Içaly dönükligi SWR-i sarsdyrdy

Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugynyň (FSB) merkezi binasy

Geçen tomus ABŞ-da 10 sany örän gizlin ors içalysynyň ele salynmagy Sowet Soýuzy ýykylandan 20 ýyl geçse-de, Orsýetiň entegem sowuk urşy dowam etdirýändigi baradaky günäkärlemelere sebäp boldy.

Bu hepde bolsa olaryň Orsýetiň aňtaw gullugynyň ýokary derejeli ofiseri tarapyndan paş edilendigi habar berildi. Bu waka ençeme adamlarda Orsýetiň kommunistik döwründäki KGB-ä meňzeş gullugy täzeden döretmek bilen sowet döwrüne tarap yza tesip biljekdigi baradaky pikirleri döretdi. Şol bir wagtda-da Orsýetiň Daşary aňtaw gullugynda garaşylýan uly özgerişleriň nähili bolup biljekdigi barada pikir alşyldy.

"Kommersant" gazeti hepdäniň penşenbe güni ‘Polkownik Şerbakowyň’ 11 sany bikanun diýilýän içalyny paş edip, özüniňem ABŞ-a gaçyp atandygy hakda ilkinji bolup ýazdy. Ady agzalýan içalylaryň diplomatik ýa-da kanuny taýdan goragy ýokdy. Olaryň diňe biri Kipre aşyp, şol ýerden hem “yzyny sübseläp”, ýitirim bolmagy başardy.

Içerki dawalar

Şu täzelikler Kremliň Daşarky aňtaw gullugyny Federal howpsuzlyk gullugyna (FSB) birikdiriljekdigi baradaky gürrüňlere sebäp boldy. Boris Ýelsiniň 1991-nji ýylda häkimiýete gelmegi bilen KGB iki aýry gulluga - SWR (Службы внешней разведки) we FSB (Федера́льная слу́жба безопа́сности) gulluklaryna bölünipdi. KGB-niň bölünmegi Sowet howpsuzlyk sistemasynyň soňunyň gelmegi bilen düşündirilýärdi.

“Sowerşenno Sekretno” neşiriniň razwedka boýunça eksperti Leonid Welihow Azatlyk Radiosynyň Rus gullugyna beren interwýusynda şu wakalary beýan eden ‘Kommersant’ gazetiniň iki sany žurnalistiniň mundan ozal razwedka barada hiç hili zat ýazmandyklaryny aýdýar: "Birdenkä olar, şol bir zady gaýtalaýan we ady agzalmaýan çeşmelere salgylanyp, uly möçberli aňtaýyş proýektini amala aşyrýarlar. Hakykatda žurnalistlere ol maglumatlary öz içki syýasy maksatlaryny araýan ýeke-täk bir çeşmäniň beren bolmagy gaty ahmal.”

Orsýetiň kanun çykaryjylary SWR-iň başlygy Mihail Fradkowyň işden boşadylmagyny talap etdiler. Käbir adamlar bu talap onuň ýerine Sergeý Naryşkiniň ýerine geçirilmegi üçin bir usul diýip, pikir edýärler. Sergeý Naryşkin öňki KGB-niň ofiseri, şeýle hem ol premýer-ministr Wladimir Putin bilen ýakyn gatnaşykdaky adamlaryň biri.

KGB-niň öňki ofiseri Putin SWR-iň işini ýygy-ýygydan öwýär. Iýul aýynda ors içalylary paş edilensoň, Putiniň agzalýan dönüklik barada öňden habarlydygyna ynanyp başladylar. Muňa onuň: “Bu dönükligiň netijesi, döňükler bolsa gönenmeýärler. Olar köçelerde alkogolik ýa-da narkoman bolup ölýärler” diýmegi sebäp boldy.

“Kommersant” gazeti Şerbakowyň bikanun agentleri taýýarlaýan ‘S’ uprawleniýesiniň ABŞ bölüminde müdir bolandygyny habar berýär. Gazet şol bikanun agentleriň biri bolan Huan Lazaro lakamly Mihail Wlasenkonyň şahsy maglumatlaryny Şerbakowyň amerikan FBI guramasyna (The Federal Bureau of Investigation) berendigini aýdýar. Wlasenko “Sowet Soýuzynyň gahrymany” diýen ady alan we general derejesine eýe bolan tejribeli agentleriň biri.

