Aşgabat: Seçiniň aýdanlary “esassyz”

Ors hökümetiniň wise-premýeri Igor Seçin

Ýakynda Türkmenistanyň DIM-i resmi beýannama ýaýradyp, Orsýetiň resmi toparynyň Türkmenistana saparynyň yz ýany ors hökümetiniň wise-premýeri Igor Seçiniň ors metbugatynda çap edilen çykyşynyň mazmunyny “esassyz” diýip atlandyrdy.
Igor Seçin Hazarýaka gazgeçiriji proýektiniň doňdurylanlygyny, Orsýetiň kompaniýalarynyň Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gazgeçirijisiniň gurluşygyna gatnaşmaga taýýardygyny aýdyp, Türkmenistanyň Ýewropa bilen gaz hyzmatdaşlygynyň perspektiwalaryna şübheli garaýşyny beýan edipdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň beýannamasynda: “Orsýet resmileriniň aýdan sözleri ýurduň partnýorlarynyň öňündäki borçlaryny şübhe astynda goýýar, türkmen tarapy bu sözleri Türkmenistanyň energiýa boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň kadaly gidişine päsgel bermäge synanyşyk hökmünde kabul edýär” diýlip bellenilýär.

Türkmenistanyň Daşary işler ministliginiň beýannamasyna Orsýet tarapy entek resmi reaksiýa bildirenok. Bu barada Azatlyk Radiosyna Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugynda aýtdylar. Emma wise-premýer I.Seçiniň orsýet metbugatynda çap edilen sözleriniň onuň öz şahsy pikiri däl-de, eýse ors hökümetiniň pozisiýasydygyny synçylar belleýärler.

“Geň galdyrdy”

Türkmenistanyň ozalky diplomaty Nurmuhammet Hanamow wise-premýer I.Seçiniň Orsýetiň ýokary derejeli resmisi bolsa-da, onuň ýurduň prezidenti ýa premýer-minsitri tarapyndan rugsat berilmedik zatlary aýtmaga ygtyýarynyň ýokdugyny belledi.

Merkezi Aziýa boýunça analitik Artýom Ulunýan wise-premýer I.Seçiniň Orsýetde resmi kararlary kabul edýän ýolbaşçylar toplumyna girýänligini belledi.

2007-nji ýylda Türkmenistan, Gazagystan we Orsýet hazarýaka gazgeçirjisini gurmak boýunça ylalaşyga gol çekipdi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň beýannamasynda Aşgabadyň bu proýektiň özüne degişli böleginiň gurluşygyna başlanlygy aýdylyp, ors resmileriniň gazgeçirijiniň gurluşygynyň doňdurylýandygy baradaky çykyşynyň “geň galdyranlygy” bellenildi.

“Şeýle çykyşy eden tarap öz üstüne alan borçlaryny ýerine ýetirmeýär ýa-da ýerine ýetirmek islemeýär” diýlip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň 28-nji oktýabrda ýaýradan beýannamasynda nygtalýar.

Emma N.Hanamow wise-premýer I.Seçiniň sözleriniň Orsýetiň iş ýüzündäki hereketlerine gabat gelýänligine ünsi çekýär: “Hazar deňziniň ýakasyndaky turbanyň gurluşygy barada köpden bäri gürrüň edilýän hem bolsa hiç bir ädim ädilenok. Işläýin diýse, Orsýet ony derrew ýerine ýetirip bilerdi”.

Türkmenistan Daşary işler ministrliginiň resmi beýannamasynda ors resmisiniň Orsýetiň Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan proýektine goşulmaga taýýardygy baradaky sözlerine jogap edip, ors kompaniýalary bilen hiç hili ylalaşyga gol goýmanlygyny ýatlatdy.

Beýannamada Türkmenistanyň Orsýetiň daşyndan Ýewropa gaz akdyrmak üçin mümkinçiliginiň ýokdugy baradaky pikire hem jogap berlip, “Türkmenistan özüniň energiýa syýasatynda Ýewropa ugruny giňeltmegini dowam etdirer we etjek hyzmatdaşlygyny özbaşdak kesgitlär” diýip bellenilýär.

