Azeri prezidenti Özbegistana bardy

Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýew 27-nji sentýabrda resmi sapar bilen Özbegistana bardy.
Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýewiň saparynyň dowamynda iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek we çuňlaşdyrmak hem-de, taraplaryň bähbidini hasaba alyp, regiondaky we halkara meýdanyndaky möhüm problemalar maslahatlaşylar. Şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklar bilen baglanyşykly dokumentlere gol çekiler.

Özbek-azeri gatnaşyklarynyň taryhyna syn etsek, özbek we azerbaýjan halklarynyň milli däp-dessurlarynyň, medeniýetiniň, diliniň we dini ynançlarynyň meňzeşdigini bellemeli. Bu ýurtlaryň ikisi-de postsowet döwletleridir. Azerbaýjan 8-10 million töweregi ilaty bilen energetik resurslara baý döwlet.

30-njy ýyllardaky repressiýada müňläp azerbaýjanlylar Özbegistanda özlerine mekan tutdular. Häzirki günde Özbegistanda ýaşaýan Azerbaýjanlaryň sany 40 müň töweregi. Özbegistan bilen Azerbaýjanyň diplomatik gatnaşyklary 1995-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda ýola goýuldy.

Özbegistanly syýasaty öwreniji Kamron Aliýewiň sözlerine görä, Azerbaýjanyň Orsýete, Ýewropa golaý ýerleşendigi üçin ilatynyň syýasy aň düşünjesi we ösüşi Merkezi Aziýa döwletlerinden ýokarrak. Özbegistan türki döwletleriň arasynda Türkiýeden soň iň uly döwlet. Onuň ilat sany hem 30 million töweregi. Merkezi Aziýanyň halklarynyň 50%-i Özbegistanda ýaşaýar. Bu ýurt ykdysadyýeti we senagaty ösen türki döwletleriň biri.

2000-nji ýyllara çenli özbek-azeri gatnaşyklary öwerlik däldi, emma soňky 5-6 ýylyň dowamynda bu iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň gowulaşandygy öňe sürülýär. Kamron Aliýewiň pikiriçe, munuň birinji sebäbi, Özbegistan Azerbaýjanyň içki konfliktlerine goşulmak islemeýändigi, hususan-da, Azerbaýjanyň gatnaşýan GUAM guramasyna Özbegistanyň ilki goşulyp, soňam çykmagy.

“Emma Ylham Aliýew döwlet başyna gelenden soň, özbek-azeri gatnaşyklarynda gowy tarapa özgerişler göze ilip başlady. Muňa Özbegistanyň prezidentiniň Azerbaýjana, Azerbaýjanyň prezidentiniň-de Özbegistana saparlaryny mysal getirmek bolar” diýip, özbegistanly syýasaty öwreniji Kamron Aliýew aýdýar.

Uly zada garaşylanok

Özbegistanly garaşsyz žurnalist Abdurahman Taşanow Aliýewiň Özbegistana saparyndan özbek-azeri gatnaşyklarynda hiç hili özgerişiň bolmajakdygyny aýdýar: “Sebäbi bu iki ýurtda ykdysadyýet awtoritar syýasatyň esasynda gurlan, demokratik reformalar geçirilmeýär. Bu resmi sapar hem her 3-4 ýylda gaýtalanýan resmi saparlaryň biri. Şeýle-de bolsa, duşuşygyň soňunda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga degişli käbir dokumentlere gol çekiler”.

Emma özbegistanly syýasaty öwreniji Iskender Hudaýbergenow bu iki ýurduň arasynda meňzeşlikleriň köpdügini belleýär. "Özbegistan bilen Azerbaýjan öz çig malyny, ýagny gaz bilen nebitini esasan Orsýete satýar. Özbegistanda başga ýol ýok. Şonuň üçin hem bu mesele iki döwletiň döwlet baştutanlarynyň arasynda boljak duşuşykda hökman geňeşiler".

Hudaýbergenow ykdysady taýdan bu duşuşykdan uly zada garaşyp bolmajakdygyny öňe sürýär: “Sebäbi Azerbaýjan baý döwlet däl. Ol donorlyk wezipesini ýerine ýetirip bilmeýär. Özbegistanyň Hytaý we Günbatar bilen gatnaşyklarynyň gowulaşmagynyň ähmiýeti ulurakdyr”.

Käbir syýasaty öwrenijiler Aliýewiň Özbegistanyň prezidentiniň çakylygy boýunça Özbegistana gelmegi – bu ýurtlaryň Merkezi Aziýada bolýan wakalara gyzyklanmasynyň artýandygyny görkezýär. Galybersede, olaryň izolýasiýada ýaşamak syýasatyndan biraz hem bolsa el çekmäge ymtylýandygyny görkezýär.

Kamron Aliýewin pikirine görä, iki prezidentiň duşuşygynda ilkinji nobatda energetika, ýagny nebit we gaz meseleleri, söwda, ykdysady gatnaşyklar, özara hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri gün tertibinde bolar: “Duşuşykda köpçülige aýan edilmejek meseleler hem bolar. Olar Ermenistan meselesi, onsoňam «Nabukko» gazgeçirijisiniň gurluşygy meselesidir. Bu meselede Özbegistanyň hem roly uly. Sebäbi Merkezi Aziýa respublikalary üçin bähbitli proýektler regionyň peýdasyna bolýar.”