On ýyl mundan ozal Merkezi Aziýada düýbi tutulan Özbegistanyň Yslam hereketi öz gurlan regionyndan ýüzlerçe kilometr günortada ýerleşýän Päkistanyň Weziristan welaýatynda köp özgermeleri başdan geçirdi.
Özbegistanyň Yslam hereketi (ÖYH) indi özbek režimini agdaryp, onuň ýerinde yslam döwletini gurmak isleýän bir kiçijik söweşiji topar däl. Ol bu gün täsiri giňden ýaýran, has uly maksatlara ymtylýan bir güýçli gurama öwrüldi. Bu özgerişlere on ýyl mundan ozal hiç kim garaşmandy.
2000-nji ýylda “Demirgazyk alýansyň” serkerdesi Ahmad Şah Masuda garşy hüjüminde Talybany goldamak üçin Merkezi Aziýadan Owganystana geçen ÖYH 2001-nji ýylyň noýabrynda Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylygyndaky uruşlardan gaçyp, Päkistanyň demirgazyk-günbatar welaýatyna baryp sygyndy.
Nädip täze güýje öwrüldi?
Özüniň merkezi aziýaly müňlerçe söweşijileri bilen “Al-Kaýda”, Päkistandaky talybanlar we Päkistanyň beýleki jihadçy toparlary ýaly guramalaryň güýjüne güýç goşsa-da, Özbegistanyň Yslam hereketiniň ilki-ilkiler ady kän çykmandy. Iň soňunda Peşawaryň golaýynda ýerleşýän region Şabgadarda 2008-nji ýylyň fewral aýynda bir bombanyň partlamagy bu hereketiň täze güýje öwrülendigini görkezdi.
Bu hüjümde nyşana alnan dünýewi pikirli puştun syýasatçysy Afrasiýab Hattakdy. Ol indi senator we “Milli Awamy” partiýasynyň başlygy.
“‘Al-Kaýdanyň’ ýolbaşçylary arap bolsalar-da, onuň hataryny doldurýan merkezi aziýalylar. Bular özbek, çeçen we Orsýetiň günorta regionlaryndaky musulmanlardan. Köpüsi uzak wagtlap bu ýerde ýaşan adamlar däl. Olara Merkezi Aziýadan täze adamlar gelip goşulýarlar. Onsoň, demirgazyk Owganystana geçip, Merkezi Aziýa hem hüjüm edýärler” diýip, Afrasiýab Hattak belleýär.
Bu ýagdaýlar Özbegistanyň Yslam hereketiniň asyl formasynda bolmasa-da, öz asyl watanyna dolýanýandygyny görkezýär. Päkistanly žurnalist Ahmad Raşidiň garaýşyça, bu herekete indi bir bütewi organ diýip garap bolanok.
Köp zatlar üýtgedi…
“Köp zatlar üýtgäne meňzeýär. Ilki bilen olar köp toparlara bölünipdirler. Merkezi Aziýada indi ençeme topar bar. Olar ÖYH-den bölünip çykana meňzeýär. Mysal üçin, ‘Yslam jihad birligi’ we ‘Merkezi Aziýa talybany’ ýaly toparlar bar. Bularyň nähili formirlenendigini bilemzok. Ýöne bu işi bu toparlara kontrollyk üçin ‘Al-Kaýdanyň’ döreden bolmagy ähtimal” diýip, päkistanly žurnalist Ahmad Raşid belleýär.
Merkezi Aziýadaky režimler bu toparyň ýa beýleki jihadçy toparlaryň hüjümlerine ozalam uçramadykdan däl. Ýöne olaryň hiç biriniňem söweşde tejribe toplan duşman bilen ýüzbe-ýüz bolasy gelenok.
Päkistanyň prezidenti Asif Ali Zardarynyň metbugat sekretary Farhatullah Babaryň aýtmagyna görä, Özbegistan bolsun, Türkmenistan ýa Täjigistan, parhy ýok, Päkistanyň bu ýurtlar bilen gatnaşyklarynda birinji orunda söweşjeň toparlardan abanýan howpuň öňüni almak meselesi durýar. Ol: “Ýöne serhetleriň gowşakdygy we regionda jenaýatçylyga esaslanýan ykdysadyýetiň giň gerim alandygy sebäpli bu işde Päkistanyň eli bagly” diýýär.
“Hemmesinden hem möhüm zat - bu söweşjeň toparlaryň hereketine we maliýe girdejisine kontrollyk etmekdir. Olar nireden maliýeleşdirilýär? Neşe söwdasyndan. Şol sebäpden, neşe söwdasynyň öňi alynmaly. Söweşjeň toparlaryň erkin hereket edip bilmezligi üçin serhetlere gözegçilik güýçlendirilmeli” diýip, Päkistanyň prezidenti Asif Ali Zardarynyň metbugat sekretary Farhatullah Babar nygtaýar.