“Türkmenistan Ýewropanyň ynamly we abraýly kompaniýalary bilen dürli ugurlar, şol sanda energiýa ugrundan hem ylalaşyklara gol çekdi. Bu çäreler ykdysady we kommersiýa taýdan bähbitli. Orsýetiň satyn alýan türkmen gazynyň möçberini azaldandygy göz öňünde tutulanda, bu meseläniň ähmiýeti hasam güýçlenýär” diýip, Türkmenistanyň DIM-i öz resmi beýannamasynda belleýär.

Ýurtlaryň bähbitleri

Moskwa Ýewropa Bileleşiginiň “Nabukko” proýektini bu ugurdan öz öňe sürýän proýektlerine bäsdeş hasap edýär. Türkmen gazynyň Orsýetiň daşyndan Ýewropa akdyrylmagy, bir tarapdan, Moskwanyň ykdysady bähbitlerine ters gelýän bolsa, beýleki tarapdan, Orsýetiň regiondaky syýasy agramyny güýçlendirmek tagallalaryna päsgel berýär.

Sentýabr aýynyň başynda Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin “Nabukko” proýektini agzap geçipdi. Onuň sözlerine görä, “Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda Hazar deňziniň territorial bölünişigi boýunça bar bolan dawa proýektiň durmuşa geçirilmegini kynlaşdyrýar.

Merkezi Aziýa boýunça syýasy analitik A.Ulunýanyň pikirine görä, Türkmenistanyň Orsýetiň resmilerinden nägilelik bildirmegi Aşgabadyň öz energiýa syýasatynda Moskwanyň täsirini çäklendirmek boýunça nobatdaky ädimidir: “Türkmenistanyň ýolbaşçylary tebigy resurslardan öz islegine görä peýdalanmak isleýärler. Bu ilkinji nobatda-da ýurtdaky režimiň durnuklylygy üçin ähmiýetli”.

A.Ulunýanyň pikiriçe, şeýle pozisiýa Türkmenistanyň ýöredýän syýasatyna gabat gelýär we syýasy-jemgyýetçilik ýagdaýy gözegçilikde saklamak hem döwletiň girdeji bähbitlerinden daşary ýurduň aýry-aýry ýolbaşçylarynyň hem şahsy peýda görmek isleglerini öz içine alýar.

Öňki diplomat N.Hanamowyň pikirine görä, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Orsýetiň resmileriniň sözlerinden nägile bolmagyna gozgalan meseleleriň Türkmenistanyň hemmetaraplaýyn güýçli ösüşi yglan edýän syýasatyna kölege salýanlygy bilenem bagly bolmagy ahmal.

Emma N.Hanamow resmi beýannamalara garamazdan, Türkmenistanyň “Nabukko” goşulmak isleginiň bardygyna şübheli garaýar: “Nabukkonyň gürrüňini edip, Türkmenistan diktatura režiminden we adam hukuklarynyň gödek depelenmegi problemasyndan ünsi sowjak bolýar”.

Şu günki gün energiýa hyzmatdaşlygy ýurtlaryň ykdysady bähbitleri bilen deň derejede syýasy meselelere hem garaşly. Merkezi Aziýa boýunça syýasy analitik A.Ulunýan ykdysady we ilkinji nobatda energiýa meseleleriniň syýasatyň guraly bolup hyzmat edýänligini belledi.

Orsýetiň wise-premýeri I.Seçiniň ors metbugatynda aýdan sözleri we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýaýradan resmi beýannamasy Russiýa Federasiýasynyň prezidenti Dmitriý Medwedewiň Türkmenistana eden saparynyň yzysüre ýüze çykan waka. Emma resmi maglumatlarda Orsýetiň prezidentiniň Türkmenistana saparynyň şowly geçenligi habar berlipdi.