Şu gün Wengriýanyň hökümet resmileri zäherli himiki galyndylaryň saklanýan rezerwuarynyň diwarlarynyň gutulgusyz ýagdaýda ýumrulmak howpunyň bardygyny mälim etdiler.
Geçen hepdäniň duşenbe güni Budapeşt şäherinden 160 kilometr günorta-günbatarda zäherli himiki läbigiň saklanýan bu beton rezerwuarynyň diwarynyň bir böleginiň ýykylmagy netijesinde, onuň golaýyndaky ilatly punktlaryň üstünden suwuk läbik akyp geçipdi. Şol wakanyň netijesinde 7 adam öldi we köp adamlar bu howply himiki läbikden zäherlendiler.
Bu himiki läbigiň saklanýan rezerwuary uly territoriýany tutýar. Ýerli resmiler onuň diwarlaryna ýene-de ýumrulmak howpunyň abanýandygyny aýdýarlar.
Häzirki wagt geljekki howpuň öňüne böwet goýmak üçin ýüzlerçe meýletinçiler himiki läbigin akaýmagynyň mümkin bolan ugrunda uzynlygy 600 metrlik damba gurýarlar.