“Biz ýeňşiň mirasdarlary”

W.Kriworotenko: "Gynansak-da, geçen urşa gatnaşan adamlar, tylda agyr zähmet çekenler barha azalyp barýar".

Moskwada ýerleşýän “My nasledniki pobedy”, ýagny “Biz ýeňşiň mirasdarlary” proýekti Orsýetıň Ýaragly Güýçleriniň Merkezi muzeýinde Rus-türkmen öýüniň, Orsýetdäki türkmen diasporasynyň we studentleriniň gatnaşmagynda nobatdaky hatyra çäresini geçirdi.

Çäräniň guramaçysy we ýolbaşçysy, hökümete degişli bolmadyk “Mužestwo i gumanizm” halkara bileleşiginiň başlygy Wasiliý Georgewic Kriworotenko bilen Azatlyk Radiosynyň žurnalisti Gözel Hudaýberdiýewa söhbetdeş boldy.

G.Hudaýberdiýew: Wasiliý Georgewic, 11-nji dekabrda guramaňyz tarapyndan geçirilen duşuşyk barada gürrüň berseňiz?

W.Kriworotenko: Biz halkara çäresini geçirýäris. “Biz ýeňşiň mirasdarlary” guramasynyň göz öňünde tutuýan baş maksady geçen urşa gatnaşan adamlaryň çagalarynda hem agtyklarynda, umuman,ýaşlarda watançylyk hem ahlak terbiýesini güýçlendirmek.

Gynansak-da, geçen urşa gatnaşan adamlar, tylda agyr zähmet çekenler barha azalyp barýar. Olaryň terbiýeçilik göreldesiniň öwezini dolmak üçin, biz ýeňşiň mirasdarlarynyň edermenligine ýüzlenýäris. Ýaragly güýçleriň Merkezi muzeýinde geçirilen duşuşyk hut şeýle çäreleriň biridir. Moskwadaky Rus-türkmen öýüniň bilelikde geçiren bu duşuşygy öňki çäreleriň dowamy boldy. Ol Ýeňiş baýdagynyň öňünde surata düşmekden başlandy. Ýöne bu gezek täze, has takyk meseläniň üstünde duruldy.

Alnyp barylýan gözleg işleriniň netijesinde prezident Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowyň atasy Beýik Wayançylyk urşuna gatnaşyjy bolup çykdy. Ol 2-nji Ukrain frontunyň 206-njy dwiziýasynyň 748-njy atyjylyk polkunda söweşipdir. Şol polkuň söweş baýdagy Ýaragly güýçleriň Merkezi muzeýinde saklanýar. Biz Rus-türkmen öýüniň, türkmen diasporasynyň hem Moskwada okaýan türkmen studentleriniň teklibini goldap, şol baýdagyň alnynda surata düşmegi gurnadyk.

G.Hudaýberdiýew: Ýaragly güýçleriň Merkezi muzeýinde geçirilen bu çäräniň maksady nämeden ybarat boldy?


W.Kriworotenko: Ol türkmen ýaşlarynyň, studentleriniň hem intelligensiýasynyň inisiatiwasyny goldamak maksady bilen geçirildi. Ol bolsa biziň halkara bileleşigimiz tarapyndan başlanypdy.

G.Hudaýberdiýew: Duşuşyga kimler gatnaşdy?

W.Kriworotenko:
Bu çärä Moskwanyň bäş ýokary okuw jaýynyň studentleri, Türkmenistanyň intelligensiýa wekilleri, Türkmenistandan dürli sebäpler bilen çykyp gaýdyp, häzir Russiýada ýaşaýanlaryň wekilleri gatnaşdylar. Mundan daşary-da baýdagyň öňünde surata düşmek dabarasyndan soňra, söweşe gatnaşan adamlar, olaryň ýadygärliklerini ebedileşmek barada gürrüň boldy. Rus-türkmen öýüniň haýyşy bilen men çykyş etdim. Oturanlara seredenimde, men şol ýeňşiň mirasdarlarynyň gözlerini gördüm we bu hakda aýtdym.

G.Hudaýberdiýew: Agzalan diwiziýada we polkda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasyndan başga türkmenler hem söweşipdi. Olar barada sizde nähili maglumatlar bar?

W.Kriworotenko: Hawa. Başga türkmenleriň hem söweşendigi belli. Häzir gözleg işleri dowam edýär. Oglanlar Goranmak ministrliginiň baş arhiwi bilen ýakyn aragatnaşykda. Häzir söweşe gatnaşanlaryň sanawlary takyk barlanýar. Bu iş uzak möhleti nazarda tutýar. Häzir 2-nji Ukranin frontunyň komanduýuşisi marşal Koneýiz gyzy Natalýa Konewa diri. Belki-de, 206-njy diwiziýanyň komandirleriniň çagalary diridir diýip, umyt edýäris. Belki, şol polkuň komandiriniň nesilleri diridir. Ýagny, bu bir uzak möhleti öz içine alýan örän uly iş.

G.Hudaýberdiýew: Türkmen diasporasynyň we türkmen studentleriniň gatnaşmagynda geçirilen bu duşuşygyňyza Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasynyň wekilleri gatnaşdymy? Olar çagyryldymy?

W.Kriworotenko: Biz ilçihananyň wekillerini çagyrdyk. Hiç kim gelmedi, iň bolmanda, ilçihananyň wekillerinden hiç biri meniň gözüme ilmedi. Ýogsam bolmasa, biz olara mydama çakylyk ýollaýarys. Ilçiniň özüni - Halnazar Amannazarowiçi bolsa aýratyn çagyrdyk. Şeýle çäreler geçirilende, ilçihana çakylyk ýolamak indi birinji gezek däl. Ýöne biziň çakylygymyz, sypaýyçylykly aýdylanda, äsgerilmeýär. Ýöne bu gezek aýratyn bir buýruk bolmadyga meňzeýär. Oňa student ýaşlar gelip bildiler.

Meniň ýene bir gezek nygtasym gelýär, bu çäre hemmeleri tolgundyrdy, hatda Ýeňiş baýdagynyň hormat garawulynda duran, boýy iki metre ýetýän rus soldatlary hem tolgundylar. Olaryň atalary faşizme garşy göreşde biziň erkinligimizi hem azatlygymyzy goradylar. Onsoňam, gürrüň öň bar bolan, häzirem bar we geljekde-de dowam etjek dostluk hakda gitdi.