Uly dawa döreden gizlin dokumentleri ýaýradyjy «WikiLeaks» şu gün internetde täze web adres bilen peýda boldy. Bu wakanyň öňýany bu toparyň ozalky internet domeýni öçürilipdi.
«WikiLeaks»-iň Şweýsariýa degişli täze web adresi: www.wikileaks.ch. Ýöne saýtyň içindäki maglumatlardan ol Şweýsariýadan we Fransiýadan iş alyp barýan ýaly bolup görünýär.
«WikiLeaks»-iň ozalky internet saýty üçin domeýn beren «EveryDNS» kompaniýasy düýn, 2-nji dekabrda «WikiLeaks» sebäpli özüne degişli beýleki 500 müň töweregi internet saýtyna-da hakerleriň hüjüm etmek haýbatyny atandyklaryna salgylanmak bilen, «WikiLeaks»-e hödürleýän öz hyzmatlaryny ýatyrdy.
«Frans-Press» habar agentligi «WikiLeaks»-i esaslandyryjy Julian Assanjyň adwokaty Mark Stefense salgylanmak bilen, bu toparyň internet saýtyny öçürmek ugrunda ýola goýlan bu soňky giňişleýin çäreleriň Julian Assanjyň sesini sem etdirtmek üçin ýola goýlan çäre diýlip hasaplanylýandygyny habar berýär.
Hüjümler artýar
«Frans-Press» habar agentligine beren interwýusynda adwokat Mark Stefens «Kimdir-biri, megerem, döwlete degişli oýunçy dünýäniň dürli künjeklerindäki ýüzmüňlerçe kompýuterleriň tagallasyny birikdirip, bir wagtyň özünde olaryň hemmesiniň bilelikde «WikiLeaks» websaýtyna girmeklerini ýola goýupdyrlar» diýip, adwokat Mark Stefens belledi.
«WikiLeaks»-iň ozalky internet saýtyny dolandyran «EveryDNS» kompaniýasynyň öz hyzmatlaryndan el çekmegi «WikiLeaks» saýtynyň Birleşen Ştatlara degişli gizlin dokumentleriň ýüzmüňlerçesini internetiň üsti bilen jemgyýetçilige aýan etmeginiň yzýany ýüze çykdy.
Bu wakadan bir gün öň bolsa, Amerikan Kongresiniň basyşlary astynda amazon.com internet saýty hem «WikiLeaks» saýtyny öz serwerinden aýyrdy.
Birleşen Ştatlaryň Kongresi amazon.com internet saýtynyň «WikiLeaks» bilen nähilidir bir özara hyzmatdaşlygynyň bar bolmagynyň mümkindigini-de öňe sürdi.
Mundan öň Birleşen Ştatlaryň Yrakdaky we Owganystandaky uruşlary bilen baglanyşykly ýarym million töweregi gizlin dokumentleri jemgyýetçilige aýan edip, Waşingtony oňaýsyz ýagdaýa salan «WikiLeaks» şu hepde Birleşen Ştatlaryň gizlin diplomatik hatlarynyň-da örän köpüsini jemgyýetçilige elýeterli edip başlady.
Bu diplomatik hatlaryň äşgär edilip başlanmagy Ak Tamyň we onuň soýuzdaşlarynyň gaharyny has-da öjükdirýäne meňzeýär.
Ynjyk faktlar ýüze çykýar
Bu aýan edilen hatlardan birinde Birleşen Ştatlaryň Owganystandaky ilçisi Karl Eýkenberri Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaýy «was-was», «gowşak» we «çakdanaşa çekinjeň» diýen sözler bilen häsiýetlendiripdir.
Şeýle hem, Karl Eýkenberriniň prezident Karzaýy döwleti gurmagyň iň bir esasy prinsiplerini bilmeýän adam hökmünde häsiýetlendirendigini hem bu dokumentlerde görkezilýär.
Alşylan hatlarda Owganystanyň hökümet agzalaryna-da häsiýetnama berlipdir. Olarda diňe oba-hojalyk ministriniň parahorlukda aýyplanmadyk ýeke-täk çinownikdigi bellenipdir.
«WikiLeaks»-iň bu dokumentleriniň ählisine eýe bolan az sanly habar serişdelerinden biri Britaniýanyň «The Guardian» gazeti şu gün bu dokumetlerden käbirlerini aýan edip, Birleşen Ştatlaryň diplomatik hatlarynda Britaniýanyň Owganystandaky goşunlarynyň alyp barýan işleriniň hem ýiti tankyt edilýändigini mälim etdi.
«The Guardian» gazeti bu dokumentlerde Britaniýanyň Owganystanda howpsuzlygy üpjün etmek we ýerli owganystanlylar bilen gatnaşyklary ýola goýmak meselesindäki başarnyksyzlyklary barada uly aladanyň we ýigrenjiň aýdyň görünýändigini ýazýar.