Yragyň ýolbaşçylary hökümet gurmak boýunça pikir alyşýarlar

Şu gün Yragyň syýasy ýolbaşçylary hökümet gurmak barada maslahatlaşmak üçin duşuşýarlar. Bu waka sekiz aýdan bäri hökümet gurmak boýunça dowam edýän ylalaşmazlyklaryň çözgüdine ýakynlaşylýanlygyny aňladýar.

Hökümetiň sözçüsi Ali Al Dabbag şenbe güni eden çykyşynda käbir syýasy partiýalaryň we syýasy bloklaryň arasynda 6-nji noýabrda ylalaşyga gelnenligini mälim etdi. Onuň aýtmagyna görä, bu ylalaşyk häzirki prezident Jalal Talabaniniň ýurduň ýolbaşçysy hökmünde öz wezipesini dowam etdirmegini hem öz içine alýar. Şol ylalaşyga görä, premýer-ministr Nuri Al-Maliki hem öz wezipesinde galar.

Ylalaşykda sünniler tarapyndan goldanylýan öňki premýer-ministri Iýad Allawiniň koalisiýasyna parlamente ýolbaşçylyk etjek kandidaty hödürlemek mümkinçiligi berilýär. Frans Press habar agentliginiň beren maglumatynda Iýad Allawiniň şol ylalaşyk baradaky maglumatlary tassyklandygy aýdylýar, emma Allawi ýokary derejeli wezipeler boýunça gepleşikleriň hem dowam edýänligini belledi.

Yragyň hökümet sözçüsi Ali Al Dabbag parlamente ýolbaşçy saýlamak barada henizem käbir problemalaryň bardygyny belledi. Ol 11-nji noýabrda parlament agzalarynyň ýygnanyşyp, täze ýolbaşçylaryny saýlajakdyklaryny çak edýänligini hem sözüne goşdy.

Bu ädimler täze hökümeti gurmak boýunça uly ähmiýete eýedir.