Täjigistanyň prezidenti resmi sapar bilen Kabula bardy

Duşenbe güni Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon Owganystanyň prezidenti bilen duşuşyk geçirmek üçin resmi sapar bilen Kabula bardy.

Gepleşikleriň dowamynda täjik-owgan serhedi we neşä garşy göreş barada maslahat ediler.

Mundan başga-da iki ýurduň bilelikdäki gurluşyk proýektleri barada gepleşik geçiriler, şol proýektleriň arasynda Owganystanyň üstünden geçjek Täjikistan – Päkistan awtoulag magistraly hem bar.