Wenesuela bilen Belarus nebit şertnamasyny baglaşdy

Wenesuelanyň prezidenti Hugo Çawez prezident Aleksandr Lukaşenka Wenesuelanyň Belarusyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryny geljek 200 ýylda nebit bilen doly üpjün etjegini wada berdi.

Wenesuelanyň prezidenti Hugo Çawez Belarusa sapar edip, bu ýurda soňy näbelli mukdarda nebit satmak barada ylalaşyk baglaşdy. Bu şertnamanyň bahasynyň 20 milliard dollar töwregi bolmagy mümkin. Bu ylalaşyk diňe Wenesuelanyň eksportuny ösdürmeýär, eýsem Minsk bilen Moskwanyň arasy açylan ýagdaýynda, Belarusa ýangyç kepilligini-de berýär.
Wenesuelanyň prezidenti Hugo Çawez Belarusa 16-njy oktýabrda sapara bardy. Ol prezident Aleksandr Lukaşenka Wenesuelanyň Belarusyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryny geljek 200 ýylda nebit bilen doly üpjün etjegini wada berdi.

Alyp barýan syýasaty Waşingtonyň gaharyny getirýän gyzmaç Çawez Birleşen Ştatlar bilen bir hörpden gopmaýan ýurtlar bilen arasyny sazlamaga ýykgyn edýär. Lukaşenko öz rezidensiýasynda iki ýurduň wekilleriniň arasynda bolan duşuşykda Çaweze sagbol aýtdy.

«Eziz Hugo, men size biziň halkymyza şu günki eňil bolmadyk pursatda edýän ummasyz uly kömegiňiz üçin ene bir gezek sag bolsun aýtmak isleýärin. Ýadyňdamy, sen bir gezek «Bize bil bagla» diýipdiň. Biz hem, siziň bize eden kömegiňiziň erine, Wenesuelanyň halkyna elimizden gelen ähli ýagşylygy etmäge taýýar» diýip, Lukaşenko belledi.

Çawez öz ýurdunyň Belarusa 2011-nji ýyldan başlap, üç ýyl wagt içinde 30 million tonna çemesi nebit iberjegini aýtdy. Bu ylalaşygyň bahasy 19,4 milliard dollar hasaplanýar. Köpçülik öňündäki dyzmaç beýanatlary bilen tanalýan Çawez Belarusyň häzirki günde ýüzbe-ýüz bolýan ýangyç problemalaryndan özüniň habarlydygyny aýtdy we «Belarusyň nebiti gaýtadan işleýän zowodlary gelýän 200 ýylda nebit ýetmezçiligini duýmaz» diýdi.

Orsýete kakdyryldy


Çawez bu sözleri aýtmak bilen, Belarusyň öňden gelýän energiýa hyzmatdaşy Orsýet bilen oňuşmazlyklaryny ýaňzydýardy. Orsýet Belarusa ýyllarboýy nebit-gaz eksport edýärdi we Minsk rus energiýalary üçin dünýä bazarynyň nyrhlaryndan has arzan töleg töleýärdi.

Emma Moskwa Belarusyň özünden alýan gaz-nebitiniň artykmajyny goňşy ýurtlara dünýä bahasyndan satmasyndan dergazap boldy. Netijede Orsýet iýun aýynda Belarusa iberýän gazyny üzül-kesil azaltdy. Onsoň bu ýagdaý beýleki ýewropa ýurtlaryny hem alada goýdy, sebäbi Orsýetiň Ýewropa Bileleşiginiň sarp edijilerini üpjün edýän gaz turbasynyň bir bölegi Belarusyň üstünden geçýärdi. Moskwa nebitiň bahasyna eksport töleglerini hem goşup, bahany 36 prosent çemesi galdyrandan soň, Minsk hem Orsýetden alýan gazyny azaltdy.

Orsýet bu meselede Belarus bilen umumy dil tapyşmak we Ýewropanyň aladalaryny azaltmak üçin tagalla etdi. Mysal üçin, 15-nji oktýabrda, Çaweziň Belarusa saparynyň öň ýanynda, Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin Gazpromy Belarus bilen 2015-nji ýyla çenli gaz ylalaşygyny baglaşmaga çagyrdy.

Çawez altynjy gün Lukaşenko bilen duşuşygynda öz ýurdunyň nebit tankerleriniň Baltika deňzine we Gara deňze çenli ýangyç getirip biljegini, soň ol ýangyjyň ýük maşynlary ýa demir ýol arkaly Belarusa getirilip biljegini aýtdy.

Şeýle-de Çawez Lukaşenkonyň dekabrda geçjek prezident saýlawlarynda şek-şübhesiz eňiş gazanjagyna ynam bildirdi.

Çawez Belarusa Orsýete saparyndan soň geldi. Ol bu ýerden Ukraina, soňra Eýrana we Siriýa sapar edýär.