A.Ataýew: «Ýeri uzak möhletleýin berip, hakyky fermerleri döretmeli!»

Prezident Berdimuhamedow häkimiýet başyna geçensoň oba hojalygy meselesine aýratyn üns berjegini aýtdy.

Ozal sowet-komanda usulynyň, soňra Nyýazowyň synaglarynyň pidasy bolan türkmen daýhançylygy nähili ýagdaýda? Azatlyk Radiosynyň nobatdaky telefon söhbetdeşliginiň myhmany tejenli agranom Akmyrat Ataýew. Onuň bilen söhbetdeşligi Ýowşan Annagurban geçirdi.
Azatlyk Radiosy: Ozalky prezident Saparmyrat Nyýazow ömrüniň soňky aýlarynda ýeriň eýesini tapyp bilmändigini, ýagny özüniň «Täze oba syýasatynyň» işlemändigini boýun aldy. Prezident Berdimuhamedow häkimiýet başyna geçensoň oba hojalygy meselesine aýratyn üns berjegini aýtdy. Ýagdaýy bilýän adam hökmünde aýtsaňyz, bu meselede nähili özgerişlik bar?

Akmyrat Ataýew: Oba hojalygy barada gürrüň edilende ilki bilen aýtmaly zat, meniň pikirimçe, prezident Berdimuhamedowyň gelmegi bilen pagtaň bahasyna tölenýän puluň ýokarlandyrylmagy türkmen halkynyň uly böleginiň işleýän pataçylyk pudagynda aýratyn bir özgerişlik boldy. Şondan soň daýhanlaryň durmuş-ýaşaýşy öňküsinden birnemejik ýeňilleşdi. Sebäbi olar işleýän işlerinden oňat girdeji alyp başladylar.

Ýöne näme, şeýle özgerişlik bar hem bolsa, munuň gapdalyndaky kynçylyklar hem aňsatja aýrylyp gidiberenok. Prezidentimiziň şol oňat şertleri döredip, daýhanlaryň öz işlerini özleri kesgitlär ýaly mümkinçilik döretmeli diýip aýdýan sözleri hem, daýhançylyk işini ylmy esasda alyp barmalydygy barada aýdýanlary, ekin dolanyşygyna geçmelidigi baradaky dogry bellikleri hem ýerlerde entek doly ýol alyberenok. Meniň pikirimçe, prezidentiň bu pikirleriniň ýol almazlygy ýerli ýolbaşçylaryň döredýän päsgelçilikleri bilen bagly.

Azatlyk Radiosy: Şol ýerli ýolbaşçylar tarapyndan döredilýär diýýän päsgelçilikleriňiz barada anygrak aýdyp bilmezmisiňiz, olar näme edýärler?


Akmyrat Ataýew: Mysal üçin, biz ynha 2004-nji ýylda Ruhabat etrabynda, gäwers düzlüginde pagta ekip başladyk. Şol ýyllar bu ýerde pagtaçylaga täze geçilýärdi we biz bu ýere hünärli oba hojalyk spesialisti hökmünde geldik. Şonda bizi oňat garşy aldylar, näçe diýsek zaýalanan ýerlerden ýer berdiler. Biz ol ýerleri bejerdik, oňardyk, ýokary hasyl aldyk. Netijede, biziň işlän hojalygymyz, Ruhabat etrabynyň Nyýazow adyndaky daýhan birleşigi öňe saýlanyp ugrady. Oňa gowy daýhanlar geldi, oňat traktorçylary jemledik, gowy hasyl hem alyp başladyk.

Emma pagtaň bahasy galandan soň, çemeçi ýolbaşçylar, bu ugurda aňsat eklenjiň ugrunda hallan atyp ýören adamlar bize emeli päsgelçilik döredip başladylar. Has anyklaşdyryp aýtsam, iş bilmeýän Gurbangeldiýew diýip birini başlyk bellediler. Biz 2007-nji ýylda oň bilen ýanaşyk ýerde pagta hem ekdik. Onuň ýeri hem gowudy. Emma ol 50 gektardan bary-ýogy 8 tonna pagta hasylyny aldy. Ýöne şeýle adamy hem aýlap-dolap başlyk edip goýdular. Onsoň, niýeti taýýar ýeri almakdyr-da, biziň ýerimizi aldylar. Başga-da ýer işini gowy bilýän adamlaryň käbirini gysyp çykaryp, soň olaryň ýerlerini çemeçi adamlara berdiler.

