Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedewiň Türkmenistana sapary resmi taýdan türkmen prezidentiniň çakylygy bilen ýüze çykanam bolsa, görnüşine görä, ol iki tarap üçinem gerek.
Türkmenistan Moskwadan has garaşsyz pozisiýa döretmek üçin tagallalaryny aktiwleşdirýär. Orsýet bolsa soňky döwür Aşgabada-da, tutuş Merkezi Aziýa-da elinden sypyp barýan täsirini saklamaga dyrjaşýar.
Geçen ýyla çenli türkmen energiýa eksportyna Orsýet monopoliýasyny berk saklap gelýärdi. Emma geçen ýyl dörän dünýä ykdysady krizisi türkmen gazynyň satyn alnyş nyrhyny peseltmäge Orsýeti mejbur etdi.
Türkmenistan muňa açyk protest bildirdi, sebäbi öňki şertnamalaryň düzgüni bozulyp, täze baha birtaraplaýyn kesgitlenýärdi. Aradaky konflikt ösüp, Orsýete akýan türkmen gazynyň doly kesilmegine getirdi.
Göräýmäge Orsýet öz diýenini gögertdi, gazyň bahasyna ýaňadan seredildi. Ýöne Orsýet bu iş üçin türkmen gazyna bolan monopoliýasyny ýitirmek bilen töleg etdi.
Türkmenistanda ikinji bir güýçli energiýa müşderisi – Hytaý peýda boldy. Şonuň bilen ýanaşyk Eýrana akýan türkmen gazynyň möçberi-de artdyryldy. Bu sanalanlar bilen Aşgabat çäklenmedi. TOPH gaz geçirijiniň proýektini işlemek, ilerletmek boýunça hereketler aktiwleşdi.
Ikitaraplaýyn häsiýete eýe
Şeýlelikde, türkmen gazyny satyn alyjy, sarp ediji iň uly müşderi bolan Orsýet regiona syýasy täsirini-de ýitirip ugrady. Şonun üçin Dmitriý Medwedewiň Türkmenistana sapary ikitaraplaýyn häsiýete eýedir.
Bir tarapdan, Orsýet Merkezi Aziýada nädip hem bolsa öz täsirini saklamak isleýär, şoňa ýykgyn edýär. Öz gezeginde Türkmenistan üçinem Orsýet bilen gatnaşyklaryny ýitileşdirmek peýdaly däl, sebäbi Türkmenistan garaşsyz pozisiýasyny berkitmeginde Aşgabat üçin böwsüp bolmajak päsgelçilikler döretjek bolanok.
Golaýda Orsýet Merkezi Aziýa ýurtlary üçin oňaýsyz ýagdaýy regionda entek döredip bilýändigini görkezdi. Beýleki döwletleriň pikirine onçakly ünsem bermän, Moskwa Gyrgyzystanda oppozisiýany açyk goldady, hut şu ýagdaý, belki, Bakyýewi üstünlik bilen wezipeden taýdyrmaga ýardam edendir, onuň gitmeginiň esasy sebäpleriniň biridir!
Moskwa bilen açyk gapma-garşylyga girmeli däldigini Merkezi Aziýa ýurtlarynyň paýtagtlarynda hemmeden gowy bilýärler. Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew köp ýyllar bäri şeýle öwrümli, sapalakly pozisiýa wepaly bolup gelýär.
“Nabukko”
Türkmenistanyň Orsýetden daşlaşýandygy baradaky açyk syýasat bilen Moskwany öjükdirmeli däldigine Aşgabatda-da, elbetde, gowy göz ýetirýändirler.
Ondanam başga “Nabukko” proýektine gatnaşmak ideýasyndanam Aşgabatda el çekenoklar, şol proýekt boýunça türkmen gazy Orsýetden sowlup, Ýewropa akyp başlamaly. Elbetde, Orsýet bu ideýany goldamaýar.
Şol bir wagtda-da Moskwanyň Azerbaýjana gysyş görkezmezligi Türkmenistan üçin möhüm. Çünki “Nabukko” proýekti boýunça Aşgabat Baku bilen kyn, çylşyrymly gepleşikleri alyp barýar.
Regiondaky şunuň ýaly gatnaşyklaryň bulaşyk toplumy taraplaryň ikisindenem - türkmen, ors taraplaryndan hem özüniň we iki tarapyň bähbitlerini kanagatlandyryp biljek täze ýollar agtarmagy talap edýär.
Şeýlelikde, Medwedewiň Berdimuhamedow bilen duşuşygy, özleriniň indiki ädimleriniň häsiýetini we ugruny anyklamakda taraplaryň ikisi üçinem özboluşly synag bolsa gerek.
Aşgabat we Moskwa özüniň nämeler edip biljekdigine, birek-birekden nämelere garaşyp boljakdygyna göz etirmek isleýärler.
Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Bu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.