Türkmenistanda ynsan ösüşiniň derejesi boýunça ýurduň görkezýän «oňyn netijeleri» aýratyn dabara bilen bellenilip geçildi.
Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Programmasynyň maglumatyna görä, Türkmenistan ynsan ösüşiniň derejesi boýunça öz görkezijilerini has-da gowulandyryp, 102-nji orunda durýan Özbegistandan, 109-njy orunda durýan Gyrgyzystandan we 112-nji orunda durýan Täjigistandan hem öňe geçip, 87-nji orna eýe bolupdyr.
Beýleki tarapdan, türkmen hökümetiniň adyna aýdylýan islendik öwgüler, aýratynam BMG ýaly täsirli halkara guramalary tarapyndan aýdylýan öwgüler, adatça, öz abraýy bu guramanyňkydan pes bolmadak ynsan hukuklaryny goraýjy köpsanly beýleki guramalaryň aýdýan garaýyşlaryna garşy bolup çykýar.
Çünki bu guramalar türkmen režiminiň dünýäde iň bir repressiw režimdigini nygtap gelýärler.
Çaprazlyklaryň sebäbi
Eger Birleşen Milletler Guramasynda Türkmenistandan nähilidir bir ykdysady bähbit gözlemek ýa-da ondaky demokratik prinsipleriň bozulmalaryny inkär etmek tendensiýalary bar bolanda, ony goşa standart syýasatyny ulanmakda-da aýyplap bolardy. Ýöne Türkmenistan babatda Birleşen Milletler Guramasynda bu tendensiýalaryň hiç biri-de ýok diýse bolar.
BMG we ÝHHG ýaly halkara guramalarynyň Türkmenistanyň problemalarynyň daşyndan aýlanyp geçmekleri, adatça, olaryň bütinleý başga bir ýagdaýy göz öňünde tutmaly bolýandyklary bilen baglanyşykly. Ol-da Türkmenistanyň häkimiýetleriniň henize çenli edilýän tankytlara konstruktiw reaksiýa bildirmegi başarmaýanlygyndadyr.
Islendik bir mesele boýunça, aýratynam, gumanitar meseleler boýunça edilýän iň bir ýumşak tankydy belliklerem türkmen tarapynda köre-kör garşylykly hüjümleri döredýär hem-de olaryň daşarky dünýä bilen gatnaşyklarynyň üzülmegine getirýär.
Alnyp barylýan dartgynly dialoglarda izolirlenmek usuly - Türkmenistanyň ulanmagy başarýan ýeke-täk guraly bolmagynda galýar.
«Türkmen» fenomeni
Birleşen Milletler Guramasy hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly halkara guramalary ozaly bilen Türkmenistanda iş alyp barmak mümkinçiliklerini öň hatarda goýýarlar we bu ugurda ýurduň hökümeti bilen dialoglara päsgel beräýjek ýagdaýlardan gaça durmaga çalyşýarlar.
Bu guramalaryň wekilleriniň pikirine görä, dialoglaryň kesilmegi diňe ýurtdaky ýagdaýlaryň ýaramazlaşmagyna getirer.
Hut şoňa görä-de, BMG we ÝHHG ýaly halkara guramalary Türkmenistanyň häkimiýetleri bilen nähilidir bir dialoglary saklap galmak üçin taryh, magaryf, demografiýa, saglygy saklaýyş, kanun goraýjy organlaryň işgärlerine tälim bermek ýaly gytaklaýyn pudaklar boýunça hyzmatdaşlyklara-da ýol agtarýarlar.
Şol bir wagtyň özünde-de, olar ýurtda «oňyn ösüşleriň» bardygyny bellemek usulyny-da pedagogik usul ýaly bir görnüşde ulanýarlar. Şeýle usullar bilen türkmen häkimiýetlerini imrindirmek arkaly bolsa, olar ahyrky netijede ýurduň häkimiýetleri liberal ösüşiň ýoluny saýlarlar diýip umyt edýärler.
Ýöne Türkmenistan ýaly kyn režimler bilen dialog alnyp barylmagyna pessimistik garaýyş bilen garaýan synçylar resmi Aşgabat bilen ýola goýuljak bolunýan bu gatnaşyklaryň, düýp özeninde, ýerliksiz we netije bermejek zatdygyny aýdýarlar.
Olar türkmen režiminiň repressiw tebigatyny paş etmek usulynyň has netijeli usul boljakdygyny aýdýarlar.
Türkmenistan babatda bu iki usuldan haýsy biriniň has ýerlikli boljakdygy baradaky mesele henizem ýiti mesele bolmagynda galýar.
Megerem, diňe ýurduň üstünden haýbat bilen abanyp duran izolirlemek paltasynyň ýok bolan halatynda we häkimiýetleriňem islendik bir tankyda adaty bolaýmaly zat hökmünde garap başlan halatynda bu mesele aradan aýrylsa gerek.
Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Bu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.