Umuman Ruhabat barada aýtsak, zähmet çekýän daýhanlara döredilýän kynçylyk gaty kän. Ol oba hojalyk tehnikalaryndamy, işiň hiliniň pesligindemi, hatda önüm tabşyraňda hem ummasyz girdejiňi tutup alyp galýarlar. Ynha, aýdaly, bugdaý tabşyrýaň-da. Men oňat hilli bugdaýlary tabşyrdym. Tohumluga-da gidenleri boldy. Ýylyň aýagynda, hasaplaşjak bolaňda bilip galýarsyň, hatda 20 göterim, 25 göterim kemeldilýär seňkiden. Başga biriniň seniňkiçe kän ýok önümini bolsa, hapalyk-beýleki üçin hiç hili kemeltmän kabul edýärler. Şoň ýaly-da seniň tabşyran önümiňden alyp, oňka-muňka zyňyp, goşubam bilýärler. Ruhabatda bu ugurdan gaty başarnykly spesialistler bar.

Pagtaçylykda-da şeýleräk. Pagtaňy, taýýar ýetişdiren hasylyňy döwlete tabşyrjak bolaňda-da bir düzgünine görä barlag geçirilenok. Ýa bolmasa onuň hilini kesgitlänlerinde hem öz etjeklerini edýärler. Olar senden sorap hem durmaýarlar. Biri üstüne münýär-de, ýüküňi barlaýar. Onsoň şol adam pagtaň içinden sähelçe hapa tapsa-da, çyglylyk tapsa-da, şol boýunça seniň önümiň hilini kesgitleýär. Ol bir bitarap ýagdaýda alyp, barlag etmek ýaly zatlar ýok. Uly ýüküň içinden bir gysym pagta çykaýsyn, olar şondan ugur alýarlar. Şeýdibem esliňi kiläňi kemýärler, 5 göterim, 10 göterim almaga çenli baryp ýetýän halatlary hem bar. Eger bu netije öz guraly bilen alnyp, bitarap ýagdaýda analiz edilip çykarylsa, biz muňa garşy däl.

Mysal üçin, 2006-njy ýylda bir maşyn dänäm, uly maşynyň ýüki, 8,860 kg dänäm ýok. Nirä gitdi diýsem, başlyk öz aýalynyň adyna geçiripdir. Nämemiş, aýalynyň ýerinden hiç hili önüm önmändir. Onsoň «başlyga dänämi yzyna ber» diýsem, «soň hasaplaşaryn, meni masgara etmesene, aýalym boş çykmasyn-da» diýýär. Emma şu günki güne çenlem hasaplaşýan zady ýok.

Azatlyk Radiosy: Indi, siziňçe, bu meseleler nähili çözülmeli?


Akmyrat Ataýew: Meniň pikirimçe, oba daýhanlarynyň öňündäki emeli päsgelleri aýryp, olaryň intensiw işläp bilmegi üçin şert döretmeli. Emma Ruhabatda muňa derek gysyşy köpeldýärler. Bu ýere aýratyn bir mahsus kynçylygam, şäher etegi bolany üçinmi, nämemi, ýerli ilat medeni zonadan daşdaky ýerlerde kän ýer bilen iş salşanok. Galan ýerler bolsa, her täze gelen başlygyň öz islän işini edýän ýerine öwrüldi. Onsoň olar ondan-mundan gelip işlejek bolýanlardan islänini alyp, islmediklerini kowup durlar. Has anygy, hakyna tutma, gulçulyk düzgünini girizip barýarlar.

Azatlyk Radiosy: Siz daýhançylyk, ekerançylyk işinde ozal sowet sistemasy, soň Nyýazowyň goşuluşmagy netijesinde dörän kynçylyklar, bökdençlikler bilen bagly iň esasy üns berilmeli mesele näme, ýagny çözgüt nirede ýa nähili düşünjede diýip pikir edýärsiňiz?

Akmyrat Ataew: Ekerançylyk işi biri-biriň bilen baglanyşykly zat. Bir günüňi ýitirseň ýyl ýitirdigiň bolýar. Şoň üçin, biri-biriň bilen gaty bir ýürekdeş adam bolmasaň, bu işde işleşmek kyn. Daýhançylyk, ekerançylyk işi gaty inçe, sazlaşygy talap edýär. Sen her sagatda etjek işiňi bilmeli. Eger ertir salkyn külte basmaly bolsaň, öýläne galsaň bolmaýar. Ýagny iş kem bolýar. Beýleki meseleler hem şoň ýaly.

Ýer diýilýäniň çylşyrymly taraplary gaty kän. Her bir ekini ekip, birnäçe ýyl, birnäçe howa şertlerinde barlap netije çykarmaly. Ekerançylygyň medeniýetini gaty ýokarlandyryp, ekin dolanyşygyna geçip, ähli işi ylmy esasda edip, maldarçylyk bilen utgaşdyryp, birnäçe ýylyň dowamynda öwrenip almaly. Emma häzir nähili edýärler Ruhabatda? Birki ýyl ekip, ýeriňi oňarýaňmy, seň eliňden ol ýeri alyp, başga bir ýer berýärler ýa ýer bermän kowup goýberýärler. Beýdip ekerançlyk edilmeýär, bu diňe ýeriň zaýalanmagyna getirýär. Bu ýagdaýda ýurt aç galar.

