Harby borjuň aňyrçäk möhleti azaldylar

Türkmenistanyň Mejlisiniň “Harby borç we harby gulluk” baradaky makullan kanunynyň taslamasynda ýurtda harby borjuň aňyrçäk möhleti azaldylyp, 30 ýaşdan 27 ýaşa çenli aşak düşürilýänligi habar berildi.
Türkmenistanda harby borjuň aňyrçäk möhletini 30-dan 27 ýaşa getirmek barada Mejlis tarapyndan makullanan kanunyň güýje girmegi üçin oňa Türkmenistanyň prezidentiniň gol çekmegi zerur.

Türkmenistanly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew harby borç boýunça aňyrçäk möhletiň 27 ýaşa çenli azaldylmagy bilen ýurduň Sowet Soýuzy döwründäki düzgüne dolanyp gelýändigini belledi. Bu tejribe ençeme beýleki ýurtlaryň, şol sanda Orsýetiň düzgünlerine hem gabat gelýär.

A.Bugaýew harby borçlulygyň möhletiniň çäklendirilmegine ýerlikli çäre hökmünde garaýa: “Gündogar mentalitetinde ýigitler ir öýlenip, 27 ýaşdan soň harby gulluga alnanda eýýäm 3-4 çagaly adam bolýarlar. Şu nukdaýnazardan seredeniňde-de, adamyň güýç-kuwwat hem biologiki aýratynlyklary taýdan garanyňda-da ýaşyň täsiri bar”.

Bugaýewiň pikiriçe, Türkmenistanyň düýpli harby reformany geçirmegi zerur. Üstesine ýurduň bitaraplyk statsusy döwletiň öz harby pudagyna aýratyn çemeleşmegine esas döredýär: “Bitaraplyk statusyna eýe bolan we harby guramalara goşulmaýan ýurtda harby borç möhletiniň iki ýyl bolmagyna zerurlyk ýok. Üstesine alternatiw harby goşun gullugyny döretmäge zerurulyk bar”.

Harby reforma geçirilse, bu goşunyň hil taýdan gowulanmagyna we gulluk edýänleriň harby borjuny höwes bilen ýerine ýetirmegine mümkinçilik döreder diýip, A.Bugaýew pikir edýär.

Goşun gullugyndan gaçmak

Goşunda gulluk şertleriň agyrlygy, hatda gulluk edýänleriň janyna ýa saglygyna howp döredýän ýagdaýlaryň ýüze çykmagy ýaşlaryň Watanyň öňündäki harby borjuny ýerine ýetirmekden dürli ýollar arkaly boýun gaçyrýanlygyna esasy sebäp bolýar.

Öňki sowet sistemasyndan geçen döwletleriň ençemesinde harby borç möhleti dolýança daşary ýurtlarda galmak goşun gullugyndan gutulmak isleýän ýaşlaryň ençemesi üçin çykalga hökmünde ulanylýar. Emma synçylaryň pikirine görä, şeýle tejribe Türkmenistanda giňden ulanylmaýar.

Merkezi Aziýa boýunça bilermen, syýasy analitik Artýom Ulunýan Türkmenistanyň çakdanaşa ýapyklygy we ilat köpçüliginiň sosial-ykdysady ýagdaýynyň agyrlygy sebäpli daşary ýurtlara gitmek we aýratynam ýurduň daşynda ýaşamak türkmenistanly ýaşlaryň köpüsi üçin elýeterli däl. Emma şol bir wagtda-da daşary ýurtlarda ýaşaýan ýaşlaryň sany ýyl-ýyldan köpelýär.

Ýazyjy A.Bugaýewiň sözlerine görä, ýaşlaryň Türkmenistanyň daşyna gitmegine ýurtda bilim almaga we işlemäge mümkinçiligiň ýoklugy esasy sebäp bolýar. Emma şeýle ýaşlaryň ýurtda galan ene-atalaryna harby gulluk bilen baglylykda käte azar berilýär.

Harby reformalar

Türkmenistanyň goşun gullugyna degişli käbir reformalar garaşyzlyk döwrüniň ilkinji ýyllarynda hem geçirilipdi. Hususan-da, 1990-njy ýyllarda Türkmenistanyň milli goşuny öz-özüni üpjün etmek düzgüne geçirilipdi.

Goşunyň azyk üpjünçiligi harbylaryň öňünde goýlan esasy maksatlaryň biri hökmünde resmi derejede kesgitlenipdi. Goşun gullukçylary harby gullugy halk hojalygynyň ähli ugurlarynda işläp geçmäge borçly edilip, oba hojalygynda, gurluşykda, köçe süpürmek, otlularda hyzmat etmek we keselhanalarda sanitar bolmak ýaly işleri ýerine ýetiripdi.

Häzirki wagtda şol düzgünleriň käbiri ýatyryldy. Emma harby gullukçylaryň arasynda döwlet edaralarynyň gapylarynda sakçy hökmünde ulanylýanlaryň henizem bardygyny A.Bugaýew gürrüň berdi.

Syýasy analitik A.Ulunýanyň pikirine görä, Türkmenistanyň harby pudagyny doly kämilleşdirip, goşuny harbylaryň sany, harby-tehniki üpjünçiliginiň hili we harby strategik planlaşdyrylmagy taýdan gowy derejä ýetirmäge maliýe mümkinçilikler bar. “Muňa garamazdan, Türkmenistanyň harby pudagynda edilýän işleriň köpüsi şu günki güne çenli esasan göz üçin geçirilýän çäreler bilen çäklenilýär”.

Türkmenistanyň kanunlaryna göra, goşun gullugyna 18 ýaşdan başlap çagyrylýar. Emma kanunda ýaşlaryň goşun gullugyna öz islegi boýunça 17 ýaşdan çagyrylmagy hem göz öňünde tutulýar. Ýerli synçylaryň sözlerine görä, bu düzgüniň girizilmegine ýurtdaky ençeme sosial kynçylyklar sebäp bolupdy. Aýratynam orta mekdepler 9 ýyllyga geçirilende we ýokary okuw jaýlaryna girmek üçin ýaşlaryň hökman iki ýyl iş tejribesi bolmaly diýen düzgün girizilende, şeýle-de ýurduň agyr işsizlik şertlerinde ýaşlaryň goşuna has ir çagyrylmagyna zerurlyk döräpdi.