Biz durmuşda aýgytly hereket etjek bolamyzda, köplenç ilki bilen ýüregimize gorky aralaşýar. Şol hem bizi adalat ýolundan sowýar. Kä ýagdaýda bu duýgy ýokanç kesel kimin ýaýrap, biziň daşymyzy gurşap alýar, göýä tora düşen balyk ýaly adamlar onuň girdabyna çolaşýar. Şonda özüňi biçäre we nadan ýaly duýýaň. Kelläňe gelýän sowallar bolsa jogapsyz doňup galýar.
Gorky – bu adamlaryň hem-de haýwanlaryň özlerini belli bir howpdan goramak üçin ulanýan psihologiki duýgusydyr. Dünýä belli nemes alymy Zigmund Freýd gorky duýgusynyň analizine öz işlerinde uly ýer beripdir. Onuň pikiriçe, fobiýa, grekçe “gorky duýgusy”, birnäçe topara bölünýär. Olaryň birinjisi adaty fobiýa – garaňkylykdan, ýylandan, gök gürrüldisinden we käbir zäherli mör-möjeklerden gorkmak. Ikinjisi, adamlaryň we haýwanlaryň adaty hereketleriniň netijesinden dörän duýgy, oňa alym, lokomiseý diýip at beripdir. Gorky duýgularynyň esasylarynyň biri hem ipohandrik fobiýadyr. Freýd ony “Adamda ynamsyzlyk, sussypeslik, ýaýdanç duýgularynyň aktiwleşmeginden beýnide döreýän psihiki keseliň bir görnüşi” diýip düşündirýär. Şol duýgularyň aktiwleşmegi bedende gan aýlanyşynyň bozulmagyna getirýär.
Alym Freýdiň teoriýasyndan ugur alsak, onda türkmen halkynyň ýurtda häzirki syýasy-jemgyýetçilik pozisiýasyna, ýagny jaýlary ýykylanda, hemmetaraplaýyn hukuklary depelenende, oňa görkezilmeli garşylygyň ýoklugyna, olaryň lal-jim bolup gorky duýgusyna gark bolup oturandygyny ýatlanyňda, milletiň aglaba köpüsiniň ipohandrik keseli bilen keselländigine göz ýetirýärsiň. Elbetde, türkmen hökümetem hut şu wirus bilen keselli. Eger halk hökümetiň ýöredýän syýasatyndan gorkýan bolsa, onda edil şonuň ýaly, döwlet ýolbaşçylary-da öz ýöredýän syýasatlary üçin halkdan gorkýandyr. Freýdiň aýtmagyna görä, her bir keseliň öz simptomlary, alamatlary bolmaly. Türkmen jemgyýetinde-de şeýle alamatlar näçe diýseň bar.
Halk hökümetden, hökümet halkdan gorkýar
Gurbanguly Berdimuhamedow prezidentlige gelensoň, wagtyň geçmegi bilen onuň goragyny güýçlendirmek üçin adaty kanunlara gabat gelmeýän hereketler edilip başlandy. Ýogsa, ýurtda prezidentiň goragyny güýçlendirmäge hiç hili syýasy esas hem ýokdy. Öňler prezident işe gelende we gaýdanda bir esasy köçäni ýapýan bolsalar, indi şäheriň 4-5 köçesiniň gatnawyny kesýärler. Köçede galplaşdyrylan “adaty ýagdaýy” döretmek üçinem 2-3 sany ulagy prezidentiň kortejiniň gelýän tarapyna gönükdirýärler. Mundan başga-da, prezidentiň gelýän ýolundaky beýik jaýlaryň ýaşaýjylaryna penjirelerini ýapmagy we onuň öňünde durmazlygy tabşyrýarlar. Eger-de prezidentiň gelýän ugrunda ýolda ýöräp barýan ýolagçylar gabat gelse, onda hukuk goraýjy işgärler olary zorluk bilen uly awtobusa dykyp, şäheriň bir çetinde düşürýärler.
Bu mysalyň üsti bilen döwlet ýolbaşçylarynyň halkyň adaty hukuklaryny depeleýändigini görýäris. Olaryň şeýle bikanunçylyga ýol bermeklerini, elbetde, ýolbaşçylaryň ipohandrik gorky duýgusyndan ejir çekýänligi bilen düşündirip bolar.
Gorky keseliniň dermany barmy?
Her bir keseliň dermany bolşy ýaly, bu keseliň hem dermanyny indi ençeme asyrlar bäri dünýäniň dürli döwletleri öz durmuş praktikasynda ulanyp gelýärler. Ilki bilen döwlet ýolbaşçylary üçin dermanyň resepti hakynda kelam agyz: eger döşüňi açyp gezesiň gelse, gökden aşak düşmeli, halkyň çöregine el urman, oňa çöregi halal gazanar ýaly mümkinçilik döretmeli. Hemme zat diňe meniňki, maşgalamyňky bolsun diýmän, nebsiňe haý diýmeli, ony saklamaly. “Bu dünýä wagtlaýyndyr, mendenem geçer” diýen akyla gulluk etmeli!
Gorkaklyk – ençeme psihologik kesellere sebäp bolýar. Ondan dynmak üçin özüňe, üstüňi basmarlamaga synanyşýan gorky duýgusyna erk etmeli. Oňa erk edip bilen millet hor ýa aç bolmaz. Daşymyzdaky gorky diwary biz bagtly ýaşaýyşdan aýyrýar. Gorky diwaryny ýykmak bu günki gün biz üçin iň zerur meseledir.
Döwlet Hojamedow türkmenistanly garaşsyz synçynyň edebi lakamy. Bu kommentariýada öňe sürlen pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.