Meniňçe, SSSR diýen men diýen döwletem şol çörek tapman, ýere dogry garalman ýykyldy. Şonda bize başga bir howp gelip abanmady. Hatda şol wagt SSSR bugdaýy Kanada ýaly ýurtlardan satyn almaly boldy.

Azatlyk Radiosy: Sowet döwründe adamlaryň ýeri ellerinden alyndy, soň Nyýazow ýeriň eýesini tapmaly diýip kärendeçiligi öňe sürdi. Biziň bu barada ozalky söhbetdeş bolan ýerli bilermenlerimiz ýeri kärendä bermegiň hususy eýeçilige geçmegi togtatmak üçin tapylan emel, aldawdygyny aýtdylar. Siziňçe, häzirki ýaly az ýeri az wagtlyk kärendä bermek dogrumy ýa ýalňyş?

Akmyrat Ataýew: Bu ýalňyş. Esasanam şular ýaly ilatly punktlardan daşdaky ýerlerlerde harsallyk edilýär. Oba ýerlerinde ýer eýesi azda-kände mydamalyk bolýar. Mal-garaň dersi dökülýär, beýleki edilýär, garaz, bu ýagdaýda ýeri arryklatmazlygyň çäresi görülýär. O taýda mümkinçilik bar. Emma bärlerde oň ýaly mümkinçilik ýogam, edilenogam. Täze başlyk geçýär, «hä, kimiň ýeri gowy, şoňkyny almaly, ýa birine ýeriňi satmaly», şolar ýaly zatlar bilen meşgullanýarlar. Iň erbet ýerem ekerançylykdan başy çykmaýan adamlary ýolbaşçy goýýarlar. Muny nädip edýänlerini bilemzok. Eger bir iş bilýän, ugurdaş adamy goýsalar, düşünişmek ýeňil bolýar.

Azatlyk Radiosy: Ýerleriň başlyklaryň tanyş-bilişlerine, nädogry adamlara berlendigini Nyýazow hem aýdýardy. Siziňçe, oba hojalyk işleriniň dogry ýöredilmegi üçin näme etmeli?


Akmyrat Ataýew: Oba hojalyk işleri dogry ýöretmek üçin her ýerde aýratyn iş geçirmeli diýip pikir edýärin. Ynha, aýdaly, Ruhabadyň gäwers düzlügindäki ýerler medeni zonadan daşda bolansoň, olaryň eýesi ýok. O taýdaky ýerlerde pikirdeşlerden bir topar döredilip, oňaraýjaklara, tehnika mümkinçiligine laýyklap, ýer uzak möhletleýin berilse gowy boljak. Häzir ol taýlarda ilat ýaşanok. Bu ýagdaýda ýerleri 100 gektardan, 150 gektardan uzak möhletleýin bermäge mümkinçilik bar. Eger pikirdeşlere, oňarjak adamlara hem uzak möhletli ýer, hem tehnika bölüp berseler, olar ýerem, tehnikanam aýawly saklajaklar, mal edinip, maldarçylygy hem ösdürip biljekler. Onsoň mal dersleriniň ýere dökülmegi bilen ýerleriň arryklamagynyň hem öňüni alyp boljak.

Meniňçe, oba hojalygyny dikeltmek şolar ýaly düzlüklerden ýer bermekden başlanyp, hakyky fermerlar döredilse, has oňat boljak. Aýdaly, meniň özüm şu wagta çenli belli bir derejede oba hojalyk tehnikasynyň bir bölegini hem edindim. Ýap çekmek, ýer sürmek, tekizlemek üçin käbir oba hojalyk gurallarym hem bar. Tirkeg guralym, bir traktorym bar. Işlejek bolup, öňden bäri taýýarlanyp gelýäris. Ýöne iş etdirenoklar, mümkinçilik döredenoklar. Eger meniň ýaňky diýýänim ýaly şert dörese, onda biziň ýolbaşçylara baglylygymyz azaljak, köp mesele özümizden çözüljek. Şeýlelik-de tap bilýän, iş başarýan, özüni işde görkezen adamlara şert döredip, olary beýlekilere görelde görkezer ýaly etseler gowy boljak.

Aýratyn nygtap aýtmaly zat, daýhanyň ýeri elinden alynmaz ýaly etmeli. Ýeri daýhana uzak möhletleýin, 20-30 ýyllyk berler ýaly etmeli. Birem daýhana özüniň döredijilikli işlemegine ýol bermeli.