Gazagystanda sekiz adam ýol heläkçiliginde öldi

Gazagystanyň Garagandy welaýatynda sekiz adam awtomobil heläkçiliginiň pidasy boldy.

Ölenleriň altysy Özbegistanyň graždanlary diýip, ýerli kanun goraýjy organlar habar berýär.

Öten agşam Almaty-Ýekaterinburg ýolunda iki ýolagçy awtobus bilen iki ýük maşyny çaknyşdy. Çaknyşykdan soň awtobuslar we bir ýük maşyny ýandy.

Polisiýanyň maglumatyna görä, wakanyň günäkäri garşylykly ýola çykan Mersedes kysymly awtobusyň sürüjisidir.