Türkmenistanda 1,3 mln. tonna pagtanyň ýygnalandygy aýdylýar

Resmi maglumatlara görä, şu ýyl Türkmenistanda 1,3 million tonna pagta ýygnalypdyr. Bu görkeziji ýurduň pagta senagaty edaralarynyň talabyndan has köp.

20-nji noýabrda geçirilen Türkmenistanyň hökümet maslahatynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow kärendeçilere öz ýetişdiren pagtalaryny biržanyň üsti bilen satyp bilmekleri üçin degişli şertleriň döredilmegi barada karar etdi diýip, türkmen metbugaty habar berýär.