Türkmenistanda Nyýazow döwrüni yzyna dolap getirmäge islendik synanyşyk geçmişiň gaýtalanmasy ýaly bolup görünýär. Ýöne şol synanyşyklaryň hiç hili geljegi ýok, onuň birinji sebäbi, eger “Türkmenbaşy” döwrüniň başdan-aýak diktatura gaplanan ýagdaýy gaýtalansa, häzirki ýolbaşçylaryň geljek barada öňe sürýän planlarynyň barysy pagyş-para eräp, ýok bolup gider. Şunuň bilen bagly Milli howpsuzlyk ministrliginiň häzirki gazaply aktiwlik tolkuny Türkmenistany daşarky dünýä üçin, daşarky dünýäni türkmen jemgyýeti üçin açmak baradaky häkimiýetleriň konstruktiw tagallalaryna ters gelýär.
Göräýmäge, ýakyn geçmişiň hasratly diktatura döwri baradaky ýatlamalary adamlaryň gündelik durmuşyndan aýyrmak üçin häkimiýetleriň eden işi azam däl ýaly. Altyn Nyýazowyň baş obrazy adamlaryň gözünden ýitirim edildi. Ýöne ýurtda howpsuzlyk gullugynyň işi welin, hernäçe geňem bolsa, öňküsi ýaly saklanyp galdy. Ýörite gulluklaryň ulanýan usullar toplumy-da öňküleri ýaly. Milli howpsuzlyk ministrliginiň şeýle kampaniýa başlamagynyň sebäbi düşnüksiz bolsa-da, onuň nyşanalary belli. Garaşsyz žurnalizm ojaklary esasy obýektleriň biri.
Sowet usuly
Häkimiýetleriň gözegçiliginde bolmadyk žurnalistlere gysyşlaryň güýçlenmegi aýratyn bir görnüşe hem häsiýete eýe boldy. Ýörite gulluklar hemişe sowet zamanyndan galan usullara ýüz urýarlar. Şol usullar, elbet-de, dogan-garyndaşlary gorkuzmak, işden kowmak, daşary ýurtlara goýbermezlik we ş.m. çäreleri öz içine alýar. Ýöne indi döwür üýtgedi, bu kampaniýa dünýä jemgyýetçiliginiň ünsünden daşda galyp, ýa ondan sypyp bilmez. Häkimiýetlere-de, bir tarapdan, protestleri äsgermezlik etmek, ikinji tarapdan-da, özüniň položitel obrazyny döretmek ýeňil düşmez, gaty kyn bolar. Türkmenistanyň ýörite gulluklarynyň şu günki aktiwliginiň beýleki taraplary-da yz galdyrman bilmez.
Daşary ýurtlara gidip okamak isleýän köp sanly studentler bilen bagly hiç kim tarapyndan düşündirilmeýän türkmen ýörite gulluklarynyň berk pozisiýasy şu wagta çenli dowam edýär. Ýurtdan çykarylmazlygynyň sebäbi düşündirilmedik studentler toparynyň aeroportlarda oturandygy barasynda dürli ýerlerden maglumatlar gelip gowuşýar.
Öz wagtynda ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillary Klinton studentleriň islän ýerinde bilim almagyna rugsat bermäge türkmen häkimiýetlerini açyk çagyrypdylar. Göräýmäge, Aşgabatda iň ýokarda oturanlar bu çagyryş bilen ylalaşan ýaly, oňa razy ýaly. Ýöne bu meselede howpsuzlyk güýçleriniň döwi rüstem gelene meňzeýär. Häkimiýet şol güýçleri hasaba almanam biljek däl.
Emigrasiýada ýaşaýan türkmen oppozisiýa wekilleriniň adresine atylýan haýbatlar baradaky maglumatlar aýratyn bir görnüşe eýe boldy. Dünýäniň habar agentlikleri adam hukuklary boýunça “Türkmen initsiatiwasy” toparynyň ýolbaşçysy Farid Tuhbatullinden türkmen ýörite gulluklarynyň fiziki taýdan ar almak mümkinçiligi barada ýazýarlar. Şol habarlarda Türkmenistanyň MHM-i Aşgabat üçin islenmeýän bir kontekstde görünýär. Netijede tutuş ýurduň üstüne gara bulut örtülýär.
Halkara guramalaryň reaksiýasy
Türkmen ýörite gulluklarynyň alyp barýan işlerine, indiki niýetlerine özüniň çürt-kesik garaýşyny adam hukuklaryny goraýjy täsirli halkara guramalary – Amnesty International bilen Human Rights Watch guramalary beýan etdiler.
Bu iki guramanyň çap eden press-relizinde Farid Tuhbatullinden mümkin boldugyça sessiz-üýnsüz dynmagyň mümkinçilikleri boýunça Türkmenistanyň MHM-niň ýolbaşçy işgärleriniň planynyň gizlin maslahaty paş edilýär. Şol maslahata gatnaşanlar adam hukuklaryny goraýjyny zyýansyzlandyrmakda soň nämäniň nämedigini anyklamagyň juda kyn bolan görnüşi – köçe-ýol hadysasy ýa ýüreginden tutana meňzeş formalary saýlamagy teklip edipdir.
Amnesty International bilen Human Rights Watch guramalary ýörite gulluklaryň adresine bildirilýän bu aýyplamany derňemäge we şeýle wakanyň asla bolmajakdygyny kepillendirmäge türkmen ýolbaşçylaryny çagyrdy. Bu iki gurama halkara jemgyýetçiligine ýüzlenip, Türkmenistanyň öz üstüne alan halkara borçlaryna laýyklykda Tuhbatulliniň adam hukuklaryny goramak işini dowam etdirmegine türkmen häkimiýetlerinden anyk, çürt-kesik ynandyrma almaga çagyrdy.
Türkmen ýörite gulluklarynyň gazaply aktiwligi bilen bagly bolýan bu wakalaryň logikasy düşnüksiz bolup galýar - şeýle ýagdaý näme üçin bolýar? Ol gysga wagtlyk geçmişiň gaýtalanmasymy ýa-da uzak wagtlyk döwlet programmasynyň bir bölegimi? Şol gazaplylyk türkmen häkimiýetleriniň reklama edýän parahatçylyk söýüji syýasaty hem alan halkara borçlaryna wepalylygy bilen nähili sazlaşar?
Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Bu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.