TDH: Berdimuhamedow ABŞ-nyň Döwlet sekretary Klinton bilen duşuşdy

Çarşenbe güni Astanada geçirilýän ÝHHG-niň Samminiň çäklerinde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Ştatlaryň Döwlet Sekretary Hillari Klinton bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär.

Klinton türkmen prezidentine ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň gyzgyn salamyny gowşuryp, Türkmenistanyň ýöredýän daşary syýasatynyň regiondaky howpsuzlygyň we durnuklylygyň ýokarlandyrylmagy üçin möhüm ähmiýete eýedigini belläpdir.

Berdimuhamedow bilen Klinton Türkmenistan bilen Birleşen Ştatlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň oňyn depginini kanagatlanma bilen belläp geçdiler diýlip, habar berilýär