Köp gezek mahabatlandyrylan Türkmenistanyň BMG bilen özara gatnaşyklarynyň strategiýasynda adam hukuklary meselesine uly orun berilýär.
Adam hukuklary barada timarlanyp ýazylan materiallary okasaň, gürrüň Şwesiýa ýa Kanada barada barýandyr öýdýärsiň, adam hukuklaryny goraýan we hökümete degişli däl guramalar tarapyndan köp ýyllar bäri dünýäniň iň repressiw režimleriniň biri hasap edilýän Türkmenistan barada gürrüň gidýändir diýip, pikirem etmeýärsiň.
Mysal üçin, türkmen tarapynyň badyhowalyk bilen aýdýan hem gaýtalaýan bir beýannamasyndan sitata getireliň: “BMG-niň adam hukuklary boýunça esasy Konwensiýalaryna gatnaşyjy hökmünde Türkmenistan milli derejede onuň şertlerini ýerine ýetirýär. Şu ugurdaky açyklyk hem aýdyňlyk Türkmenistanyň öz halkara borçlaryny ýerine ýetirýändigi baradaky dokladlarda öz beýanyny tapýar”.
Iki zat syzylyp çykýar
Bu tassyklamadan hiç bolmanda göz-görtele iki zat syzylyp çykýar: ýa türkmen häkimiýetleri hemme zat özünden-özi bolar gider öýdýärler ýa-da türkmen häkimiýetleriniň adam hukuklaryna düşünişi halkara demokratik standartlardan tapawutly, oňa gabat gelmeýär.
Tutuş dünýä aýan bolan Türkmenistanyň ýapyklygy esasy adam hukuklarynyň biriniň – adamlaryň erkin ondan-oňa baryp-gelmek hukugynyň doly äsgermezlik edilýändigini görkezýär. 62 ýyl mundan öň kabul edilen BMG-niň adam hukuklary baradaky Jarnamasynda “Adam öz islegine görä ýurdundan gidibem, oňa gaýdyp gelibem biler” diýilýär.
Ýöne Türkmenistanda ýurtdan çykmak hem ýurda gelmek düzgünleri Jarnamada aýdylýanlara gös-göni ters gelýär. Prezidentiň özünden hem ýakyn töweregindäkilerden başga ýekeje adam-da, ýörite gulluklaryň rugsady bolmasa ýa-da garşy çyksalar, öz islegi bilen ýurdy terk edip bilmeýär.
Ondanam başga rugsat almagyň uly kynçylyklary bar. Islendik adama sebäbini düşündirmezden, daşary ýurda çykmak häli-şindi gadagan edilip bilinýär. Munuň ýaly berkden-berk ýapyklyk postsowet döwletleriniň hiç birinde ýok. Başga sözler bilen aýdylmaly bolsa, Türkmenistanda her sagat, her gün BMG-niň Adam hukuklary boýunça ählumumy jarnamasynyň hereket azatlygy baradaky maddasy bozulýar.
Ýekeje madda däl
Eýse, bozulýan diňe ýekeje maddamy? Prinsipde bu hukuk bozulmalaryndan türkmen ýolbaşçylarynyň bihabardygyny göz öňüne getirmegem kyn. Näme üçin türkmen propagandasy “Türkmenistan BMG-niň Adam hukuklary boýunça esasy Konwensiýalaryna gatnaşyjy” diýip tassyklamagyny dowam etdirýär? Belki, bu göze görnüp duran galplyga, ýalana ýurduň içinde bolşy ýaly daşynda-da göz ýumarlar, çydarlar diýip çaklaýandyrlar.
Munuň ýaly oýunlary Türkmenistanyň graždanlary şu gün görmeli däl. Beýle goşa standartlar baryp-ha sowet eýýamynda ynamdan gaçan ýörelge. Häzirem oňa hiç kes ynanmasa gerek. Halkara jemgyýetçilik pikiri bilen munuň ýaly oýunlar garaşylýan netijäni bermez. Tersine, häkimiýetleriň özi üçin ýakymsyzlyga öwrülmegi mümkin.
Häzirki Türkmenistanyň özüni izolýasiýada saklaýan şertinde ykdysadyýeti ösdürmek mümkin däl. Her zadam bolsa döwlet ýolbaşçylary daşarky dünýä çykmaly, ýöne şonda olar şübhe, ynamsyzlyk bilen garşylanar. Türkmenleriň aýdyşy ýaly: iňňe bilen guýy gazyp bilmersiň.
Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Bu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.