Obada alada ýeterlik

W.Ýerofeýew: “Türkmenistanda hakyky ýagdaý esasynda sosial-ykdysady programmalary düzmeli”.

Şu hepde oba-hojalygyny ösdürmek boýunça Halkara Fondy obanyň garyplygy boýunça ýyllyk hasabatyny çap etdi.

Dünýäniň dürli ýurtlary boýunça oba ýerlerindäki garyplyga, onuň sebäplerine we geljege ýetirýän täsirlerine, garyplygy ýok etmegiň ýollaryna giňişleýin syn berýän hasabatyň bu sanynda oba ýerlerindäki garyplygyň uly problemadygy bellenilýär we şu günki gün dünýäde oba ýerlerinde ýaşaýan 1.4 milliard adamyň garyplykda ýaşaýanlygy aýdylýar.

Hasabatda Merkezi Aziýa döwletlerine, şol sanda Türkmenistana Aziýa we Ýuwaş okean regionynyň düzüminde umumy baha berilýär.

Oba-hojalygyny ösdürmek boýunça Halkara Fonduň Täjigistandaky koordinatory Hafiz Muminjanowyň sözlerine görä, Merkezi Aziýa döwletleri barada hasabatda takyk maglumatyň berilmezligi Fonduň regionda çäkli iş alyp barýanlygy bilen baglanyşykly bolmagy mümkin.

H.Muminjanowyň sözlerine görä, Oba hojalygyny ösdürmek boýunça Halkara Fondy garyplygy azaltmak maksadyna gönükdirilen işleri alyp barýar. Täjigistan 1994-nji ýyldan bäri bu Fonduň agzasy we Fond Täjigistanda iki proýekti amala aşyrýar. Gyrgyzystan boýunça proýekte-de häzirki wagt taýýarlyk görülýär. Özbegistan Fonda agza bolmaga taýýarlanýar. Türkmenistan hem heniz bu Fonda agza däl.

Oba-hojalygynyň ösüşi boýunça Halkara Fondunyň resmi maglumatyna görä, 165 agza ýurtdan ybarat bu Halkara Fonda BMG-niň agzalaryndan islendik ýurt goşulyp bilýär.

Türkmenistanyň aýratynlygy

Türkmenistanyň Mary welaýatynyň ýaşaýjysy Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde: “Pes hojalyklar kän. Hiç ýerden bir manat pul gelmän, ýandak çapyp, satyp, odun çapyp, satyp eklenip oturan hojalyklar bar. Aýlyk-günlükleri ýok, ýerleri hem ýok. Ýa işläre iş ýok. Aýlyk berlenok. Şonuň ýaly hojalyklar kän” diýip, oba ýaşaýjylarynyň şu günki kynçylyklaryny suratlandyrdy.

Türkmenistanly başga bir daýhan zenan ýer işläp eklenýän daýhanlaryň soňky ýylda alan hasyly üçin hasaplaşyk öten ýylkydan birneme ganymat bolansoň, bu gezek ol özüniň, iň bolmanda, bergili bolup çykmandygyny aýtdy. Ol daýhanlaryň ýeke-täk girdeji çeşmesi bolan hasyl gazanjynyň olara gün görmek üçin ýetmeýändigini tekrarlaýar.

“Ýetmese-de, gün görüp ýör-dä adamlar. Malymyz bar. Azajyk sygyr saklaýarys, goýun saklaýarys, şonuň bilen günümizi görýäris” diýip, ol Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Türkmenistanyň köp ýerlerinde oba ýaşaýjylarynyň durmuşynyň gowulanmagyna päsgel berýän kynçylyklaryň arasynda gaz we suw ýetmezçiligi barada-da aýdylýar.

Obany nädip ösdürmeli?

Türkmenistanyň hökümetiniň oba-hojalygy boýunça öňki geňeşçisi Wladimir Ýerofeýewiň pikirine görä, ýurduň oba-hojalygyny we oba ýerlerini ösürmek üçin ilkinji nobatda hakyky ýagdaýa baha bermek we beýleki ýurtlar bilen deňeşdirip, netije çykarmak zerur.

Wladimir Ýerofeýew Türkmenistanyň oba ilatynyň ýaşaýan şertlerini, bar bolan kynçylyklaryny, girdeji derejesini we çeşmelerini öwrenip, hakyky ýagdaý esasynda sosial-ykdysady programmalary düzmek ýaly çäreleriň zerurdygyny nygtady.

W.Ýerofeýewiň pikirine görä, sosial problemalary çözmek üçin ilata erkinlik bermeli, oba-hojalyk önümçiliginde hususy telekeçilige ýol açmaly.

Türkmenistanda oba ýerlerini ösdümek, oba ýaşaýjylarynyň durmuş derejesini gowulandyrmak maksatnamalary hökümetiň yglan edýän reformalarynyň çäginde yzygiderli öňe sürülýär. Emma, türkmen hökümetiniň öňki geňeşçisi W.Ýerofeýewiň pikirine görä, bu ugurdaky ädimleriň netijeli bolmagy üçin hökümet açyk-aýdyňlyga eýerip, her bir problema aýratyn çemeleşmeli we takyk çäreleri işläp düzmeli.

Onuň sözlerine görä, Türkmenistanyň oba-hojalygynyň ýapyklygy we korrumpirlenenligi pudaga goýberilýän maliýe serişdeleriniň sarp edilişiniň galplaşdyrylmagyna, çykdajylaryň çişirilmegine amatly mümkinçilik döredýär.

Hususan-da, Türkmenistan tarapyndan oba-hojalyk tehnikalarynyň hakyky zawod bahasyndan satyn alynman, ençeme esse gymmat bahadan satyn alynmagy yaly galplyklaryň ýörgünli düzgündigini Wladimir Ýerofeýew belleýär. Onuň pikiriçe, Türkmenistanyň hökümetiniň öz programmasyny takyklamagy, ýagny, öz häzirki maksatlaryny we geljekde etmekçi bolýan işlerini takyk kesgitlemegi zerur.