Ýakynda Aşgabatda TOPH proýekti boýunça ylalaşyga gol çekildi. Emma bu proýekt heniz bir topar päsgelçiligi ýeňip geçmeli.
15 ýyldan gowraga çeken gepleşiklerden soň, ýakynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gazgeçirijisi barada ylalaşyga gelindi. Emma, bu proýekt bir topar päsgelçiligi hem ýeňip geçmeli bolup dur. Şol sanda, ony maliýeleşdirmek meselesi hem entek çözlenok. Bularyň üstesine, geçirijiniň çekilmekçi bolunýan ugry dünýäniň iň bir gyzgyn nokadynyň içinden geçýär.
Türkmenistanyň, Owganystanyň, Pakistanyň we Hindistanyň ýokary derejeli resmileri sebitiň energiýa ýagdaýyny üýtgetmegi wada berýän gazgeçirijisini gurmak baradaky ylalaşyga gol çekilende, Aşgabatda güler ýüz bilen umytly çaklamalar aşa köp boldy.
Emma bu dört ýurt 15 ýyla çeken gepleşiklerden soň TOPH baradaky ylalaşyga gol çekensoňam, ol geçirijiniň çekilmegini bökdeýän esasy mesele çözülmän ýatyr. Ol hem dünýäniň iň bir gowgaly ýerlerinden geçmeli geçirijiniň howpsuzlygyny üpjün etmek meselesidir.
Wadalar bar, emma…
Owgan prezidenti Hamid Karzaý Aşgabatda 11-nji dekabrda bolan gol çekişlik dabarasynda eden çykyşynda bu geçirijiniň, planlaşdyrylyşy ýaly, 2014-nji ýylda işe girizilmegine böwet bolýan esasy päsgelçiligi agzaman bilmedi. Ol Owganystanyň bu geçirijiniň gurulýan wagtynda hem, gurluşyk tamamlanandan soň hem howpsuzlygy üpjün etmek üçin güýç gaýgyrmajagyny aýtdy.
Ýurduň magdanlar we senagat ministri Wahidulla Şahrani biraz soň bu wadany has-da berkitdi: «Bu äpet proýekt Owganystan üçin örän möhüm. Geçirijini goramak üçin onuň ugrunda 5 müňden 7 müňe çenli howpsuzlyk güýçleri ýerleşdiriler».
Bu «äpet» proýekt diňe Owganystan üçin möhüm däl. Türkmenistan öz ummasyz möçberdäki tebigy gazyndan köpräk nagt pul gazanmak islese, Pakistan bilen Hindistan goşmaça energiýa resurslaryna mätäç. Onsoň taraplaryň ählisiniň islegleriniň we talaplarynyň birikmegi soňky aýlarda TOPH planlaryny biraz öňe iterdi. Ýöne bu iteriş diňe diplomatik we bilermenleriň maslahatlary derejesinde boldy.
Londandaky “Chatham house” barlaglar merkeziniň Orsýet-Ýewraziýa programmasynyň kiçi ylmy işgäri Annett Bohr TOPH baradaky gepleşikleriň uzaga çekdirilmegi bilen bu geçirijiniň çekilmeli ýerindäki reallyklaryň hem ýitileşendigine ünsi çekýär.
Ol, hususan-da, şeýle diýýär: «Bu ýerde ol geçirijiniň gurulmagyny gaty isleýän oýunçylaryň ählisi jemlenen, ýöne muňa garamazdan, biz asla gowulaşmadyk howpsuzlyk ýgdaýy bilen hem ýüzbe-ýüz bolýarys. Hakykatda bu ýerde howpsuzlyk meselesi erbetleşmese, gowulaşanok».
Howpsuzlyk uly mesele bolup dur
TOPH geçirijisiniň 1680 kilometr ýoly (käbir çeşmelerde 1735 kilometr diýilýär) günorta Türkmenistandan başlanyp, Owganystanyň Hyrat welaýatynyň içinden günorta uzap, soňra Kandagar welaýatyna ýetýänçä günorta-gündogara tarap egrelmeli.
Kandagar Owganystandaky Talyban hereketiniň ruhy paýtagty bolan ýer. Bu şäher hem-de onuň töwerekleri hökümete we daşary ýurt goşunlaryna garşy Talyban pitneçiliginiň merkezi bolup galýar.
2012-nji ýylda gurlup başlanmakçy bolunýan TOPH geçirijisiniň şu bölekleri howpsuzlyga gezek gelende esasy alada döredýän ýerlerdir.
“Chatham house” barlaglar merkeziniň eksperti Annett Bohr bu barada şeýle diýýär: «NATO arkalanýan Kabul hökümeti bilen entek ýurduň bir topar ýerinde gujurly hereket edýän Talybanyň arasynda dowam edýän urşuň jümmüşinde Owganystanyň içinden gazgeçirijisini gurmak aňsat bitjek iş däl».
Owganystanyň magdanlar we senagat ministri Wahidulla Şahrani bu proekt bilen bagly täze iş ýerleriniň döremegi, täze elektrik hem ýyladyş çeşmeleriniň peýda bolmagy ýerli halkyň goldawyny almak üçin ýeterlik bolar diýýär. Onuň pikiriçe, ýerli halk bu geçirijiniň hözirini görüp başlasa, ol Talybandan ýüz öwrer. Ýöne synçylar hut şu sebäpden Talybanyň bu geçirijiniň gurulmagyna päsgelçilik döretjekdigini aýdýarlar.
Annett Bohr geçirijiniň ilkinji turbalary çekilmezden öň onuň öňünde keserjek ýene bir meselä - bu gurluşygy maliýeleşdirmek meselesine hem ünsi çekýär. Aziýa ösüş banky TOPH-y maliýeleşdirmäge kömek etmegi wada berdi, ýöne bu proýekti maliýeleşdirmek wezipesi esasan hususy maýadarlaryň boýnuna atyldy.