Geçen ýyl Şerbakowyň, belki-de, “aldaw synagyndan” geçmeli boljakdygy sebäpli wezipesiniň ulaldylmagyndan ýüz öwren bolmagy mümkin diýip, SWR-i tankytlaýanlar Şerbakowyň işi barada öňden alada edilip başlanmalydy diýýärler. Şerbakowyň ABŞ-da ýaşaýan gyzynyň bardygy we onuň oglunyň bolsa geçen ýylyň iýun aýynda Orsýetiň Neşä garşy göreş gullugyndaky işini taşlap, Orsýetden göçüp gidendigi göz öňünde tutulsa, bu pikirler has hem ýerlikli diýip, “Kommersant” gazeti ýazýar.

Syýasatçylaryň arasyna syzyş

KGB-niň taryhynda Aldrih Eýms we Robert Hansen atly iň uly iki içalyny 1986-nji ýylda Waşingtonda öz tarapyna geçirmegi başaran KGB-niň öňki ofiseri Wiktor Çerkaşin şeýle uly derejedäki içalylyk wakasynyň hiç wagt hiç kime başartmandygyny aýdýar: "Bir bölüm müdiriniň şonça adam baradaky şeyle köp maglumata eýe bolmagy, meniň pikirimçe, nädogry".

ABŞ-nyň Federal howpsuzlyk býurosynyň aýtmagyna görä, ors razwedka gullugy SWR öz agentlerine ABŞ-nyň syýasy toparlaryna aralaşyp, olardan maglumat almaga çalyşmaklaryny tabşyrypdyr. Emma olar gaty bir möhüm maglumatlary alyp bilmändirler. Ele salnanlar içalyçylykda aýyplanman, diňe gaýry döwletiň agenti bolup işlemek üçin özlerini hasaba aldyrmandyrlar we pul ýuwdular diýip günäkärlenýärler.

Anna Çapmen hem ele salnan ors içalylarynyň biridi.
Harby analitik Aleksandr Golts Şerbakow baradaky maglumatlaryň äşgär edilmeginiň sebäbiniň razwedkanyň hemme kemçiliklerini bir dönügiň üstüne atmak bolup biljekdigini aýdýar. Ol Orsýetiň bikanun agentleri ulanmagynyň indi kän bir manysynyň ýokdugyny, sebäbi şeýle agentleriň sowuk urşdan galan mirasdygyny, olaryň Sowet Soýuzy döwründe diňe uruş başlan mahalynda diwersantlar hökmünde ulanmak üçin taýýarlanandyklaryny belleýär: "Kremldäki syýasatçylar içalylara atom ýaraglary ýaly uly güýjüň möhüm aýratynlygy hökmünde garaýarlar".

Öňki KGB-niň Londondaky agenti Oleg Gordiýewski 1980-nji ýyllarda Britaniýanyň peýdasyna içalyçylyk edendigi üçin aýyplanansoň Moskwadan gaçypdyr. Onuň aýtmagyna görä, ABŞ-da şeýle köp sanly Orsýetiň agentleriniň bolmagy Orsýetiň güýçlenýän awtoritarizme tarap barýandygyndan bir nyşan: "Adamlaryň köçede öldürülmegi, sud işleriniň manipulirlenilmegi we saýlawlara hile goşulmagy ýaly wakalar Orsýetiň, öňküden gowşagrak hem bolsa, totalitar döwlete öwrülýandigini görkezýär".

Gordiýewski içalylar bilen baglanyşykly dawanyň iki döwletiň gatnaşyklaryna zyýan ýetirmejekdigini, sebäbi Moskwa bilen Waşingtonyň ‘haýsydyr bir içaly toparynyň’ iki döwletiň gatnaşyklaryna zeper ýetirmeli däldigi barada ylalaşandyklaryny öňe sürýär. Golts bolsa şeýle köp sanly ors agentleriniň ABŞ-da bolmagy iki döwletiň ‘biri-birine içaly iberýän’ döwre dolanyp gelýändiklerini görkezýär diýýär: "Şeýle ýagdaýda olar nädip ballistik goranyş ýa-da Owganystan barada gürrün etsinler? Şu ýagdaý iň bärkisi Orsýetiň ABŞ-a bolan çuňňur ynamsyzlygyny görkezýär".

Moskwanyň razwedka gullugy şular ýaly maglumatlaryň daşarky çeşmelere syzdyrylmagy ýaly ýagdaýlary öň hem başdan geçiripdi. Şolaryn biri hem 1992-nji ýylda öz eli bilen göçüren maglumatlary bilen Orsýetden gaçyp giden Mitrohindir. Şol waka “Mitrohiniň arhiwi” diýen at bilen tanalýar.