Mejlis

Narodetski: "Hat-da mekdep okuwçylaram deputatlaryň ýurtda hiç hili rol oýnamaýandygyna düşünýärler".

Halkara dokumentleri makullananda, eger oňyn seslenmelerdir öwgüler hasaba alynmasa, deputatlar tarapyndan jemgyýetçilik derejesinde hiç hili analiz, teklip edilmedi.

Dünýäniň beýleki döwletlerinde, hat-da postsowet giňişliginde-de ratifikasiýa, makullama prosesi gyzgyn jedeller, diskussiýalar bilen geçýär. Ukrainanyň, Moldowanyň parlament münberlerinde, hat-da gulak asyjy Gazagystanyň deputatlar korpusynda-da maslahat edilýän ylalaşyklara goşmaçalar teklip edilýär, tekstleri has anyk, çöp döwen ýaly etmäge çagyryşlar ýaňlanýar. Makullamak üçin teklip edilýän dokumentler barasynda jedelleriň gyzýandygy, tankytlaryň ýagýandygy barasynda aýdyp oturmagam hökman däl.

Häzirlikçe şeýle prosesler türkmen parlamentinde ýok. Şonuň üçin deputatlaryň funksiýasy hökümetiň hökman makullamak üçin eden islendik teklibini goldamak bilen çäklenýär. Şeýlelikde Mejlis hakykat ýüzünde beýleki döwlet organlaryny gaýtalaýan, häkimiýetleriň ideologik ýörelgelerine baş atyp oturan formal häkimiýet şahasy bolup çykýar.

“Hüýpüpik diýilse, wiçjik diýip oturan”, öz işini diňe formal taýdan ýerine ýetirýän, lepbeýçi parlamentiň türkmen jemgyýetinde hiç hili abraýy ýok. Hat-da mekdep okuwçylaram deputatlaryň ýurtda hiç hili rol oýnamaýandygyna düşünýärler. Sebäbi olaryň çözýän meselesi ýok. Häkimiýetleriň ähli talaplarynyň, Mejlisiň deputatlarynyň işiniň netijeli bolmagy üçin prezidentiň edýän gazaply çagyryşlarynyň häzirlikçe berýän peýdasy ýok.

Belki-de isleg ýokdur?

Belki-de, häkimiýetleriň özi deputalaryň, ýokary kanun çykaryjy organyň azda-kände özbaşdak bolmagyny isleýän däldir? Şonuň üçinem makullaýyş, ratifikasiýa prosesi-de Mejlisiň gündelik işindäki beýleki köp sanly proseduralar-da Ministrler Kabinetiniň we prezidentiň kararlaryny ýüzugra goldap oturmak, olary öwmek bilen çäklenýändir.

Parlamentiň ýedinji maslahatynda Türkmenistanyň Mejlisiniň adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak boýunça Komitetiniň başlygy barasynda karar kabul edildi. Komitete Pirnazar Hudaýnazarow başlyk bellendi. Parlamentde şeýle organyň barlygy ajaýyp bir täze fakt! Dabaraly, ady ünsi özüne çekip duran wezipe! Ol örän uly jogapkärçiligi üstüne alýan Komitet. Sebäbi ýurtda adam hukuklary meselesi çözmesi kyn, çylşyrymly hem jogapkärli mesele. Onuň sebäbi düşnükli. Adam hukuklaryny goraýan halkara guramalar Türkmenistany dünýäniň iň repressiw režimleriniň biri diýip atlandyrýarlar.

Eger Mejlisiň özi häzirlikçe barmy – bar, bezeg, göz üçin oturan organ bolsa, täze Komitetiň bu ugurdan edip biljek näme işi bar? Mejlisiň adam hukuklaryny goramak boýunça Komitetiniň başlygy hökmünde Pirnazar Hudaýnazarow barlamak üçin türkmen türmelelerine, tussaghanalaryna baryp bilermi? Adam hukuklary boýunça Türkmenistanyň gol çeken Konwensiýalarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek oňa başardarmy?
Soragy şeýle goýmagyň özem sadalyk, ýöntemlik bolsa gerek.

Türkmen türmelerine baryp görmäge hiç hili rugsat ýok. Adam hukuklary boýunça Komitet häkimiýetler tarapyndan bozulýan adam hukuklary boýunça graždanlardan gowuşýan arza-şikaýatlara seredip bilermi? Jeza berilmeginden gorkman, adamlar arkaýyn gelip, öz arzyny aýdar ýaly ýer bu günki gün Türkmenistanda asla barmy?

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Bu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.