Orsýetde döwlet telewideniýesi jemgyýetçilik telewideniýesine öwrüler

Döwlet telewideniýesiniň ornuny jemgyýetçilik telewideniýesi çalyşmaly diýip, Orsýetiň prezidentiniň ýanyndaky adam hukuklary boýunça Sowetiň başlygy Mihail Fedotow aýtdy.

Onuň sözlerine görä, bu tema häzirlikçe sowetiň çäklerinde maslahat edilmändir, ýöne bu ideýanyň goldanjagy belli.

Jemgyýetçilik telewideniýesi barada 2002-nji ýyldan bäri kanunyň bardygyny-da Fedotow ýatlatdy.

Hepdäniň ikinji güni prezident Dmitriý Medwedew Federal ýygnaga ýüzlenmesinde “gazetler, zawodlar, gämiler döwlet organlaryna degişli bolmaly däldir” diýipdi.

Şondan soň döwlet baştutanynyň kömekçisi Arkadiý Dworkowiç heniz anyk karar ýogam bolsa, Orsýetiň köpçülikleýin habar serişdeleriniň satyljakdygyny aýdypdy.