Haýbatlar umytlary puja çykarýar

Soňky birnäçe waka Türkmenistanyň güýç ulanyjy edaralarynyň işini daşary ýurtlarda has-da aktiwleşdirendigine şaýatlyk edýär.
ÝHHG-niň Warşawada geçen ýyllyk konferensiýasyna bosgunlykda döredilen Respublikan oppozision partiýanyň lideri Nurmuhammet Hanamow we “Watan” syýasy-jemgyýetçilik hereketiniň başlygynyň orunbasary Annadurdy Hajyýew goýberilmedi. Konferensiýanyň üçünji güni amerikan we beýleki ýurtlaryň deleasiýalarynyň gapdaldan bildiren protestleriniň netijesinde A.Hajyew konferensiýa goýberildi.

Warşawadaky konferensiýa üçünji gatnaşmaly adam- adam hukuklary boýunça “Türkmen inisiatiwasy” toparynyň baştutany Farid Tuhbatullindi. Konferensiýanyň birinji güni beýleki kärdeşlerini goýbermändiklerini eşidip, ol Warşawa gitmegi goýbolsun etdi.

Hüjüm plany

Şol aralykda fiziki taýdan ar alynjakdygy bilen Tuhbatullina haýbat atylýandygyny halkara metbugaty habar berýär. Tuhbatulliniň tassyklamasyna görä, haýbatyň Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginden çykýandygy baradaky maglumat emigrasiýa çeşmelerinden gelip gowşupdyr.

Şol çeşmeleriň örän ynamdardygyny Farid Tuhbatullin nygtaýar. Şol maglumaty alansoň Tuhbatullin ähli faktlary neşir etmezden ozal, olary barlatmak üçin Awstriýanyň häkimiýetlerine tabşyrmak kararyna geldi. Ýöne iki gün geçenden soň, 11-nji oktýabrda türkmen ýörite gulluklarynyň özüne hüjüm etmegi planlaşdyrýandygy barasynda başga bir çeşmeden tassyklama alýar.

Şondan soň Tuhbatullin bu maglumaty özüne garşy taýýarlanýan ar alşa garşy halkara protestleriniň döremegine getirer diýen umyt bilen Halkara köpçülikleýin habar serişdelerine ýetirmek kararyna gelýär.

Abanýan howp barada maglumat beren çeşmelere görä, türkmen agentleri hüjümi awtomobil çaknyşygy ýa-da birdenkä ýüreginden tutan, infarkt ýaly görnüşde amala aşyrmaly. 28-nji sentýabrda Tuhbatulliniň K+ telekanalyna interwýu berip, adam hukuklary meselesinde türkmen hökümetini tankytlamagy muňa sebäpleriň biri bolmagy mümkin.

Interwýuny birnäçe gezek görkezdiler. Näbelli hakerleriň hüjümi netijesinde geçen hepde “Türkmen inisiatiwasynyň” Web saýtynyň işlemändigini-de Tuhbatullin habar berdi. Türkmenistanda internetiň hereket edýän meýdanyna saýtyny çykarmagyň ýoluny üýtgetmäge “Türkmen inisiatiwasy” mejbur boldy.

Daşary ýurtlarda ýaşaýan oppozision aktiwistleriň garşysyna türkmen ýörite gulluklarynyň şunuň ýaly aktiwlik görkezmegi birinji gezek bolýan ýagdaý däl. Bosgunlykdaky oppozisiýa wekilleriniň garşysyna Saparmyrat Nyýazow döwründe-de ençeme gezek aw gurnalypdy.

Çapraz gelýär

Farid Tuhbatulliniň K+ telekanalyna beren ýekeje interwýusy türkmen häkimiýetlerinde nädip şunuň ýaly güýçli reaksiýa döredip bildikä? Şol kampaniýa hat-da prezidentiň özem çekildi.

Hut şol günler Gurbanguly Berdimuhamedow Milli howpsuzlyk ministrliginiň döredilmeginiň 19 ýyllygy mynasybetli howpsuzlyk organlaryna gutlag haty bilen ýüzlendi. Hat diňe bir umumy gutlag hem baýramçylyk arzuwlary bilen çäklenmedi. Prezident güýç ulanyjylary türkmen jemgyýetiniň agzybirligini we raýdaşlygyny bozmaga synanyşyk üçin demokratik döwlete “töhmet atýanlara” garşy barlyşyksyz göreş alyp barmaga çagyrdy.

Ýörite gulluklara şunuň ýaly operatiw çagyryş-ýol görkezmeler, ugur salgy bermeler prezidentiň özüniň we türkmen döwletiniň ideologiýa maşynynyň beýleki programmalaýyn çykyşlaryna çapraz gelýär. Ol ozaly bilen tükeniksiz reklama edilýän “açyk gapylar syýasatyna” we syýasy partiýalar döretmäge çenli baryp ýetýän ýurduň içki durmuşyny liberallaşdyrmak, açyklaşdyrmak barada berilýän wadalara degişli.

Şunuň ýaly ideýalar ýurduň içinde käbir umytlary oýarsa, daşary ýurtlarda Türkmenistan daşarky dünýä üçin açylar dien tamany döredýär. Başgaça pikir ýöredýänlerden ar almak bilen bagly dörän haýbatlar şol umytlary puja çykarýar, ony amala aşmakdan alyslara taşlaýar. Assarly umytlaryň hakykylygyna kim ynanar?

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Bu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.