Prezidentiň ýanyndaky Döwlet gullukçylary akademiýasynda demografiýa boýunça geçirilen üç günlük seminaryň, eger Türkmenistanda maglumat ýapyklygynda özgeriş bolmasa, düýbünden netijesiz bolmagy mümkin. Elbetde, akademiýanyň diňleýjileri üçin seminar möhüm. Çünki propagandanyň tassyklamagyna görä, ýurt 2012-nji ýylyň ahyrynda geçiriljek ilat ýazuwyna taýýarlanýar.
Ilat ýazuwyny geçirmek üçinem, oňa taýýarlyk prosesi üçinem professional spesialistler gerek bolar. Akademiýanyň diňleýjileri şu wezipäniň hötdesinden gelip biläýjek adamlar. Ýazuw wagtyna çenli häzirki diňleýjiler eýýäm akademiýanyň uçurymlary bolarlar hem Türkmenistanyň täze taryhynda iň jogapkärli demografik aksiýany geçirmekde öz bilimlerini ulanyp bilerler.
Bu ýazuwyň ähmiýetini G.Berdimuhamedowyň özem ençeme gezek aýtdy hem demografik maglumatlaryň halk hojalygynyň köp sanly planlaryny we problemalaryny çözmekde ýardam etjekdigini belledi. Eger türkmen häkimiýetleri demografiýa baradaky maglumatlaryň ýapyklygyny aradan aýyrmasa, bu çynlakaý tassyklamalaram, demografiýa boýunça seminaram suw gysymlan ýaly bolar.
Şu wagta çenli ýurtda ýaşaýan adamlaryň sany baradaky, dogluş hem ölüm baradaky we başga-da köp-köp maglumatlar döwlet syry bolup galýar. Şeýle maglumatlary hasaba almazdan, olary analiz etmezden, dünýäniň ösen döwletlerinde jemgyýetiň ykdysady problemalaram, sosial meselelerem çözülmeýär.
Nyýazow bu meseläni özüçe, öz islegine görä çözüpdi. Ýurt boýunça ähli hakyky maglumatlary öz şahsy syry hasap etdi, statistik sanlary öz peýdasyna isledigiçe öwrüp-çöwürdi. Ine, köp ýyllar bäri Türkmenistanda näçe adamyň ýaşaýandygyny anyk bilýän ýok. Şeýlelikde ilat sany Nyýazowyň isläniçe bolmaly.
Bir gezegem ýakyn wagtlarda ýurduň ilaty 10 million adama ýeter diýildi. Şonda hiç kim, şol sanda Nyýazowyň ýakyn töweregem sanlaryň şeýle oýnadylmagynyň nämelere esaslanýandygyna düşünmedi. Çünki bu aýdylýanlar hakykatdan örän daşdady.
Gaýtalanmasa ýagşy...
Maglumatlaryň ýapyklyk prinsipi Nyýazowdan soňky döwre-de geçdi. Belki, indi bu prinsipden daşlaşmaga ilat ýazuwyny gurnamagyň arkasynda duran, onuň howandary bolan BMG-niň gurluşlary türkmen häkimiýetlerine kömek ederler.
Döwlet gullukçylarynyň akademiýasynda bolan seminary-da BMG-niň spesialistleri gurnadylar. Onuň işine BMG-niň ilatyň ýerleşiş fondunyň eksperti, Orsýetiň Ýokary ykdysady mekdebiniň demografiýa institutynyň direktorynyň orunbasary Mihail Denisenko gatnaşdy.
Seminarda çözülýän meseleleriň çynlakaýdygy proýektiň özünden belli. Onuň ady “Milli syýasaty we ösüş planlaryny işläp düzmek üçin ilat sany baradaky maglumatlary ulanmak”. Praktiki sapaklarda diňleýjiler dünýäniň käbir döwletlerinde demografik ýagdaýy anyklamak hem geljek üçin çaklamalary işläp düzmek bilen meşgullandylar.
Elbetde, olar öz ýurdy barasynda beýle hasaplama eden däldirler, esasy maglumatlar ýapyk bolany üçin hasaplara-da, çaklara-da esas ýok. Türkmen häkimiýetleriniň maglumat syýasatyny liberallaşdyrmaga näderejede taýýardygyny ýakyn wagt görkezer. Doly ýapyklyk şerti ösüşe ters gelýär. Ýa ýokardakylar hiç zady ösdürmek islemeýärmikä?
Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Bu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.