Orsýetiň öňki premýeri bilen söhbet

Mihail Kasýanow

Orsýetiň ozalky premýer-ministri, häzirki wagt Orsýetdäki Halk Demokratik Birleşigine liderlik edýän Mihail Kasýanow bilen söhbetdeşlik.
Azatlyk Radiosy: Jenap Kasýanow, siz Orsýetde demokratik prinsiplere ýardamyň zerurdygyny aýdýarsyňyz. Siz bu zerurlygy nämede görýärsiňiz?

Mihail Kasýanow: Azatlyga ýardam bermek üçin hökman Konstitusiýa tarapyndan kepil geçilýän esasy raýat hukuklary babatda Orsýetiň hökümetiniň nähili syýasat alyp barýandygyna üns bermek gerek. Ol hukuklar gönüden-göni raýat hukuklaryny, şol sanda, ses bermek we saýlanmak ýaly esasy hukuklary-da öz içine alýar.

Emma şu günki gün Orsýetiň raýatlary bu hukuklardan mahrum edilen, olar ähli beýleki syýasy hukuklardan hem mahrum edilen ýagdaýda. Şoňa görä-de, bu demokratik prinsiplere goldaw bermek diýmek, Orsýetiň hökümetiniň bu ugurda amala aşyrýan kanun bozmalaryna göz ýummazlygy aňladýar.

Şeýle hem, bu häzirki režimiň raýatlary konstitusiýada we Orsýetiň boýun alan halkara borçnamalarynda kepil geçilýän hukuklardan mahrum edýändigi üçin ony ýerlikli tankyt etmäge-de esasyň bolmalydygyny aňladýar.

Azatlyk Radiosy: Siziň pikiriňizçe, prezidentlik kampaniýalarynda näderejede Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugynyň (FSB) täsirlerinden peýdalanylýar?


Mihail Kasýanow:
Ozaly bilen, edil häzirki ýagdaýlardan ugur alsak, meniň pikirimçe, ýurduň indiki prezidenti Putin bolar, ol eýýäm şeýle karara gelen bolmaly.

Onuň öz pikirinden dänmegi-de mümkin, ýöne, islendik ýagdaýda-da, ol FSB apparatynyň ýardamyna bil baglar. Ýurduň ähli regionlarynda sistema edil şol prinsip boýunça işleýär. Ýagny, ilatyň hakyky pikir-garaýşy barada maglumat toplanylýar.

FSB gullugynyň beýleki bir täsir ediş sferasy bolsa, häkimiýetleriň syýasaty bilen ylalaşmaýan adamlara täsir etmekden ybarat. Bu gurallaryň hemmesem şu günki güne çenli ulanylyp gelinýär. Häkimiýetler üçin iň esasy mesele bolsa, maglumat toplamak we şol maglumatlar bilen hem oýun oýnamak.

Azatlyk Radiosy: Jenap Kasýanow, siz Orsýetde orta gatlak ilat we kiçi telekeçiler üçin hiç hili ýagty gelejegiň görünmeýändigini aýdýarsyňyz. Ilatyň bu gatlagynyň esasy kynçylygy nämede we olar üçin nähili çykalga bar?

Mihail Kasýanow: Hawa, bu dogry. Sebäbi şu günki gün halk ýagdaý kem-kem öz-özünden gowulanar diýen umydyny ýitirdi. Ýagny, mundan öň käbir adamlar Medwedewiň prezident saýlanmagy oňyn özgerişlikleri getirer diýip pikir edipdiler.
Olar Medwedewiň kanuny ýol bilen saýlanman, eýsem onuň bellenendigi baradaky fakta hem göz ýummaga taýýardylar. Olar oňyn özgerişliklere garaşdylar. Ondan bäri iki ýarym ýyl geçdi, emma hiç hili oňyn özgerişlik bolmady, ýagdaý diňe ýaramazlaşmak bilen.

Ýagdaýa düşünýänler, ýagny orta gatlak ilat we telekeçiler ýagdaýyň oňyn tarapa özgermegi üçin hiç hili perspektiwa görmeýärler. Olar saýlawlaryň hem hakyky saýlawlar boljakdygyna ynanmaýarlar. Hut şoňa görä-de, olar öz gelejekleri barada aladalanýarlar. Olar nirede özleri üçin has gowy boljakdygy barada pikirlenip başladylar.

Ýurtdaky ýagdaý gün-günden ýaramazlaşýar, hususy biznese we adaty raýatlara görkezilýän basyşlar artýar. Şoňa görä-de, mümkinçiligi bolan adamlar ýurdy terk etmek barada çynlakaý pikir edýärler.

Azatlyk Radiosy: Siz Orsýetiň häkimiýetleriniň ýurduň ýaşlaryna diňe pul gazanmaklygy propaganda edýändigini aýdýarsyňyz we şeýle terzdäki propagandany tankytlaýarsyňyz. Şu barada-da aýdaýsaňyz?

Mihail Kasýanow: Hawa, pul - öz maksatlaryňa ýetmek üçin ýeke-täk mehanizm diýlip propaganda ýaýradylýar we režimi goldamaklyk ideýasy hem wagyz edilýär. Ýagny, režimi goldamaklyk döwrüň modasy diýen ýaly wagyz ýaýradylýar, ýaşlaryň aňyna hut şular ýaly düşünje ornaşdyrylýar.

Şeýle hem, daşary ýurtlulara we beýleki milletlere şowinistik we ulumsylyk bilen garamak medeniýeti-de ündelýär. Gynansak-da, munuň özi häzirki hökümetiň ýaşlara gönükdirilen propagandasynyň bir bölegi bolup durýar.