Täjigistanda yslam atlaryna isleg artýar

19 ýaşly duşenbeli student Muhammet şu ýylyň başlaryna çenli Şahruh ady bilen tanalýardy. Emma ol ýakynda öz adyny Muhammet pygamberiň ady bilen çalyşdy.

“Men bu baradaky karara ýuwaş-ýuwaşdan geldim” diýip, Muhammet onuň sebäbini şeýle düşündirýär: “Men yslam barada has köp zatlar öwrendim we özüm üçin mynasyp musulman ady saýlamak isledim. Ahyrzamanda ähli adamlar öz birinji ady bilen çagyrylarmyş, men özümiň Muhammet diýlip çagyrylmagymy isledim” diýip, birinji adyny “Muhammet” adyna çalşan täjigistanly ýetginjek aýdýar.

Soňky wagtlar Täjigistanda öz dünýewi adyny musulman atlary bilen çalyşýanlaryň sany barha artyp barýar. Bu sanawa goşulýanlaryň aglabasy Muhammet ýaly ýaşy 20-ä ýetmedik ýetginjekler. Mundan daşary, Täjigistanda täze doglan çagalaryna musulman atlaryny dakýan ene-atalaryň sany-da soňky döwürlerde barha artýar.

Synçylaryň güwä geçmegine görä, bu täjigistanly ýetginjekleriň arasynda yslamyň täsiriniň barha güýçlenip barýanlygyny aňladýar.

Has söýülýän atlar

Täjigistanyň Ilaty hasaba alyş edarasynyň resmisiniň maglumatyna görä, paýtagt Duşenbede täze doglan her bäş gyz çagadan birine yslam ady dakylýar, olaryň arasynda iň ýygy duş gelýänem Sümeýýedir. Gyzlara dakylýan atlaryn arasynda Asiýa we Oýşa ýaly musulman atlary hem köp dakylýan atlar.

Täjigistanyň Ilaty hasaba alyş edarasynyň ýolbaşçylaryndan biri Zeba Babajanowa bu barada şeýle diýýar: “Biz şeýle atlary mundan bäş ýyl ozal asla eşitmezdik. Öňler täze doglan çagalara dakylýan atlaryň arasynda eýranlylaryň Guguş ýa-da hindileriň Anohito ýaly atlary-da örän meşhurdy”.

Täjigistanda häzir gyzlara köp dakylýan Oýşa diýen at (arap dilinde Aýşa) Muhammet pygamberiň aýallaryndan biriniň ady. Asiýa diýen at bolsa Gurhanda agzalýan iň meşhur musulman gyz atlaryndan biri. Dini ýazgylara görä, Sümeýýe diýen at yslamyň ilkinji şehitlerinden biriniň adydyr.

Täjigistanda täze dogulýan oglanlara soňky döwürlerde ene-atalar tarapyndan has ýygy dakylýan atlar Muhammet, Ýusup, Abdylla we Ebabekirdir. Käbir ýerli teologlar we ymamlar hem halky täze doglan çagalara musulman atlaryny dakmaga höweslendirýärler.

Täsir edýän faktorlar

Täjigistanyň günortasynda ýerleşýän Kulob etrabynyň metjidiniň ymamy Hajy Mirza Ibranow ýerli dini lider hökmünde Muhammet pygamberiň Hadyslary bilen düzgünler bilen halky tanyşdyrmaklygyň öz borjy bolup durýandygyny aýdýar: “Men halka Hudaýyň Abdylla we Abdyrahman ýaly atlary halaýanlygyny aýdýaryn. Ol halanýan atlar, umuman, ‘Abd’, ýagny, ‘gul’ diýen söz bilen başlanyp, Hudaýyň haýsydyr bir ady bilen dowam edýän islendik atlardyr. Meselem, Abdylgahhar, Abdylmannan we Abdyrahym ýaly atlardyr. Biz Hadyslara salgylanyp, halka Hudaýyň şeýle atlary halaýanlygyny düşündirýäris”.

Yslamyň günsaýyn güýçlenip barýan häzirki döwründe Täjigistanda ymamlara we mollalara juda sarpa goýulýar. Ýaş oglanlar bolsa 6-7 ýaşlaryndan başlap, agşam namazlaryny öýleriniň ýakynyndaky metjitlerde okaýarlar we namazdan soň hem ymamlar olaryň öňünde çykyş edýärler. Mundan daşary, ýerli dini liderleriň çykyşlarynyň ýazgylaryny hem bazarlardan satyn alyp bolýar.

Duşenbeli synçy Dilşat Rahymow şeýle ýazgylaryň ýaşlara uly täsir ýetirýänligini belleýär. Medeniýet we sungat boýunça bilermen Dilşat Rahymow öz adyny yslam atlary bilen çalyşýan adamlaryň öz dini kimligini milli kimliginden öňde goýýandyklaryny aýdýar. Ol: “Elbetde, ähli adamlaryň özüne we çagalaryna islän adyny dakmaga hukugy bar. Emma mana adamlaryň bu hereketi çakdanaşa yrymçyl hereket bolup görünýär” diýip belledi.

Dilşat Rahymow, beýleki tarapdan, musulman adyny götermegiň adamyň hakyky musulmandygyna güwä geçýän alamat däldigini hem öňe sürdi: “Hakyky musulman bolmak üçin seniň yslamy adyň bolmagy hökmän däl. Meselem, Eýran yslam respublikasynda adamlar öz dinine uýýarlar, emma olar arap ýa dini atlary götermeýärler”.

Mundan 5-6 ýyl ozal eşidilmedik atlaryň ýüze çykyp başlamagyna sebäp bolan zatlardan biri hem Sowet Soýuzynyň dargamagyndan soňra Täjigistanda yslamyň güýçlenmegidir. Adyňy üýtgetmek prosesiniň Tajigistanda uzak býurokratik kynçylyklardan geçmegi talap edýändigine garamazdan, bu ýurtda öz adyny musulman ady bilen çalyşmaga isleg bildirýänleriň sany welin köpelmese, kemelmeýär.

Şahruh adyny Muhammet ady bilen çalşan 19 ýaşly täjigistanly ýetginjek öz ene-atasynyň we dostlarynyň bireýýäm özüniň täze adyna öwrenişendiklerini we häzirki wagt özi üçin munuň ýeterlikdigini aýdýar.