7-nji noýabrda Azerbaýjanda geçen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazananlar – prezident Ylham Alyýewe wepaly adamlar. Oppozisiýa saýlawda aldawçylyga ýüz urlandygyny aýdýar.
Ýurduň Merkezi saýlaw komissiýasynyň aýtmagyna görä, sesleriň 90 prosenti sanalypdyr. Alyýewiň “Ýeni Azerbaýjan” partiýasy hem 125 agzaly parlamentde 70-den agdyk ýer alyp, bu ýerde öz paýyny artdyrypdyr. Galan orunlaryň hem ählisini prezidente wepaly kandidatlar alana meňzeýär.
Merkezi saýlaw komissiaýasy, şeýle-de häkimiýet başyndaky partiýadan we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygydan saýlawa gözegçilik eden toparlar: “Ses berişlik erkin we adalatly geçdi” diýýärler. Ýöne oppozisiýa häkimiýet başyndaky partiýanyň ýurduň syýasy durmuşyna edýän agalygyny pugtalandyrmak maksady bilen güýçli aldawçylyga ýüz urandygyny aýdýar.
Ali Kerimli Azerbaýjanyň oppozision “Halk fronty” partiýasysyň başlygy. Ol düýn, ýekşenbe güni, hökümetiň öz ýaranlarynyň saýlawda ýeňiş gazanmagyny üpjün etmek üçin ähli administratiw çeşmelerden peýdalanandygyny aýdýar.
“Bu adamlar jogapkärçilik duýgusyny, hakykat duýgusyny bütinleý ýitirdiler. Olar dünýäde hiç bir adamyň etmeýän işini edýärler. Bu bir gaty howply ýol. Ol Azerbaýjany betbagtçylyga elter. Ylham Alyýew jogapkärçilik duýgusyny ýitirene meňzeýär. Men azerbaýjan halky birigip, oňa jogapkärçiligini ýatladar diýip, umyt edýärin” diýip, Kerimli aýdýar.
Oppozision Musawat partiýasynyň başlygy Isa Gambar hem ses berişligiň edil sowet döwründäki saýlawlar ýaly bolup geçendigini aýdýar.
Ýekşenbe güni parlamente saýlanan 81 adam parlamentiň öňki agzalary. Bu ugurda üýtgän zat ýok. Parlamente saýlananlaryň arasynda prezidentiň aýaly Mehriban Alyýewa we prezidentiň beýleki garyndaşlary-da bar.
Saýlawçylar gorkuzyldymy?
Afgan Mämmedow oppozision “Raýat we Ösüş” partiýasynyň agzasy. Ol şeýle hem Bakuwyň “Ýasamal” saýlaw okrugynda 15-nji saýlaw komissiýasyna gatnaşan adam. Mämmedow bu ýerde bolan bidüzgünçiligi şeýle suratlandyrdy: “Bu ýere ses bermäge ýerli telefon edarasynyň birnäçe işgäri geldi. Ýanlarynda şahsy dokumentleri we saýlaw çakylygy ýok. Olaryň elinde başga adamlara iberilen saýlaw çakylyklary bar. Gelip, şolaryň adyna ses berdiler”.
Mämmedow olara bu işi etdirmejek bolupdyr we bir subutnama bolsun diýip, muny filme-de düşüripdir. “Onsoň synçylaryň biri ýeňsämden maňa hüjüm etdi. Ol meni urup, telefon edarasyna gaçyp gitdi. Egin-başym ýyrtylyp, jübi telefonymy, şahsy dokumentlerimi ýitirdim. Ine, nähili ýagdaýdadygymy özüňiz görýärsiňiz” diýip, Mämmedow aýdýar.
Halkara adam hukuklary boýunça toparlar, şeýle hem Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň synçylary saýlawçylaryň gorkuzylandygy barada ynamdar maglumatlaryň bardygyny aýdýarlar.
Azerbaýjan nebite baý ýurt. Şol sebäpden ol energiýa babatda Orsýete garaşlylygyny çäklendirmäge Ýewropa üçin bir umyt bolup durýar. Ol şeýle hem Birleşen Ştatlaryň Owganystanada alyp barýan harby operasiýalaryna ýük aşyrmak üçin ulanylýan tranzit ýollaryň biri.
Oppozisiýa hökümeti ýurduň Günbatar üçin strategik taýdan möhümliginden peýdalanyp, gerekli demokratik reformalary geçirmeýänlikde aýyplaýar.