Baku saýlawlar baradaky tankytlary ret edýär

Düýn Azerbeýjanyň hökümeti ýekşenbe güni geçirilen parlament saýlawlary barada Amerikanyň öňe süren tankydy garaýyşlaryndan lapykeç bolandygyny mälim etdi.

Şol saýlawlarda ýurduň häzirki dolandyryjy partiýasy bolan «Täze Azerbaýjan» partiýasy berlen sesleriň aglaba köpüsine eýe bolupdy.

Azerbaýjanyň Daşary işler ministrligi ABŞ-nyň bu saýlawlaryň halkara standartlaryna laýyk gelmändigi baradaky pikirleri goldaýandygyny beýän etmegine özüniň geň galandygyny we lapynyň keç bolandygyny aýtdy.

Saýlawlardan ozal azerbeýjanly käbir hukuk goraýjy toparlar habar serişdelerine hökümetiň basyş edýänliginden şikaýat edipdiler. Azerbaýjanyň oppozision toparlary bolsa, saýlawlaryň galplaşdyryljakdygyna özleriniň ynanýandyklaryny aýdyp çykyş edipdiler.