“WikiLeaks” strategik infrastrukturalary aýan edýär

"Tankytçylar 'WikiLeaks'-iň bu sanawy çap etmek bilen, çäkden çykandygyny belleýärler..."

“WikiLeaks” dünýä ýüzündäki infrastruktura degişli gizlin sanawy çap etdi. Bu obýektleri Waşington ABŞ-nyň milli howpsuzlygy üçin örän möhüm hasaplaýar.

Tankytçylar “WikiLeaks”-iň bu sanawy çap etmek bilen, çäkden çykandygyny belleýärler we bu sanawyň terrorçylyk hüjümleri üçin esasy nyşanalaryň sanawyna öwrülip biljekdigini aýdýarlar.

Bu sanaw terrorçylaryň eline düşen ýagdaýynda ABŞ-nyň milli howpsuzlygyna güýçli wehim salyp biljek dünýädäki infrastrukturalaryň esasy ýerlerini öz içine alýar.

Bu obýektler Kanadadan Beýik Britaniýa çenli giňişliklerde, Kawkazda, Ýakyn Gündogarda, Afrikada we Hytaýda ýerleşýär.

Sanaw şeýle-de Orsýeti Ukraina, Belorus we Merkezi Ýewropa döwletleri bilen birleşdirýän dünýäde iň uzyn “Družba” nebit gaz geçirijisini hem öz içine alýar.

Orsýetiň nebit eksportynyň iki terminaly hem ABŞ-nyň strategik milli bähbitleriniň sanawyna girýär. Bu terminallaryň biri Orsýetiň Gara deňizdäki Noworossiýsk portunda, beýlekisi Fin aýlagyndaky Primorsk portunda ýerleşýär.

2009-njy ýylyň fewral aýyna degişli bu diplomatik hat “WikiLeaks”-iň internetde çap eden iň gawaly dokumentleriniň biri.

Bu dokument “WikiLeaks”-i esaslandyryjy 39 ýaşly Julian Assanjyň daşynda turan syýasy dawa-jenjeli hasam güýçlendirdi.

Assanjyň hereketleri derňelýär

“WikiLeaks” ABŞ-da jenaýat derňewlerine sebäp boldy. Derňewleriň maksady ýaýradylan 250 müňden gowrak gizlin diplomatik hatlaryň “WikiLeaks”-iň eline düşen ýollaryny anyklamakdan we munuň kanunlara näderejede gabat gelýändigini kesgitlemekden ybarat.

Diplomatik hatlar nebit we gaz geçirijilerini, kommunikasion merkezleri, deňiz terminallaryny, derman we himiýa zawod-fabriklerini hem şahtalary öz içine alýar.

Tankytçylar çap edilen maglumatlaryň terrorçylyk üçin obýektler bolup durýandygyny belleýärler we “WikiLeaks”-iň bu hereketiniň terrorçylygy goldamak boýunça jenaýatçylyga degişli bolmagynyň mümkindigi baradaky garaýyşlary hem döredýär.

Tankytçylaryň biri, Britaniýanyň öňki goranmak we daşary işler ministri Malkolm Rifkind “ýaýradylan soňky maglumatlar terrorçylary gyzyklandyrýan informasiýalary köpçüligiň dykgatyna ýetiren ‘WikiLeaks’-iň jenaýatçylyga ýakyn jogapkärçiliksizliginiň täze subutnamasy boldy” diýip belledi.

Awstraliýa gorag berermi?

6-njy dekabrda Awstraliýanyň Baş Federal prokurory Robert Makklellandyň aýtmagyna görä, Julian Assanj Awstraliýanyň raýaty hökmünde ýurduň daşary ýurtlardaky wekilhanalarynyň ýardamyndan peýdalanyp biler.

“Ýüzbe-ýüz bolup biljek islendik jenaýat aýyplamalarynyň hakykata gabat gelip-gelmeýändigi boýunça kanuna görä derňelmegini talap etmäge onuň hak-hukuklary bar” diýip, Awstraliýanyň Baş Federal prokurory belledi.

Emma, şol bir wagtda-da, Robert Makklelland Awstraliýanyň Birleşen Ştatlar, Britaniýa we beýleki ýaranlary bilen hyzmatdaşlyk edip, Assanjyň hereketleriniň jenaýatçylykly taraplarynyň derňewlerine gatnaşjakdygyny hem mälim etdi.

“Assanjyň Awstraliýanyň raýaty hökmünde ýurduna barmak hukugy bar. Bu dogry. Emma ol, şeýle-de, Awstraliýanyň gol çeken ylalaşyklaryna laýyklykda borçlarynyň hem bardygyny bilýär. Biz şol ylalaşyklara gol çekmek bilen, jenaýat kanunlarynyň ulanylmagyna degişli derňewleri geçirýän ýurtlara ýardam berjegimize hem kepil geçdik”, diýip R.Makkleland belledi.

Diplomatik maglumatlarda ABŞ-nyň beýleki ýurtlardaky resmi edaralaryndan infrastrukturanyň we esasy resurslaryň sanawyny täzelemek soralýar we olara zyýan ýetirilen ýagdaýynda, ABŞ-nyň saglygy saklaýyş we ykdysady durmuşyna, şeýle-de milli howpsuzlygyna uly täsir ýetip biljekdigi bellenýär.