Täjigistanda üç sany söweşiji öldürildi

Düýn Täjigistanyň resmileri ýurduň demirgazygyndaky Isfara raýonynda milisiýanyň geçiren reýdi wagtynda azyndan üç sany söweşijiniň öldürilendigini mälim etdiler.
Ýurduň resmileri bu operasiýanyň Isfara raýonyndaky bir terror toparyna garşy geçirilendigini aýdýarlar.

Düýn Isfara raýonyndaky Çorkuh obasynyň ýerli administrasiýasynyň başlygy Nemat Olimow Azatlyk Radiosyna telefon arkaly beren interwýusynda bu operasiýanyň başlamazyndan öň bu obadan ýaşaýjylaryň wagtlaýynça çykarylandygyny aýtdy.

Ol operasiýanyň barşynda ýaragly söweşijileriň awtomatlardan ok atyp we granat zyňyp, garşylyk görkezendiklerini tassyklady: «Edil häzirki wagta çenli terrorçylardan üçüsiniň jesedi biziň ýanymyza getirildi. Olardan biriniň jesedi şahsyýetini anyklamak üçin raýon merkezine ugradyldy. Wakalar barada edil häzir bizde kän bir maglumat ýok».

Nemat Olimowyň aýtmagyna görä, ýaragly söweşijilerden azyndan biri aman sorap, özüni organ işgärlerine tabşyrypdyr, olardan ýene birine bolsa gaçyp gutulmak başardypdyr. Şeýle-de, ol ýerli polisiýanyň söweşijilerden azyndan biriniň gyrgyz milletindendigini anyklandygyny aýtdy.

Maglumata görä, Täjigistanyň Isfara raýonyndaky bu waka goňşy Gyrgyzystanyň Batken oblastynda-da howpsuzlyk çäreleriniň güýçlendirilmegine sebäp bolupdyr.

Azat Ýewropa Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugynyň Batken oblastyndaky habarçysy Janyş Aýdarow düýn iki ýurduň serhetlerine golaý ýerde Täjigistan tarapyndan ok sesleriniň birnäçe sagatlap eşidilendigini habar berdi. Şeýle hem, ol Täjigistan bilen serhetleşýän Batken oblastynda Gyrgyzystanyň öz harby we milisiýa güýçlerini artdyrýandygynyň göze ilýändigini mälim etdi.

Isfara raýony

Täjigistanyň Isfara raýony Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň serhetleşýän ýeri bolan Fergana jülgesinde ýerleşýär. Bu raýon belli bir derejede liberal oblast hasaplanylýan Sogd oblastynyň iň bir dini-konserwatiw bölegi bolup durýar.

Tutuş Merkezi Aziýada resmi taýdan hasaba alnan ýeke-täk yslam partiýasy hasaplanylýan Täjigistanyň «Yslam gaýtadan dikeldiş» partiýasy ýurduň diňe şu Isfara raýonyndan bu partiýanyň 4 müň 500 agzasynyň bardygyny aýdýar. Munuň özi tutuş ýurt boýunça bu partiýanyň iň köp agzasyny öz içine alýan raýondyr.

Mundan daşary, Täjigistanyň häkimiýetleri gadagan edilen käbir beýleki yslamçy guramalaryň we toparlaryň-da şu Isfara raýonynyň ýaşaýjylarynyň arasynda uly goldawdan peýdalanýandygyny aýdýarlar. Olaryň aýtmaklaryna görä, şol guramalaryň hatarynda Özbegistanyň Yslam Hereketi-de bar.

Şu aýyň başynda Täjigistanyň Içeri işler ministrligi şu Isfara raýonynyň ýaşaýjylaryndan azyndan 40-synyň Özbegistanyň Yslam Hereketi we käbir beýleki gadagan edilen dini toparlar bilen hyzmatdaşlyklary üçin gözleg astyndadygyny mälim edipdi.

Soňky ýyllar bu raýonyň ýaşaýjylaryndan ençemesi hut şular ýaly gadagan edilen ekstremistik dini guramalar bilen hyzmatdaşlyklary üçin tussag hem edildi.

Ýöne, şeýle-de bolsa, käbir ýerli ýaşaýjylar Täjigistanyň häkimiýetlerini ekstremizmiň howpy barada ýasama dowul döretmekde we musulmançylyga eýerýän parahat dindarlara basyş görkezmekde aýyplaýarlar.

Täjigistanyň demirgazygyndaky Isfara raýonynda amala aşyrylan düýnki howpsuzlyk operasiýasy ýurduň gündogaryndaky Raşt jülgesinde yslamçy ekstremistlere garşy alnyp barylýan harby operasiýalaryň fonunda ýüze çykdy.