Dünýäde pagta gymmatlaýar, daýhana bildirenok

Özbegistanyň kanunyna görä, ýurduň daýhanlary öz öndürýän pagtalaryny “Uzhlopkoprom” edarasynyň ýerli bazalaryna hökümetiň kesgitlän bahasy boýunça satmaly.

Soňky hepdeler pagtanyň dünýä bazaryndaky bahasy iň ýokary derejelere ýetdi. Emma dünýäde iň bir köp pagta eksportirleýji ýurtlaryň biri bolan Özbegistanda welin, pagta öndürýän daýhanlar bu ýagdaýdan hiç hili peýda görmeýärler.

Özbegistanyň raýaty Mamurjon Azimow we onuň maşgalasy bu ýurduň Jyzzak oblastynda ýyllarboýy pagtaçylyk bilen meşgullanyp gelýän maşgalalardan biri. Ýöne geçen ýyl Mamurjon Azimowyň döwletiň öňündäki uly bergisini üzüp bilmändigi üçin, onuň kärende ýeri elinden alnyp, ol işsiz galdyryldy.

Işsiz galan bäş çaganyň atasy Mamurjon Azimow özüniň bu düşen ýagdaýy üçin Özbegistanyň tas feodal sistemasyna meňzeş oba-hojalyk sistemasyny günäkärleýär.

Ol ýurduň oba-hojalyk sistemasynyň diňe prezident Yslam Karimow bilen baglanyşygy bolan az sanlyja syýasy elitany baýadýandygyny aýdýar. Mamurjon Azimowyň aýtmagyna görä, az-owlak pul üçin gulçulyk zähmetine mejbur edilýän daýhanlar ahyrky netijede döwletiň öňünde-de uly bergidar bolup çykýarlar.

Ol daýhanlaryň häzirki ýagdaýyny şeýle suratlandyrdy: “Pagtanyň bahasy her ýylyň başynda döwlet tarapyndan kegitlenilýär. Ýygylýan pagtanyň tölegini hem ýygym kampaniýasynyň edil öňüsyrasynda döwlet kesgitleýär. Ine bolany! Halkara bazarynda bolup geçýän zatlar bolsa, daýhanlara täsir edenok. Halkara bazarynda pagtanyň nyrhy ýokarlanaýanda-da, hiç kim daýhana artykmaç pul bermez. Dünýä bazarynda nyrhlar galsa, mundan diňe resmiler peýda görýärler”.

Gümürtik “Uzhlopkoprom”

Özbegistanyň kanunyna görä, ýurduň daýhanlary öz öndürýän pagtalaryny Özbegistanyň ähli raýonlarynda hereket edýän “Uzhlopkoprom” edarasynyň ýerli bazalaryna hökümetiň kesgitlän bahasy boýunça satmaly.

Ýurduň içinde resmi taýdan pagta üçin kesgitlenilýän baha onuň dünýä bazaryndaky bahasyndan üç esse töweregi pes. Ýöne iş ýüzünde köp daýhanlara bu bahadan hem has az tölenýär, ýagny, köplenç olar pagtanyň dünýä bazaryndaky bahasynyň ondan bir bölegi töweregini alýarlar.

Daýhanlar munuň sebäbini köplenç öz gowy hilli pagtalaryny “Uzhlopkoprom” edarasynyň pes hilli pagta görnüşinde satyn alýandygy bilen düşündirýärler.

“Uzhlopkoprom” döwlet kompaniýasynyň aksiýasynyň 51 prosentine Özbegistanyň hökümeti eýelik edýär. Emma onuň galan 49 prosent aksiýasyna kimiň eýelik edýändigi baradaky maglumat welin, jemgyýetçilikden gizlin saklanýar.

Ýöne bu waka bilen içgin gyzyklanýan žurnalistler we adam hukuklaryny goraýjy toparlar bu gürrüňi edilýän aksiýalara esasan prezident Karimowa ýakyn syýasy elitanyň hem-de onuň dogan-garyndaşlarynyň eýelik edýändigini öňe sürýärler.

Merkeze bagly...


Düýbi Britaniýada ýerleşýän we Özbegistandaky tebigatyň goralyşy, zähmet hukuklary hem-de çaga zähmeti bilen bagly meseleleri öwrenýän “Environmental Justice Foundation” atly hökümete degişli bolmadyk guramanyň direktory Julliet Wilýams Özbegistanda hemme ýagdaýa ýokardan gözegçilik edilýändigini belleýär.

Ol bu ýagdaýy, hususan-da, şeýle düşündirdi: “Esasy mesele Özbegistanyň henizem Sowet stilindäki buýruk beriji ykdysadyýete esaslanýanlygydyr. Pagta hem hökümet üçin strategik taýdan möhüm serişde bolup durýar. Hökümet her ýyl pagta söwdasyndan 1 milliard dollar töweregi girdeji alýar. Hökümet daýhanlary-da öz isleýän möçberinde pagta öndürmäge mejbur edýär. Sebäbi onum ondurmekde daýhanlaryň onunde başga çykalga hem goýlanok. Daýhanlar prezident Karimowyň we çäklije elitanyň bähbidi üçin işleýän ykdysadyýetiň aýrylmaz bir bölegi bolup durýarlar. Sebäbi pagta söwdasy şeýle bir gümürtik söwda welin, ondan ýokarky elita girýän islendik adam peýda görüp bilýär”.

Hökümet tarapyndan berilýän pagta planlarynyň ýerine ýetirilişine ýurtda prezident Karimow tarapyndan bellenilýän 13 sany oblast ýolbaşçysy jogap berýär.

Adam hukuklaryny goraýjy guramalar regionlarda pagta planlarynyň ýerine ýetirilýän halatynda regionyň ýolbaşçylarynyň kanun bozmalaryna we eden-etdiklerine merkezi hökümetde göz ýumulýandygyny aýdýarlar. Bu ýagdaý bolsa, olaryň aýtmaklaryna görä, onsuz hem ýagdaýlary ýeňil bolmadyk özbegistanly daýhanlaryň hukuklarynyň has-da ýaramazlaşmagyna getirýär.