Düýn Gazagystanyň Mangistau oblastynyň resmileri bu oblastyň territoriýasyndan geçýän «Merkezi Aziýa intergaz» truboprowodynyň ugrunda ýüze çykan tehniki näsazlyk sebäpli, türkmen tarapy bilen gepleşik alyp barýandyklaryny mälim etdiler.
Gazak resmileriniň maglumatyna görä, tehniki näsazlyk sebäpli gaz akymynda dörän bökdençligiň netijesinde «MAEK-Kazatomprom» elektrik stansiýasynyň energiýa öndürijiliginiň hem ur-tut pese gaçandygyny aýdýarlar.
Oblast administrasiýasynyň başlygy Krymbek Kuşerbaýewiň sözlerine görä, tebigy gaz ýangyjynyň ýetmezçiligi sebäpli «MAEK-Kazatomprom» stansiýasynyň öndürýän elektrik energiýasy 470 megawatdan 75 megawata düşüpdir.
Ýöne gaz geçirijiniň ugrunda ýüze çykan bu näsazlygyň nähili näsazlykdygy barada anyk maglumat alynmady.