Kekilowyň mazary.
Ýaşlykdan ýetim galan Çary öz doganoglanlary, türkmenleriň tanymal ýazyjylary Aman we Şaly Kekilowlar bilen bile oýnap ösýär. Kekilowlaryň iň uly doganlary Seýit Kekilowyň gyzy Annasoltan Kekilowa bolsa türkmenleriň belli şahyry bolup ýetişýär.

Çary Aşyrow rus edebiýatyny türkmen diline terjime edip, okyjylara ençeme belli şahyrdyr ýazyjylaryň kitaplary bilen tanyşmaga uly mümkinçilikleri döredýär. Olardan Nekrasowyň, Puşkiniň, Lermontowyň, Maýakowskiniň, Marşagyň, Lew Tolstoýyň, Çehowyň, Gogolyň, Griniň we başgada birnäçe ýazyjylaryň atlaryny getirip bolar.

Çary Aşyrow Sowet Soýuzynyň soňky ýyllarynda has önümli işleýär. Uzak ýyllaryň dowamynda türkmen edebiýatynda XIX asyrda ruslaryň türkmeleri basyp alanlygy hakyndaky temalardan eser ýazmak diňe bir gadagan bolman, eýsem ony agzamak hem örän howply hasaplanýardy. Garaşsyzylygyň ilkinji ýyllarynda Çary aga bu tema uly üns berýär.

1993-nji ýylda Çara aga bilen duşuşypdym. Şonda ol maňa “Ata-babalarymyz” ady bilen uly eser döredenligini aýdypdy. Ol eser Gökdepe söweşine bagyşlanypdy. Çary aganyň gürrüň bermegine görä, eser şol wakalara gatnaşan adamlar bilen baryp 1930-njy ýyllarda geçirilen gürrüňdeşlik esasynda ýazylypdyr we ol ony köp ýyllaryň dowamynda gizläp saklapdyr. Gynansagam, ol eser häzirki güne çenli okyjylara ýetirilmedi. Onuň esasy sebäpleriniň biri - Saparmyrat Nyýazowyň ýöreden syýasatyny ýaşuly ýazyjynyň öz ýanyndan goldamanlygy bilen düşündirilýär.

Çary Aşyrow ömrüniň ahyryna çenli öz galamany elinden düşürmedi. Ömrüniň soňky ýyllarynyň dowamynda ol ençeme tomdan ybarat, awtobiografik eserini hem döretdi. Ol eserde 1930-njy ýyllaryň aldym-berdimli günleri hakynda, repressiýanyň möwç alan ýyllary barada gürrüň edilýär.

Aslynda Çary Aşyrowyň 100 ýaş toýy kiçiräk makala bilen ýatlanman, uly toý çäresi bilen bellenmelidi. Dekabr aýyna çenli muňa uly umyt bilen garaşdym. Emma umydym puja çykdy. Bu biparhlyga ýurduň prezidenti günäkär däl. Sebäbi ony türkmen ýazyjylary gurnamalydy. Emma olar näme üçindir ony agzamakdan saklandylar.

Aşgabadyň merkezinde, türkmen ýazyjy-şahyrlaryna bagyşlanyp açylan seýilgähde Çary Aşyrowyň heýkelem goýulmady. Iň gelşiksiz ýeri, ýakynda Çary Aşyrowyň aýaly ýogaldy. Şol habaram köpçülige ýetmän galdy. Naçary Gökdepäniň Ýaňgala obasynyň gonamçylygynda, ýazyjynyň ýanynda jaýladylar.

Türkmen halky öz topragynda Çary Aşyrow ýaly beýik ýazyjynyň ýaşap geçendigine buýsanmalydyr. Geljek nesil onuň eserlerini çap eder diýip, men çyn ýürekden ynanýaryn.

Gurbangeldi Töräýew aşgabatly intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy, synçy. Bu makalada öňe sürlen pikirler awtoryň özüne degişli.