Latwiýanyň uruşdan öňki prezidenti Karlis Ulmanise Türkmenbaşy, ozalky Krasnowodsk şäherinde 3 metr uzynlykdaky ýadygärlik dikiler. Bu habary Riganyň latyş jemgyýetiniň we milli medeni ösüş gaznasynyň başlygy Mirdza Stirna ýaýratdy.
Türkmenbaşyda Ulmanisiň ýadygärligini dikmek baradaky ylalaşyga 2008-nji ýylda, Latwiýanyň prezidenti Waldis Zatlersiň Türkmenistana sapary mahalynda, türkmen prezidenti G. Berdimuhamedow bilen gepleşik netijesinde gelnipdi.
Karlis Ulmanis 1934-nji ýylda harby döwlet agdarylyşygyny gurnan we amala aşyran, parlamenti dargydan, syýasy partiýalary we gazetleri gadagan eden, iki ýyl soň bolsa özüni Latwiýanyň hem prezidenti, hem premýer ministri bellän syýasy döwlet işgäridir.
Ol 1940-njy ýylda, Latwiýa Gyzyl goşun gelenden soň sowetleriň tarapyna geçýär. Ýöne kän wagt geçmänkä tussag edilýär we 1942-nji ýylda Krasnowodskide aradan çykýar.