ÝHHG-niň Astanadaky Sammitiniň çäklerinde edilen gürrüňler we geçirilen gepleşikler Türkmenistanyň graždan jemgyýeti üçin nähili täzelikleri getirip biler?
ÝHHG-niň Astanadaky Sammitiniň çäklerinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Wengriýanyň prezidenti Pal Şmit, Awstriýanyň prezidenti Heýns Fişer, Germaniýanyň kansleri Angela Merkel, Ýewropa Geňeşinin başlygy Herman wan Rompuý dagylar bilen bir hatarda, Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton bilen hem duşuşdy.
Türkmenistanyň resmi habar çeşmeleri amerikan tarapynyň inisiatiwasy bilen geçirilen bu duşuşykda Hillari Klintonyň türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň «täze dinamikasyna oňyn baha berendigini» habar berýärler.
Emma Türkmenistanyň resmi habarlarynda gepleşikleriň anyk temalary barada maglumat berilmedi. Hillari Klinton bilen Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçiren bu gepleşikleri barada Aşgabatdaky amerikan ilçihanasyndan telefon arkaly anyk maglumat almak hem başartmady.
Adam hukuklary 'gozgaldy'
Emma Düýbi Wenada ýerleşýän adam hukuklaryny goraýjy «Türkmen Inisiatiwasy» toparynyň başlygy Farid Tuhbatullin günbatarly resmileriň, şol sanda, Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klintonyň türkmen prezidenti bilen geçiren gepleşiklerinde adam hukuklary bilen bagly meseleleriň hem gozgalandygy barada özünde anyk maglumatlaryň bardygyny aýtdy.
Ol bu barada, hususan-da, şeýle diýdi: «Mende bu barada maglumat bar, ýöne men ol maglumatyň anyk çeşmelerini aýdyp biljek däl, sebäbi ol konfidensial maglumat. Şol maglumatlardan belli bolşuna görä, bu geçirilen duşuşyklaryň hemmesinde-de adam hukuklary we demokratiýa meseleleri anyk gozgalypdyr. Emma Türkmenistanyň köpçülikleýin habar serişdeleriniň berýän reportažlarynda bu gozgalan temalar barada asla gürrüň edilmeýär».
Berdimuhamedow bilen duşuşygynyň öňýany ÝHHG-niň Sammitinde eden çykyşynda Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton hiç bir döwletde hökümetleriň azat graždan toparlary bilen hyzmatdaşlyk etmezden, hakyky ösüşe eýe bolup bilmejekdiklerini nygtapdy.
«Ösen ykdysadyýeti we durnukly jemgyýeti hökumetleriň bir özleri gurup bilmezler. Bu meselede hökümetler bilen graždan institutlarynyň we azat jemgyýetçilik toparlarynyň arasynda partnýorlyk bolmalydyr, şolar hem biziň 21-nji asyrda ýüzbe-ýüz bolýan problemalarymyzy bilelikde çözmelidirler» diýip, Hillari Klinton öz çykyşynda belledi.
‘Biz size meňzeş halk däl’
Amerikan resmisiniň bu çykyşyndan tapawutlylykda, Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow düýn Astanadaky Sammitde eden çykyşynda graždan jemgyýeti bilen hyzmatdaşlyklar barada asla gürrüň etmedi.
Mundan hem ötri, ol Türkmenistanda amala aşyrylýan reformalaryň Türkmenistanyň milli aýratynlyklaryna, onuň taryhy ýolunyň özboluşlylygyna, tradisiýalaryna we milletiň öz aň-düşünjesine laýyklykda amala aşyrylýandygyny belledi.
Postsowet döwletleri boýunça bilermen Aleksandr Narodetskiý türkmen prezidentiniň demokratiýanyň «milli aýratynlygy» barada eden bu çykyşynyň köneden gelýän sypjyklyk usulydygyny aýdýar.
A.Narodetskiý bu barada şeýle diýýär: «Bu ozalky sowet liderleriniň hem köpüsiniň ulanyp gelen köne tilsimi. Ýagny, Günbatar ýurtlary ýa-da guramalary ýurtdaky adam hukuklarynyň ýagdaýynyň halkara standartlaryna laýyk gelmeýändigi barada tankydy bellik aýdanlarynda, bu liderler 'biz size meňzeş halk däl, biziň öz taryhy aýratynlygymyz bar, bize umumy kabul edilen halkara standartlary kän bir laýyk gelenok, şoňa görä-de siz bizi kän tankyt etmäň' diýen ýaly delilleri öňe sürýärler. Başgaça aýdylanda, Berdimuhamedow Günbatary özüni gaty tankyt etmezlige çagyrýar».
Prezident G.Berdimuhamedow öz çykyşynda regional proseslerde Türkmenistanyň ÝHHG-däki öz partýorlary bilen hyzmatdaşlyk etmäge, hyzmatdaşlyklaryň planlarynydyr perspektiwalaryny işjeň hem-de açyk ýagdaýda ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny-da belledi.
Emma türkmenistanly synçy Döwlet Hojamedow türkmen lideriniň bu «hyzmatdaşlyk» diýip atlandyrýan zatlarynyň, adatça, resmi derejelerde gurnalýan maslahatlara we seminarlara degişli bolup, bu çäreleriň ýurtdaky graždan jemgyýetiniň ýagdaýyna oňyn täsirlerini ýetirmeýändigini öňe sürýär.