Şahyr Şiraly 65 ýaşynda

Şiraly Nurmyrat

Belli türkmen şahyry hem ýazyjysy, ajaýyp terjimeçi Şiraly Nurmyrat 65 ýaşady. 1945-nji ýylyň 6-njy dekabrynda dünýä inen Şiraly Nurmyrat soňky çärýek asyrda türkmen edebiýatynyň, hususan-da onuň poeziýa žanrynyň dikatura tarapyndan düýpli ýok edilmegine garşy çykdy. Ony gorady, ýaşatdy hem ösdürdi.

Şiraly Nurmyradyň eserleri rus, şwed hem nemes dillerine terjime edildi. Ol halkara Pen klubunyň baýragyna iki gezek mynasyp boldy. Ol özüniň edebi hyzmaty we hakykaty aýan edýän çeper sözüň goragynda durany üçin Kurt Tuholsky adyndaky halkara baýraga mynasyp boldy.





Şiraly Nurmyrat


* * *

Şöhrat ýöremesin ömrüň öňünden,
Ömrüň hol öňünden abraý ýöresin.
Şöhrat bilen abraý çalyşsa ornun
Adalat, hakykat kaýdan döresin?!

Aýdylan: «Abraý bir gyrkylan erkeç»,
Bir sypansoň aňsat-aňsat tutdurmaz.
Ol özüne baha keser, özüni
Şöhrat kimin gara şaýa satdyrmaz.

Şöhrada ýetmegiň müň bir ýoly bar,
Diňe ýeke-täkdir abraýyň ýoly...
Geç kerwen deý üýren itiň deňinden,
Bolsun päk arzuwdan gursagyň doly.

Şöhrady gazanýar kimse der bilen,
Kimse ony satyn alýar zer bilen,
Kimse oňa ýetýär ýalbaryp, diläp,
Kim lebini ýalap, guýrugyn bulap.

Abraý – dag başynda mumyýa kybap,
Ret eýlär günäňi, baýdagy – sogap,
Gazansan – aperin! Ýitirseň – nälet,
Senden, diňe senden soralar jogap!

Dik dur dag başynda, ýaýna sährada,
Päliň pes tut, kowalaşma şöhrada.
Mukaddes zat ýokdur imandan beter,
Ony baýdak edip depäňde göter!