Türkmenistanyň habar çeşmelerinde 5-nji dekabrda welaýat, şäher we etrap Halk maslahatlaryna geçirilen saýlawlaryň giň alternatiw esasda geçirilendigi nygtaldy.
Resmi maglumatlara görä, saýlawlara 3 müň 375 kandidat gatnaşyp, welaýat, şäher we etrap Halk maslahatlaryndaky her bir orna 2-3 adam dalaş edipdir. Tutuş ýurt boýunça ses berijileriň 95,79 prosentden gowragynyň gatnaşanlygy habar berildi.
Görkezijiler hakykata laýykmy?
Emma ýerli ýaşajylar ozalky ses berişliklerde bolşy ýaly, ýekşenbe ýekşenbe günündäki saýlawlara-da ilatyň gatnaşygynyň derejesiniň pes bolanlygyny aýdýarlar.
Türkmenistanly synçy Döwlet Hojamedowyň bellemegine görä, 5-nji dekabrda ýerli Halk maslahatlaryna bolan ses berişlik barada ilatyň aglaba köpüsi habarsyz galdy. Käbir ýerli ýaşaýjylar bolsa, ses berijileriň saýlaw uçastoklaryna barmagy üçin ýörite çäreleriň geçirilenligini gürrüň berdiler.
Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy bilen söhbetdeş bolan aşgabatly telekeçi Wepa Orazow şeýle gürrüň berdi: "Meniň özüm bu saýlawlara gatnaşmakçy däldim. Emma ses beriş uçastogynyň ýerleşýän ýeri bolan 52-nji mekdebiň mugallymy gelip, haýyş edensoň, ses bermäge bardym".
Ol sözüni şeýle dowam etdirdi: "Saýlaw uçastogynda ses berijiler ýok diýen ýalydy. Ses berip çykyp barýanlaryň hem ellerinde birnäçe pasportlar bardy. Şol wagt başga bir saýlawçy hem gelip, dört sany pasporty stoluň üstünde goýdy-da, pasport eýeleriniň ýerine men ses berjek diýip, saýlawçylaryň spisogyna dört adam üçin gol çekdi”.
Emma, habar berilýän şeýle kanun bozmalara garamazdan, Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Türkmenistandaky saýlawlara "demokratik reformalaryň dabaralanmagynyň subutnamasy" diýip, baha berildi.
Saýlawlaryň geçirilişine syn
Şol bir wagtda-da, maglumata görä, saýlawlara ýerli synçylar, ýagny, Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary institutynyň we umumymilli “Galkynyş” hereketine girýän jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gözegçilik edipdirler. Türkmen metbugatynda ýörite çagyrylan daşary ýurtly synçylaryň hem bu saýlawlara syn edenligi bellenildi.
Emma saýlaw proseslerine syn edýän ÝHHG-niň Demokratiýa we adam hukuklary baradaky býurosynyň metbugat wekili Ýan Eşenbeher bu býuronyň wekilleriniň 5-nji dekabrda geçirilen bu saýlawlara resmi derejede syn etmänligini aýtdy we şol sebäpden saýlawlaryň geçişine resmi ýagdaýda baha berip bilmeýänligini belledi.
Türkmenistanyň ýerli halk maslahatlaryna geçirilen saýlawlara syn etmek üçin ÝHHG-niň wekilleriniň çagyrylyp-çagyrylmandygy barada soralanda, Ýan Eşenbeher: “Türkmenistandan ÝHHG-niň adyna çakylyk boldy we şoňa laýyklykda ekspertleriň kiçi bir topary ýurtda boldy. Olar häzir hasabatyň üstünde işleýärler” diýip, jogap berdi.
Emma ÝHHG-niň Demokratiýa we adam hukuklary boýunça institutynyň metbugat wekili Ý.Eşenbeheriň sözlerine görä, ÝHHG-niň ekspertleriniň taýýarlaýan hasabaty köpçülik üçin däl-de, türkmen häkimiýetleri üçin taýýarlanylar.
Käbir bilermenler Türkmenistanyň Halk maslahatlarynyň iş ýüzünde ygtyýarsyz organdygyny we wekilçilik wezipesini ýerine ýetirmeli bu organyň iş ýüzünde halk köpçüligini gyzyklandyrýan meseleleri çözmek ukybyna eýe däldigini belleýärler.