Gyrgyzystanyň parlamentinde koalisiýa döredildi

Düýn Gyrgyzystanyň parlamentinde üç partiýadan ybarat hökümet koalisiýasyny düzmek boýunça ylalaşyga gelindi.

Mundan öň koalisiýa düzmek meselesini “Sosiýal-demokratik” partiýasy başarmandy. Mundan soňra, prezident Roza Otunbaýewa koalisýa düzmek üçin “Respublika” partiýasyna ýüz tutupdy.

“Respublika” partiýasynyň beren maglumatlaryna görä, bu partiýanyň parlamentdäki deputatlary “Sosiýal-demokratik” we “Ata-Žurt” partiýalary bilen özara ylalaşyp, parlament koalisiýasyny düzüpdirler.

Gyrgyzystanda 10-njy oktýabrda geçirilen saýlawlaryň netijesinde parlamentiň düzümine bäş partiýa girmegi başarypdy. Emma şol partiýalaryň hiç biri sesleriň ýeterlik köpçüligini gazanyp bilmändi.

Häziriki döredilen koalisiýa parlamentdäki 120 orundan 77-sini eýelär.