Gürjüstanyň polisiýasy öten agşam paýtagt Tbilisiniň dürli ýerlerinde iki sany partlamanyň ýüz berendigini habar berdi.
Partlamalarda bir adamyň ölüp, ýene bir adamyň hem ýaralanandygy barada maglumat alyndy.
Maglumata görä, birinji partlama Gürjüstanyň oppozision Zähmet partiýasyna degişli ofis jaýlarynyň golaýynda ýüz beripdir. Şondan ýarym sagat ýaly wagt geçenden soň bolsa, şäheriň başga bir künjünde ýene bir partlama ýüze çykypdyr.
Gürjüstanyň Içeri işler ministrligi bu partlamalaryň nähili ýagdaýda ýüze çykandygy we onuň sebäpleriniň näme bilen baglanyşykly bolup biljekdigi barada häzirlikçe maglumat bermekden saklanýar.