Karaçi şäherinde bärsinden 25 adam heläk boldy

Päkistanyň günortasyndaky Karaçi şäherinde soňky bir gije-gündiziň dowamynda birnäçe syýasy hem etnik toparlaryň wekilleriniň arasynda bolan çaknyşyklarda bärsinden 25 adam ölüp, onlarçasy ýaralandy.

Şu ýylyň awgust aýynda Päkistanyň iň täsirli partiýasyndan deputat öldürilensoň düýn, bazar güni Karaçide regional assambleýa goşmaça saýlawlar geçirildi. Deputat öldürilenden soň şäherde dörän tolgunyşyklarda heläk bolanlaryň sany ýüz adamdan geçipdi.

Karaçi Päkistanyň uly şäheri bolmak bilen, onuň senagat merkezi hem deňiz portudyr.