Berdimuhamedow BMG-de çykyş etdi

20-nji sentýabrda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş assambleýasynyň 65-nji sessiýasynda çykyş etdi.

20-nji sentýabrda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş assambleýasynyň 65-nji sessiýasynda çykyş etdi. Nýu Ýorkda geçýän bu çäre 14-nji sentýabrda açyldy.
BMG-niň Baş assambleýasy ähli agza döwletleriň wekillerinden düzülýär we guramanyň esasy maslahat ediji organy bolup durýar. Onuň gün tertibinde dürli meselelere, şol sanda ykdysady we sosial ösüş problemalaryna garalýar.

BMG-niň Baş assambleýasynyň çäginde 20-22-nji sentýabr aralygynda BMG-niň Müňýyllygyň ösüş maksatlaryna bagyşlanan sammiti we yz ýany, 23-30-nji sentýabr aralygynda, umumy syýasy diskussiýalar geçiriler. BMG-niň baş sekretary Ban Ki-munuň sözlerine görä, bu çärelere 139 ýurduň döwlet we hökümet baştutanlary gatnaşarlar.

20-nji sentýabrda BMG-niň Baş assambleýasynyň sammitinde Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow hem çykyş etdi. Ol özüniň çykyşynda ýurduň ileri tutýan inisiatiwalaryny mälim etdi. Hususan-da, ýurduň daşarky we içerki syýasy, energiýa we ykdysady maksatlary mälim edilip, diplomatiýa we halkara hyzmatdaşlygyna garaýyşlary beýan edildi.

Nýu Ýorka saparynyň dowamynda G.Berdimuhamedowyň ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmegine hem garaşylýar. Türkmen metbugatynyň habaryna görä, 20-nji sentýabrda türkmen prezidenti BMG-niň baş sekretary Ban Ki-mun bilen duşuşar. Şeýle-de BMG-niň birnäçe ýokary derejeli wekilleri, döwlet baştutanlary, syýasy hem biznes wekilleri bilen hem ikitaraplaýyn gepleşikler geçiriler.

G.Berdimuhamedowyň amerikan resmileri bilen hem duşuşmagyna garaşylýar. Bu barada ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat wekili Willýam Stiwens Azatlyk Radiosyna aýtdy, emma ol duşuşyklaryň kim bilen we haçan boljagyny takyklamady. Onuň sözlerine görä, amerikan tarapy türkmen delegasiýasy bilen bilelikde G.Berdimuhamedowyň gün tertibiniň üstünde işlemegini heniz dowam etdirýär.

Türkmenistanyň prezidentiniň BMG-niň Baş assambleýasynyň 65-nji sessiýasynda eden çykyşy esasan energiýa tranziti meselelerine degişli boly. Prezidentiň Nýu Ýorkdaky syýasy we biznes gepleşikleriniň esasy ugrunyň hem ýurduň ykdysady we energiýa gatnaşyklaryny giňeltmek maksatlaryna bagly boljagyny bilermenler çak edýärler.

Ilkinji nobatda nebit-gaz

Merkezi Aziýa boýunça bilermen, syýasaty öwreniji Aždar Gurdowyň pikirine görä, türkmen tarapy daşarky ýaranlaryna Türkmenistana iri maýa goýumlaryny ýatyrmak teklibi bilen ýüzlener, bu ilkinji nobatda-da ýurduň nebit-gaz pudagyna degişli bolar.

Soňky döwürde Türkmenistan energiýa pudagynda amerikan kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyny giňeldýär. Geçen aýda Türkmenistanyň Hazar deňzindäki nebit-gaz ýataklaryny özleşdirmek üçin saýlanan daşary ýurt kompaniýalarynyň arasynda ABŞ-nyň "Chevron" we "ConocoPhilips" kompaniýalary hökümet derejesinde agzaldy.

Aždar Gurdowyň bellemegine görä, ykdysady we energiýa hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň daşary syýasatynyň iň güýçli depginde giňelýän tarapydyr. “Türkmenistanyň adam hukuklaryna we demokratik ösüşe degişli kemçiliklerine garamazdan, ykdysady bähbitler şu günki gün üstün çykyp gelýär” diýip, A.Gurdow belleýär.

A.Gurdowyň pikirine görä, Günbatar döwletleri, şol sanda ABŞ bilen ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmegi Türkmenistana onuň beýleki esasy hyzmatdaşlarynyň, şol sanda Orsýetiň täsirini çäklendirmäge mümkinçilik berýär. “Köp ugurly hyzmatdaşlyk bolsa söwda-ykdysady ýaranlygy durnuklaşdyrýar”.

Türkmen metbugatynyň habarlaryna görä, Nýu Ýorkdaky duşuşyklaryň çäginde G.Berdimuhamedow ABŞ-nyň “Chevron” kompaniýasynyň baştutany Jeýms Praýor we BMG-niň sekretariatynyň ykdysady we sosial meseleler boýunça departamentiniň regionara geňeşçisi Alekseý Tihomirow bilen hem gepleşik geçirdi.

G.Berdimuhamedowyň Nýu Ýorka edýän häzirki sapary onuň Türkmenistanyň prezidenti hökmünde bu şähere üçünji gezek wizitidir. Ol 2007-nji ýylda we 2009-njy ýylda hem baş edarasy Nýu Ýorkda ýerleşýän BMG-niň Baş assambleýasynyň sessiýalaryna gatnaşypdy. Türkmenistan 2009-njy ýylda geçirilen BMG-niň Baş assambleýasynyň 64-nji sessiýasyna wise-prezidentlik edipdi.